Joe Navarro “Beden dili” kitabyny 4 günde okap dyndym.

Aslyn 1 günde okalyp gutaryp hem bolýar bu kitaby ýöne peýdasy uly bolan kitabyñ her bir setirini iki üç gezek okap ýatda saklap we aýna seredip öwrenip 4 günde dynyp bildim.

Mende galdyran täsiri uly,gyzyklanyp okamagyma sebäp boldy. Durmuşta ulanyp biljek maglumatlarymyzdan doly biz käwagtlar adamlary içgin tanamak olaryñ düşünjelerini okamak isleýäs has hem biz(men) hakynda bolan düşünjelerini. Çagakam şeyle pikirim bardy "äýnegim bolsady ve şony dakynyp adamlaryñ men hakyndaky pikirleriniñ nähilidigini bilmek isleýärdim ýagny ony dakanymda gowy pikir edýän bolsa ýaşyl ýanmagyny erwet pikir edýän bolsa gyzyl ýanmagyny " havva muny men häzir häzir hem isleýän:D .

Yöne edil äynek alynmasamam alynan ýaly boldum Sebäbi bu kitap köp zady öwretdi.Sözsüz beden hereketlerinden adamlary tanamak. Olaryñ edýän hereketlerinden näme düşinýändiklerini tolgunýarmy begenýärmi , gynanýarmy, streslimi,ýalan sözleýärmi şolary okamany öwredýär. Meselem biz köpçüligin içine girýäs isle tanyş bolsun isle nätanyş bolsun otyran adamlar şol adamlaryñ edýän gürrüñlerine goşulanymyzda otyran adamlar muña nähili garaýar señ gürrüñe goşulmagyñy isleýärmi islemeýärmi?


●Adamyñ bedeninde dogrysyny aytýan yeri haýsy yeri ?(meselem el,aýak,ýüz,garyn) pikirleniñ!?

●Adam ýalan sözlande nähili hereketler edýär?
●Adamyñ iñ köp ýalan sözleyan ýeri haýsy ýeri?
●Adamlar siziñ gürrüñiñizi nähili diñleýär?
●Adamlar bilen ilki tanyşanyñyzda niresine üns beryañiz ?(ilki niresine seretýäñiz)
●Garşyñyzda otyran adamyñ yalan sözlap sözlemeýandigini nädip bilersiñiz?

●Garşyñyzda duran adam gülen mahaly ýürekden gülýärmi ýa-da ýalandan?

Kitabyñ yazary Joe bir FBI dedektivi (ajan) ve öz bu işinde soraga çekilýän adamlaryñ sözlerine dälde hereketlerine,özüni alyp baryşyna üns berip birnäçe dawalary çözen.
Kitap adyndan belli bolyşy ýaly birnäçe beden agzalarynyñ hereketleriniñ suratlary ve bolup geçen wakalardan ybarat. Has-da hem biziñ beden hereketlerini öwrenmegimiz üçin maslahatlardan doly.

Eger kitaby okamak isleseñiz türkçe formatda bar https://cloud.mail.ru/public/Dz2t/ALhDfj3jY Türkçe düşünmeyan bolsanyz kitabyñ yazaryny ve kitabyñ adyny iñlisçe yazyp internetden gözledip tapyp bilersiñiz. Gözleýan tapar!

)