Ýaş suratkeşleriň joşguny

InAshgabat News
Oct 6, 2019 · 1 min read

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýet we sungat ulgamy ösüşlere eýe bolýar. Milletimiziň ruhy gymmatlyklaryna öwrülen çeperçilik taýdan kämil sungat eserleriniň döredilmegi, gözel paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynda dünyä ülňülerine laýyk gelýän we medeni maksatly binalaryň yzygiderli gurulmagy we ulanylmaga berilmegi, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da gülläp ösmegine, onuň milli öwüşgünleriniň zemin içre giňden ýol açmagyna ýetirdi . Sungat jadyly dünýä. Türkmenistan Rowaçlygyň watany ýylynda asuda diýarymyzda, ýurdumuzda günsaýyn medeniýet we sungat çäreleri geçirilyär .

Erkana watanymyzda ajýyp watanmyzy wasp edýän sergiler gurnalýar , ol sergileriň biri hem 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda “Ýaş suratkeşleriň joşguny’’ ady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlan uçurumlar gatnaşdylar. Olar Hojayew Annadurdy, Torayew Çingiz, Ýeňiş Ýagşymyradow, Nazarow Meýlis, Batyrow Nurberdi, Nuryýew Baýram dagylar döredijilik işleri bilen taslamalaryny hödürlediler. “Ýaş suratkeşleriň joşguny” atly sergini synlamaga Ýurdumuzuň birnäçe künjeklerinden adamlar gatnaşdylar. Uçurymlar 72 sany nakgaş eserlerini halka ýetirdiler. Sergide ýokary okuw mekdebiniň halypa mugallymlar çykyş etdiler, gutlag sözleri aýdyldy. Sergä gatnaşyjy uçurymlara sungat äleminde uly üstünlikler arzuw edildi.

Güneşli diýarymyzda ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!


Originally published at http://ashgabat.in.

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade