Ýene bir üstünligiň buşlugy

InAshgabat News
Oct 6, 2019 · 2 min read

Şu ýylyň Sentýabr aýynyň 22–24-i aralygynda Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetinde “Talyplaryň arasyndaky matematika dersi boýunça Super final Internet Olimpiýadasy” geçirildi. Bu olimpiýada jemi 15 ýurtdan 100-e golaý talyp, 23 topar we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 15 talyp gatnaşdylar. Olimpiýadanyň ilkinji güni şahsy birinjilik ugrynda bolup, ikinji güni toparlaýyn görnüşde geçirildi. Şahsy birinjilikde Halkara ynsanperwer ylymary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet hünäriniň 3 ýyl talyby Perman Iljanow 1 derejeli diplom bilen altyn medala mynasyp boldy. Şol bir sanda, Göwher Şükürowa Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyndan, Ramazan Bahtiýarow we Hamidbek Hajiýew Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary 1-nji derejeli diplom bilen altyn medala mynasyp boldular. Beýleki ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplary hem, Jepbar Asgarow Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby 1-nji derejeli diplom bilen kümüş medala eýe boldy. Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary Döwran Nurgeldiýew we Murat Çaşemow 1-nji derejeli diplom bilen bürünç we kümüş medala mynasyp boldylar. Mekan Hojaýew Türkemenistanyň döwlet energetike institutynyň talyby, Seýitmuhammet Şamyradow Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby we Akmyrat Tirkeşow Türkmeistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby 2-nji derejeli diploma mynasyp boldylar. Daşoguz türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Resulberdi Annamuhammedow 3-nji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy. Şeýlelikde toparlaýyn görnüşde Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2-nji orny eýeläp, kümüş medalyň eýesi boldy. Bu toparyň agzalary hem Perman Iljanow, Mekan Hojaýew, Jepbar Asgarow we Seýitmuhammet Şamyradowdyr.

Aýşirin Alyýewa
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň 3 ýyl talyby


Originally published at http://ashgabat.in.

More From Medium

Top on Medium

Top on Medium

Will Oremus
Feb 25 · 22 min read

1.2K

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade