“Malaýziýada ýokary okuw” temaly açyk sapaklar geçirildi

InAshgabat News
Nov 16, 2019 · 2 min read

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda 2019-njy ýylyň 14–15-nji noýabrynda geçiriljek “Bilim we sport berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we maslahata gatnaşmaga gelen Malaýziýa döwletinden gelen wekiller mekdep okuwçylary we isleg bildirýän raýatlar üçin açyk sapaklar berdiler.

Edu Geek Consulting maslahat beriji edaranyň guramagynda öz uniwersitetleriniň marketing boýunça direktorlary Seritheren Subramaniam ( Multimedia Uniwesiteti), Cheryl Lee ( Kuala Lumpur Infrastructure Uniwersiteti) we Lee Jun Hou ( Segi Uniwersiteti we kollejleri) çykyş etdiler.

Duşuşyklar TSTB-nyň Telekeçiler mekdebinde, “Dana” bilim merkezinde we “Gujurly Nesil” okuw merkezi nde geçirildi.

Duşuşyklarda Malaýziýada ýaşaýyş-durmuş şertleri, howa we geografiki ýagdaýlary, ýokary bilim ulgamy barada maglumatlar berildi.

EDUGEEK Consultants kärhanasynyň wekili Mohanraj Thangarajan: “Men birnäçe ýyl bäri Türkmenistana gelýärin. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli pudaklarda günsaýyn ösýär. Bilim ulgamynda-da iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyklar öz miwelerini berýär. Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlap, öz ýurduna gelip zähmet çekýändiklerini, ýurduň ykdysadyýetine işjeň goşant goşýandyklaryny görmek bizi buýsandyrýar. EDUGEEK Consultants maslahat beriji kärhanamyz Malaýziýada bilim almak isleýän islendik türkmenistanly raýatlara üçin tölegsiz maslahat hyzmatlaryny hödürleýär. Hyzmatdaşlyk edýän uniwersitetlerimiz we kollejlerimiz dalaşgärleriň islegleri esasynda saýlamaga mümkinçilik berýär. Geçirilýän halkara serginiň öňüsyrasynda mekdep okuwçylary bilen bolan duşuşyklarymyzda biz örän uly seslenme aldyk. 14–15-nji noýabrda hemme isleg bildirýänleri sergi nokatlarymyza çagyrýarys.”

EDUGEEK Consultants kärhanasynyň tölegsiz maslahat hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin habarlaşyp bilersiňiz:
www.edu-geek.info
+60126778929
+99361975923
mohan@edu-geek.info
nazar@edu-geek.info


Originally published at http://ashgabat.in.

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade