“Klub 27”-niň ne belli bir ýeri bar, ne-de bileti. Bu klub, esasan, sungat adamlarynyň girýän, hakykatda bolmadyk klubynyň ady. Bu kluba girýänler yzyna çykyp bilmeýärler. Bu kluba girmek üçin ýekeje bilet gerek, ol bilet hem biriniň jany. “Klub 27” sungat adamlaryny öz içine alýan, sungat söýerler tarapyndan döredilen hyýaly klubdyr…