Obadaky şetdaly agajy

Dovletogly
Nov 4 · 4 min read

Çaga wagtym tomus üç aýlyk kanikuly mydama babamlaryň ýanynda geçirýärdim. Bir näçe gektarlyk ýerleri bardy we pomidor, hyýar, kelem ekmeli bolsa kömekleşýärdim. Goýun we mallara-da bakmaga kömekleşmeli bolýardym. Elbetde diňe iş däldi, oýun hem oýnaýardyk we alma, injir we şetdaly ýaly miweleri hem göni agajyndan alyp iýýärdik. Kömekleşenim üçin käte sowgat berýärdiler. Bugün gowy işlediň, halalladyň diýip egin-eşik, pul, ýa-da kitap sowgat berýärdiler. Kömekleşýärkäm babamyň gürrüň beren hekaýalaryny henizem unudamok. Şol hekaýalar mende ylym öwrenmek höwesini oýandyrdy. Ibn Sinalary, Birunileri babamyň hekaýalary bilen tanadym. Daşary ýurda gidip okuw okamaly, mekdepden soňra gerek bolsa 20–30 ýyllap öýlenmän diňe ylym öwrenmeli diýen düşünjeleri hem bu hekaýalardan öwrendim.

20 ýyl geçdi we henizem ylym öwrenýän. Daşary ýurtda iň köpem ene-atamy, babam-mamamlary, dogan-garyndaşlary küýseýän. Uly maşgalada ulalanym üçindir belki, Kanadadaky ýalňyzlyk maňa gaty agyr gelýär. Çünki babam-mamam we ähli garyndaşlarym, ýagny uly maşgalaň arasynda ýaşaýyş has stabil dowam edýärdi we özümi ýalňyz duýamokdym. Ýaşulylaryň tejribesinden öwrenip özümi has ynamly duýýardym, gelejege has ynamly seredýärdim. Elbetde bu komforyň öz bahasy bar. Ilki bilen şahsy erkinligiňden pida etmeli bolýaň. Okajak ugur saýlaňda, işlände, ýa-da öýlenjek bolaňda hemişe tutuş maşgala bilen bile karar bermeli bolýaň.

Aslynda bärik gelmäkäm, ýalňyzlyga juda höwes edýärdim. Uly bir şäherde öz kwartiraňda ýalňyz ýaşamak örän gyzykly görünýärdi. Şu wagt bolsa obany we uly maşgalaň arasynda ýaşamagy küýseýän. Iýýän çöregiň tagamy ýok. Elbetde dostlaryň bolýar. Ýöne hijisi şol maşgalaň ornuny dolduryp bilenok. Meselem bir ene rehminiň ornuny dolduryp biljek duýgy ýok. “Jorabyňy geý, aýagyň üşär” diýişini hem küýseýäň.

Surat çeşme: http://www.canada.com/life/video+census+shows+canada+aging+population+putting+demands+government+business/6694512/story.html

Durmuş hiç haçan ideal bolanok. Uly maşgalada ýaşaýarkaň ýalňyzlygy höwes edýäň. Ýalňyz ýaşap ýörkäň maşgala we dogan-garyndaşlary küýseýäň. Ortasy barmy bilemok. Ýöne ikisiniň arasynda hökman bir warianty saýlamaly bolsa, edil şu wagt ilkinjini saýlardym. Şeýle düşündireýin, bir ýurda ilk baran wagtym gören ýagdaýymyň bir sosiolog hökmünde aýratyn bir manysy bar. Kanada ilk gelemde daş töwerekde ýalňyz ýaşaýan köp garry adamlar gördüm. O günden bäri hem diňe ýalňyzlyk görýän. We bu ýagdaý meni gaty birahat edýär. Bu ýalňyzlygy duýmajak bolup köplenç barlara kafelere gidýäs diýipdi biri. Ýa-da kinoteatr, ýa-da başga bir programmalara gatnaşýalar.

Ekonomiki krizis sözünden gaty gorkýalar, çünki ekonomiki işleriň ählisi guramalara, banklara bagly. Dostuňdan, garyndaşyňdan kömek garaşyp bolanok. 2008-nji ýyldaky uly krizisden soňra häzirki ýaş nesil hasam gorkak bolupdyr. We alternatiw çözgütler gözleýäler. Ünsümi çeken çözgütler köplenç lokal kollektiwny gatnaşyklary güýçlendirmäge esaslanýar. Ýagny goňşyçylyk gatnaşyklaryny. Şäherleşme netijesinde ejizlän gatnaşyklary täzeden güýçlendirmegiň aladasyny edýäler. 19-njy asyryň soňunda Ýewropa medeniýetiniň ýolundan daşlaşyp bulaşyp başlandygyny hem pikir edýänleri bar. Bu diýýänlerim konserwatiw garaýyşly ýaşlar däl, tersine progressiw seredýän, bilimli ýaşlaryň arasyndaky käbir pikirler. Amerikanyň we dünýäniň innowasiýa paýtagty Silikon Walleydeki adamlaryň arasynda hem şeýle lokal gatnaşyklary güýçlendirmeli diýilen düşünjeler bar.

Emma göçe-göçlük netijesinde köp obalarda hem garyndaş we goňşy gatnaşyklary ejizläp barýar. Bu adamlar baran ýerlerinde gaty arkaýyn we hezil edip ýaşaýandyrlar öýdýän bolsaňyz adamy tanamansyňyz. Ähli işleri öz ugruna bolsa-da barybyr ýalňyzlyk duýýalar. Ýalňyzlyk içinde durmuşynda bir many gözläp, boşlugy doldurmak üçin üýtgeşik çözgütleri synanşýalar we synanyşarlar. Garaz, maşgalanyň, garyndaşlaryň, we uly maşgalanyň hem özüne görä durmuşda gaty gerekli we peýdaly ýerleri bar. Şahsy erkinlik bilen ähli meseleler çözüler öýtmäň. Şahsy erkinlik ähli adamlar üçin pikirde erkinlik, ýa-da şahsy kämillik getirenok. Çünki durmuşda hemme kim filosof ýaly hakykaty gözläp ýaşanok.

Surat çeşme: http://vestnikkavkaza.net/articles/Migration-destroys-family-values.html

Adamlaryň aglabasy diňe maşgalasy bilen stabilny we parahat bir durmuş ýaşamak isleýär. Toý edesi gelýär, çagasyny gowy bir mekdebe ugradyp, kesel bolanda ynamly bir doktoryň bolmagyny isleýär. Durnukly bir işiniň we girdesiniň bolmagyny isleýär. Şu iň esasy zerurlyklar bolsa özüni bagtly duýýar. Harvard Uniwersitetinde 80 ýyldan köp wagt dowam eden bir ylmy işiň netijesine görä, iň bagtly adamlar maşgala, goňşy, we dost garyndaşlary bilen gatnaşygy güýçli bolan adamlar ekeni. Ýagny güýçli bir kollektiwiň içinde ýaşaýan adamlar has bagtly we uzak ýaşaýalar. (Çeşme) Bu ylmy işiň netijesi bize hem öz durmuşymyzda, hem jemgyýet barada iň esasy meseleleri düşündirýär. Garaz köpçülik üçin ýörgünli boljak çözgütler gözlenen wagty intellektuallara mahsus bolan prinsipler bilen pikir etmeli däl. Tutuş halkdan intellektuallyk garaşyp bolanok.

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade