
SÖÝGÜLI…
Mañlaýmy, kysmatmy bilemok, yöne bir zat boluba tapyşdyk señ bilen. Soñky döwür aramyzda şeýle zatlar boldy welin, indi bedenimiñ ähli ýerinde seni duýýan. Seni unutmak üçin herhili zatlar etdim. Seni unutmak üçin bütün gün ýatsamam, barybir turamda ýenede sen aklymda.
Seni beýlekilere näçe bildirmejek boldugumça, beýlekiler seni has gowy görýärler. Seni unutmagym üçin herkim bir maslahat berýär. Şonda-da, bilemok, ÝA SENI UNUDASYM GELMEÝÄNLIGINDENMI, diñe öz isleýänimi etýän.
Käwagtlar señ ýüzüñden gözlerim ýaşdan dolýar. Ýaşdan ýaña gözlerim dym-gyzyl.
Aklymdalygyñdan ýaña hiç zat edesim gelenok. Belkide señ ýüzüñden hassahana düşüp sagaman çykýançam aklymdan, bedenimden gidesiñ ýok. Oñada razy, yöne indiki ýyl bir gelme, SÖÝGÜLI KESELIM.
