Eger-de dil ýitirim bolsa!?

Maori jemgyýeti takmynan 1300-nji ýyllarda gündogar Polyneziýa (Eastern Polynesia) adalaryndan Täze Zelandiýa ( New Zealand) göçüp gelen halk bolup, ol ýeriň ýerli ilatyna öwrülendirler we olaryň gepleşik diline hem Maori diýilýär. Maori — häzirki wagta täze Zelandiýanyň esasy üç diliniň biri bolmak bilen, soňky 200 ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýitip ýok bolma howpy abanýar. XIX asyryň başlarynda Maori dili taze Zelandiýanyň esasy gepleşik dili bolupdyr. Täze Zelandiýa, iňlis dilinde gürleýänleriň göçüp gelmegi netijesinde, Maori jemgyýetiniň medenýetine we diline howp abanyp başlaýar. XX asyryň ortalaryna bu diliň kem-kemden ölýänligi mälim bolupdy.

1800-nji ýyllaryň başlarynda Maori dili hemmeleriň düşünişýän dili bolupdyr. Ýewropa ýurtlaryndan göçüp gelýän ilatyň köpelmegi bilen iňlis dilinde gepleýänleriň sany barha artýar we wagtyň geçmegi bilen, Maori diliniň ýitmek howpy has-da ýokarlanýar. Pakeha (Ýewropadan gelen we iňlis dilinde gürleýänler üçin Maori sözi) jemgyýeti Maori jemgyýetinden aýrylyp ugraýar we Maori dili resmi ýagdaýda gepleşik dilinden düýpli aýrylýar. Mekdeplerde, iş ýerlerinde, umuman, köpçülük ýerlerinde gürlemek düýbünden gadagan edilýär. Maori jemgyýetiniň ýaşlary has uly jemgyýete goşulmaly bolýarlar. Garrylaryň öz dillerinde gürleýänleri üçin jezalandyrylypdyr. Köp maşgalalar öz çagalarynyň iňlis dilini öwretmäge mejbur bolýarlar we çagalaryny öz Maori medenýetinden, dilinden uzakda saklaýarlar. Iňlis dilinde gürleýän Maori halky köpelip başlaýar.

Ýöne iňlis dilinde gürlemegiň täsiri näçe uly bolsada Maori dili özüniň ýitip ýok bolmagyna boýun bolmaýar. 2-nji jahan urşundan öň, Maori ilatynyň köp bölegi, öz öýlerinde Maori dilinde gürleýärler we ol dili çagalarynada öwredýärler we Maori diliniň ölmezligini gazanýarlar.

2-nji jahan urşy , Maori jemýyýetine üýtgeşmeler getirýär. Urşuň bolmagy bilen şäherlerde iş ýerleri köpelýär we Maoriler merkezileşen ýerlere göçüp başlaýalar. Uruşdan öň olaryň 75% şäherlerden uzakda ýaşapdyrlar. Jahan urşy gutarnyndan 20 ýyl töweregi soň, Maori ilatynyň 60% şäherleşen ýerlerde ýaşap başlaýar.

Iňlis dili mekdepde, işde we jemgyýetçilik ýerlerinde gepleşik dili bolup durýar we täze Maori nesli öz dilini asla eştmeýär we Maori şuwagt iň howp abanýan dilleriň biri bolup durýar. Maori halkynyň bary ýogy 20% öz dillerinde gürläp bilýärler. Merkezde ýaşaýan halk öz dilini we medenýetini düýpli ýitirýär. Käbir adamlar öz däp-dessurlaryny (toý, ýas) ýitimezlik we çagalaryna öwretmek üçin öz öýlerinde dowam etdirjek bolsa-da, bu olara aňsat düşenok.

1970-nji ýyllardan başlap Maori diliniň ýitip ýok bolmak howpy has görnetin ýagdaýa gelýär. Jemgyýetiň baştutanlary dilleriniň ölmezligi ugrunda herekete geçýärler. 1987-nji ýylda belli derejedäki ylalaşyga görä, Maori dili Täze Zelandiýanyň resmi dili hökmünde kabul edilýär. Birnäçe institutlar diliň täzeden dikeldilmegi üçin häzir hem işleýär. Emma uzak wagtlap gürlemegi gadagan edilen diliň yzyna gaýtarylyp alynmagy üçin köp wagt gerek bolar.

Edil şeýle ýagdaý diňe bir Maori dili bilen bolan ýagdaý däl. Geçen asyrlaryň basybalyjylykly söweşlerinde birnäçe gezek gaýtalanan we häzir hem täsiri dowam edip gelýän başga diller we medenýetler hem bar. Meselem Taýiti ( Tahiti) dili hem şeýle ýagdaýy başdan geçiren dilleriň biri. Fransiýanyň gol astynda bolan Taýiti adalary öz dilleriniň mekdeplerde öwredilmegi ugrunda birnäçe ýyllap göreşýärler.

Hiçbir millet, halk, jymgyýet öz diliniň ýitip ýok bolmagy bilen aňsat ylalaşmaýar. Öz diliniň ýaşamagyny gazanmak ugrunda göreşýär. 70 ýyllap Rus jemgyýetiniň gol astynda bolan Türkmen halkynyň dili bolan türkmen dili hem örän galagoply ýagdaýlara sezewar boldy. Häzir hem gepleşik dilinde birnäçe sözler rus dilinde aýdylýar. Türkmen dilini özleşdirmek işleri heniz hem alnyp barylýar.