2015-den galanlar… 

Ýylyň ahyrlaryny gaty halaýan. Töwerk-daşyň ýylyň jemlenen görkezijileri bilen dolýar. Her sektordakylar özleriniň başarjaňlaryny saýlap sowgat beren bolýarlar. Menem 2015 barada umumyrak ýazgy galdyraýjak.

Bu ýyl internet innowasiýasyny we marka bazaryny ýakyndan yzarladym. Dogry, internet innowasiýasy barada ýazjak ýazgymy şumat ýazjak bolýan umumy ýazgyma sygdyrmana synanyşmak, innowasiýa taslamalaryna sylaşyksyzlyk bolar.

Sosial medýada wideonyň ysy bar…

Instagram, Twitter, Facebook-yň gysga wideolar paýlaşmaga mümkünçilik döretmeginden aňşarandyrys, bize wideoly sosial medýa garaşýar. Periscope, Scorp ýaly priloženiýalar bu özgerişden uly gazanç edenler.

Türkmen twitosferasynda iň jedelli mesele “Mary näme üçin Gökdepä gelmedi?!” we “Galyň gymmat” mowzuklary boldy öýdýän. :)

Tehnologiýada bolanlar…

2015-de üns çeken tehnologiýalar: sürüjüsiz awtoulaglar, 3D printirler, Drone-lar. Bular öňümizdäki ýyllarda gündelik durmuşymyza aralaşjakdygy anyk, sebäbi aýak aldygyna tejribe geçirýärler.

Galyberse-de, Iphone we Samsung mobil seriýasynyň dowamyny mobil bazara çykardy. Ýöne bular eýýäm biziň garaşýan zatlarymyzdy.

ÝYLYŇ ÝYLDYZLARY

Ýylyň dowamynda ünsümi çeken, ähmiýetli işleri bitirenleri ýyldyz saýlamsak bolmaz.

Ýylyň aýdymçysy: Hajy

Ol Hajy. Adyny eşiden badymyza Ýazmämmedowdygyny hemmämiz bilýäris. Toýlarda aýdylýan aýdymlaryň belli bir modasy bolýar. Ana şo modany dekoratsiýa edýän Hajy. Toýlarda täze aýdym aýdylmaga başladymy, diýmek Hajy täze albom çykarandyr. Hajy aýdym çykarar, hemme şony aýdar. Ençeme ýyldyr bu kär bilen meşgullanýar, bu kärde ýaşyulyrak hem bolsa döwre aýak uýdurup bilýär. Rotany Hajy belleýär.

Ýylyň futbolçysy: Serdar Azmun

Talantly tälimçileriň bir harakteri bar: Haýsy toparyň başyna geçse öz şägirtlerinem ýany bilen alyp gidýär. Ine-de Gurban Berdiýewiň Rubin kazanda şägirdi bolan Eýranly Türkmen Serdar Azmun, Gurban aga bilen ýolyny Rostowda dowam edýär. Türkmende ulyň aýdylany edilse gowy. Gurban aga oňa Rostowa gel diýdi, geldi.

2020 Futbol Çempionaty üçin bolan Türkmenistan-Eýran duşuşygynda bize gol urup gynandyrsa-da, yz ýany bilen begendirdi. Eýranyň sport gazetinde Türkmenleri äsgermezçilik edilen habary Serdar ýazgaryp, gazete ötünç soratmagy başardy. Topy hemme oýnar, topyň ýok ýrinde-de görelde bolup biljek sportsmenler gerek bize…

Ýylyň kinofilmi:

Dogrymy aýtsam meniň üçin kinofilmler iki topara bölünýär: The God Father we beýlekiler. Film kulturam gaty giňem däl, şonda-da bu ýylyň kinosy haýsy diýip sorasaňyz “The Man from UNCLE” diýerdim. Näme diýseňem içaly, dedektif temaly kinolar beýlekilerden saýlanyberýär. Sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýöne ýigrenen kinom hem boldy: Will Smithiň “Focus”-y. Will Smithden beýle biderek filme garaşamokdym, ýa-da men düşünmedim şol filme.

Ýylyň adamy: Elon Musk

Düzgün we nyzamy, işjeňligi we sabyry özünde jemleýän işewür. Näme üçin bu adamy has irräk tanamandyryn?! Steve Jobsyň kariýerasyndan has gyzykly kariýerasy bar. SpaceX we Teslanyň CEO-sydygyndan belli nähili başarjaňdygy. Mundan başgada bir giden taslamaň aşagyna gol çekipdir bu ýaşok.Häzir Drone-laryň üstünde işleýär.

Rol Model bolaýjak adamlardan.

Ýylyň priloženiýasy: Periscope

Indi hemme habarçy bolup biler, ýa-da dedektif. Munuň üçin ýekeje şert bar: Peroscopa agza bolmak. Göni efirli wideo bilen hamala sosial medýany agtar-düňder eden priloženiýa. Standartlaryň daşyna çykdy, täze akym getirdi. Beýle özgerdişlik etmek her koç ýigide başardanok.

Ýylyň wakasy (Aňk-Taňk):…

Bu ýyl bizi haýran galdyran, begendiren wakalar köp boldy.

Facebook whatsApp-y satyn alanynda depämizden gaýnan suw guýulan ýaly bolupdy. Sebäbi indi Facebookda has köp şahsy informasiýalarymyz bar.

Gretsiýada sürüjisiz awtoulag tejribe edildi. Okuwa okuwçy gatnadýan bu ulag emeli akyl sistemasy bilen üpjün edilen. Muny ilki eşidenimizde gulagymyz galypdy. Häzirä öwrenişdik

Rusiýanyň Primer Ligasyndan Rostow gan ýitirýärdi. Batypdy. Ligadan düşmäge sanalgyja günleri galypdy welin, Gurban aga tälimçilik teklip edip akylly karar kabul etdiler. Gurban Berdiýew üçin alaçsyz zadyň özi ýokdy. Şumat Rostow primer ligada 2-nji orunda. Rostow diňeje tälimçi edinmedi. 6 milýon tarapdar edindi.

Windows, 9-a garaşýarkak Windows 10 geldi. Näme üçin 9-y dälde 10-y çykaranyna düşünmek 1 hepdämi alypdy.

Siz hem ýylyň ýyldyzlaryny saýlan bolsaňyz teswirlerde galdyryp bilersiňiz. :)

2016-NJY ÝYLYŇYZ DÜŞÜMLI BOLSYN!!!

Show your support

Clapping shows how much you appreciated Μακsατ Gr’s story.