#SaryÝapraklyGüýz

Güýz diýlende akyla gelen ilkinji zatlary sanap ýa-da ýazyp beriň diýsem. Ilki bilen sary ýapraklar jogaby geler. Sen aýt ýalňyşdymmy ýa gardaşym.
*Sary ýapraksyz hem güýz bolarmydy? Sary ýapraklar güýzüň bezegi ahyry, güýzü güýz etýän sary ýapraklar!
Aramyzda galsyn bolarmy ,haçan-da sary ýaprakly güýzü görsem: baý ýene owadan geldiň güýz, kim üçin kä bu owadanlyk diýýän.Göýä meň üçin bezenip-beslenip gelen ýaly hool alyslardan, eger men diýip gelen bolsaň azara galmaly däl ekeniň, ýo men dälde ýüregi güllüler üçin gelen bolsaň hakyňdyr, haklarydyr. Sary ýapraklar hamana güýzüň sada bir şolar ýaly-da özboluşlyja egin başy, ketenisi ýaly. Daş töwerekde hemra ýaly aýlanyp ýören gyzlar gaty görmezle seni owadan görýänim sary keteniň üçin. Kimileri ýagny okyjylary üçin bolsa güýz G.Ezizowy ýatlaryna salar "Ýazda gülläp, Güýzde solan şahyr". Güýzüň mejnuny diňe bir Ezizow däldir, ýene näçe kişiler bardyr özä hol uzaklarda ýa-da bir çaý ýakynymyzda. Güýz kimiler üçin bolsa aýazly gyşyň habarçysy. Munda güýzüň hiç hili günäsi ýok. Maňlaýda ýazylan ýazgyt şeýle bolsa güýz neýlesin. Güýzem:
- islemezdimi Bahar bolmany;
- islemezdimi içinde güller açsyn;
- islemezdimi guşlar saýrasyn;
- islemezdimi agaçlaryndaky ýapraklar ýaşyl öwsüp dursun;
- islemezdimi adamlaryň şadyýan bolmasyn;
…herhal islärdimikä diýýän. Ýöne güýz özüniň sadalygy bilen aýratyn orun tutýa pasyllaryň arasynda, tebigatda. Güller azalýa, guşlar yssy ülkelere göç etýä, daşarynyň sowup başlamasy sebäpli adamlar daşary çykmasyny azaltýa. Umuman ähli ýer diýen ýaly uly sessizlige çümýä, ýa-da gark bolýar. Bu sessizlik kimiler üçin azap bolsa, kimiler üçin lezzet .
**"Maňa lezzet berýän sary ýapraklar,
Köçe syrýan daýzalara eziýetdi".
Sary ýaprakly güýzde sessizligiň lezzeti oňat, alyp başyňy bir gyra çekilip özüňe düşünmäne çalyşýaň. Sary ýapraklaryň agaçlardan bir enaýy süzülip gaçmasy, hemme zadyň ýuwaş-ýuwaş o garaşylýan soňa tarap ymtylşy bir zady ýadyňa salýar. Şonuň üçin
“Bir ölüm wepaly, birem Güýz”
diýilýär. Bir çalaja kem bolan zat ýagyş. Ýagyş güýzde üýtgeşik. Sessizilige aýratyn bir melodi bolýar. Sessizlik we ýagyş ikisi birigip, zeňläp barýan ruhlara birazajygam bolsa tesselli bolýar. Şoňum üçinem iň gowy görýän kitabyňyzy alyň ýanyňyza, gaýdaly özümizi alyp! Nirä barýan? diýip sorasalar. Ýuwaşjadan
Güýzüň tagamy başga, şonuň üçin güýzüň dymyşlygyna tarap özümi alyp barýan!
diýip jogap ber. Hemme kişi eşitse sessizlik bozuljak! Ýitirmäli bu pursady bak güýz geçip barýa.
//WesSalam
*Ah Episilon- Gurbanmyrat Jelaletdin.(şahsy bloglarymyň arasynda aprel aýynda çap edilen)
**Men uçmak isledim-Begençgeldi Orazow.(eger okamak isläpde tapyp bilmedik bolsaňyz habar etseňiz biz bärdediris, okamasam bolanok diýmegiňiz ýetik ☺)
