SAT üsti bilen Türkiýedäki top uniwersitetlere giriş
Bölüm-1: SAT — halkara synagy.
Öňem belläp geçişim ýaly, SAT dünýä ýüzünde tanalýan we kabul edilýän halkara synagdyr. Bu diýmek siz SAT bilen diňeje Amerikada däl, eýsem beýleki ýurtlarada girip bilýäňiz. Garaz, şular ýaly okuwda ösen ýerleriň biri bolan Türkiýedäki mümkinçilikler barada bu makalany ýazmakçy.
Türkiýede gaty gowy, dünýäde top 500 girýän birnäçe uniwersitetler: Bilkent, ÖDTÜ, Sabanci, Bogaziçi, Koç, Hacattepe we ş.m. Bu uniwersitetlerde okuw gaty gowy we käbir Amerikan uniwersitetlerinden hem has ýokary derejede bilim berýärler. Türkiýede umuman köp ýerlerde okuw gowy (relatively speaking :)) emma ýokarda sanalyp geçilen ýerlerde “has gowy”, elite derejede. Bu okuw ýerleri adaty “türk uniwersiteti” dälde, eýsem amerikan stilinde gurlan we ýöredilýän, we bilimi iňlisçe berýän türkiýäniň iň elit okuwlary. Bu ýerlerde okanlar köplenç Amerika we Ýewropa ýaly ýerlere master we doktor etmäge gidýärler. Bu okuwlarda türkmenistanda dünýä olimpiadalarynda medaly bolanlar okaýarlar köplenç. Ýöne iň bilinmeýän zat, dünýäde medaly bolmadyklaram aňsat şekilde şu ýerlere girip okap bilmekleri.
Giriş prosesi: Köp türk uniwersitetlerine daşary ýurtlylar, şol sanda türkmenlerem, ÝÖS diýen synag üsti bilen girýär. Emma ýokarda sanap geçen elit uniwersitetler gynansakda ÝÖS kabul edenoklar, we attestat bilen hem alanoklar. Daşary ýurtlar üçin iň ygtybarly ýoly: SAT. (Gaty geň zat, Türkiýedäki ýerleşýän, “özüne göwni ýetýän” bu uniwersitetler Türkiýe tarapyndan daşary ýurtlar üçin gurnalýan “ÝÖS” synagyna göwni ýetmän, ýa-da ýeterlik derejede görmän, eýsem bir amerikan synagyny “giriş synagy” edip almasy.) Görşümiz ýaly SAT diňeje bir “amerikan synagy däl”, eýsem dünýäde sözi geçýän, ynamdar (reliable) halkara synagy. Şol sebäpden Türkiýedäki we şol sanda köp ösen ýerlerdäki uniwersitetler SAT soraýarlar. Garaz, gepi uzaltmaga hajat bolmazdan asyl mowzuga geçeli: Şol elite okuwlara nädip girmeli?…
Türkiýedäki elite uniwersitetlere nädip girmeli?
Gerekli ýekeje zat bar: SAT. (SAT-e taýýarlanmagyň möhümligini çişirmek islämok, emma gaty möhümligini nygtamak isleýän). Gowy habar, SAT-den pesräk ýagny 1200/1600 töweregi bal bilen hem bulara girip bolýar. Elbetde 1200 töweregi almagam herkime başardýan zat däl, ýeterlik derejede taýynlanmak gerek. Umumy 1200 bal diýýär emma matematika bölüminden 700+ bolmaly. Şu ýagdaýda sizi kabul edýärler.
Indi şu ýerde başga-da bellenmeli zat bu ýerlerde okamagyň elýeterligi, stipendiýa ýagdaýlary. ÖDTÜ, Bogaziçi, Hajattepe döwlet uniwersitetleri bolansoň, okuw tölegi gaty elýeterli. Meselem ÖDTÜ-de okamak üçin ýyllyk okuw çykdajy $570-$600 töweregi we ýaşaýyş hem (iýip içgi we umumy ýaşaýyş jaý) Türkiýede gaty arzan. Ýagny eger has bir puly köp sowýan bolmasaňyz ýyllyk ortaça $1000 bilen okap bolýar. Edil mätäçligiňiz hem boljak däl. Emma ÖDTÜ ýene-de SAT balyňyza seredip 25%, 50%, 100% şeklinde “okuw tölegi arzanladyş” (tuition discount) berýärler. Ýagny bu döwlet uniwersitetlerine girip bilseňiz, onda maddy ýagdaýyňyz kän mesele bolup duranok. Stipendiýa bir berip bilerler, bermedik ýagdaýynda hem özüňiz töläbem okap bilersiňiz.
Bu elite okuwlara hususy uniwersitetler hem girýär: Bilkent, Sabançi, Koç. Bu uniwersitetleriň okuw tölegi gaty ýokary emma köplenç bular gaty gowy stipendiýalar berýärler SAT ýagdaýyňyza seredip. Meselem Bilkent uniwersitetiniň ýyllyk okuw tölegi $14,500. Ýagny ýyllyk bu çykdajy biraz köpräk bolýar. Emma Bilkent gaty baý uniwersitet bolany üçin köp gowy stipendiýa mümkinçiliklerini berýär we şol ýerde okaýan okuwçylaryň 50% gowragy stipendiýaly okaýar. Has takygy 100% çenli we ondanam köpräk (plus mugt ýaşaýyş jaýam berip bilýär) arzanladyş edýär. Dogrysy şu günki wagtda birnäçe türkmen ýaşlary mugt ýagdaýda Bilkentde okaýarlar we olaryň köpüsi SAT-den 1200+ bolanlygy üçin stipendiýaly kabul edilen. Bilkent bir mysal. Sabanji, Koç ýaly ýerler hem stipendiýa berýärler doly okuw tölegini ýapýan şekilde. Beýleki hususy uniwersitetlerdäki stipendiýalaryň her biri hakynda aýratyn maglumatlary Google daýyňyzdan sorasaňyz we özbaşdak gözläp tapyp bilersiňiz.
Bölüm- 3 : Hemmesi bir jedwelde
Aşakdaky jedwelde şu okuw ýerleriň ýyllyk okuw tölegleri we stipendiýalary jemlenen:


Ýokardaky linkler:
http://iso.metu.edu.tr/en/scholarship-opportunities
http://www.pols.boun.edu.tr/?q=scholarships
https://w3.bilkent.edu.tr/international/scholarships-for-international-students/
http://www.sabanciuniv.edu/en/fees
Bölüm-4: Näme üçin Bilkent, ÖDTÜ? Başgalaryny näme üçin bu jedwele alynmady?
Aslynda Türkiýedäki uniwersitetlariň aglabasyna (80%-90% çemesi) SAT bilen tabşyryp we girip bolýar. ÝÖS synagy bilen SAT seredende gaty “çäkli” ýerlere girip bolýar (Meselem ýokardakylaryň hemmesine diýen ýaly girip bolanok). Şol sebäpden SAT möhüm. Bu uniwersitetler dünýade tanalýan bilinýän ýerler. Okuw dili iňlisçe okadylýar. Beýleki SAT bilen girip bolýan ýerler barada http://yos.blogcu.com/universitelerin-yabanci-uyruklu-ogrenci-kabulunde-kullanmasi-uyg/3775817 linkinden seredip bilersiňiz. Mundan başkada türkçe ýada iňlisçe “Türkiýedäki SAT bilen kabul edýän uniwersitetler” diýp gözletseňiz, Google daýy derrew jogap berer.
Ýene-de bir bilinmeli zat, ýokardaky linkden hem görnüşi ýaly az SAT bilen hem iň azyndan köp gowy türk uniwersitetlerine girip bolýar (döwlet uniwersitetleri esasan hem; arzan we elýeterli) we dünýä standardlaryna laýyk bilim alyp bolýar. Has takygy SAT 1000–1200 arasy bolanda ýeterlik minimum ýagdaýda, elbetde näçe ýokary bolsa şonça gowy siz üçin.
Bölüm-5: “Onda türki görsekmikänaý okuw üçin?!”
Esasy mesele SAT taýýarlanmak we gowy netije almak. Nädibem bolsa SAT-den 1300+ alyp, Amerikadaky doly stipendiýaly ýerlere tabşyryp synanşmak we şolardan kabul edilmek. Eger siziň SAT balyňyz 1200-den ýokary bolmadyk bolsa ýa-da tabşyrdyňyz welin Amerikada top200 kabul edilmedik ýagdaýyňyzda, onda ol ýagdaýda hem ýene ruhdan düşmeli däl. Amerika bolmasa hem Türkiýe we beýleki ylym tarapdan gowy ýerlerde okamak mümkinçiliklerini barlap görmek gerek. Amerikada top200-de okamak birinji kararyňyz bolsa (top choice), eger bolmadyk ýagdaýynda hem ýene-de Türkiýedäki top500de okamak hem ätiýaçlyk (safety choice) kararyňyz bolup biler.
Bölüm-5: “Amerika bolmadyk ýagdaýda Türkiýede okasam, okuw ýagdaýlary we soňy nähili bolarka?”
Bu günki wagtda Türkiýe ýaly döwletlerde müňläp türkmen okuwçylary gowy uniwersitetlerde bilim alýarlar. Eger jan edip SAT taýýandyňyz welin ýene-de Amerikadaky top200 ýerlerde doly stipendiýaly okuwa girmek başartmadyk bolsa, we Türkiýedäki ýokarda agzalan ýerlere gitseňiz hem gowy bolup biler. Bilkent ýaly ýerler size pes SAT (>1200) seretmezden doly okuw tölegini berip bilerler we bu ýerlerde okamak we bilim almak köplere ýetdirmeýär. Bilkent, ODTU, Bogaziçi ýaly ady sanalan ýerleriň bilimi gaty ýokary hilli we mugallymlaryň aglabasy öz ugryndan gaty ökde. Bu uniwersitetlerden gutaran oglan-gyzlar esasan Masters, PhD ýaly ýerlerini Amerikada we Ýewropada känbir gynçylyk çekmezden, rahat ýagdaýda edýärler. Garaz bu ýerler sizi isleseňiz akedemika, isleseňiz senagatda we beýleki sektorlarda ugryny bilýän ökde hünärmenler, professorlar, injinerler edip ýetişdirýärler.
Türkiýedäki ýerlere tabşyrmak köplenç internetden edilýär. Eger birazragam bolsa internetde gözleg etmäni, kompýuteri ulanmagy bilýän bolsaňyz, onda özbaşdak ýagdaýda oturan ýeriňizden hiç kime ýalbarmazdan tabşyryp bilersiňiz bu ýerlere. Her uniwersitetiň aýry tabşyrylyş günlerini we internetde tabşyrylýan linkleri tapmak üçin diňeje uniwersitetiň adyny ýazaga-da göni Google-dan tapyp bolýar. Meselem ODTU-a tabşyrmak üçin internetde “apply ODTU” diýp ýazmak ýeterlik. Şol ýerden birtopar linklere girip, “online application” ýerini tapyp dolduryp, tabşyrmak ýeterlik.
