Cypress Anna
Nov 6 · 2 min read

Arada jigim bilen metrodan çykyp gelýäs welin edil gapdal gapydan bir adam çykjak bolan badyna büdräp ýykyldy.

Jigim: pyýanmaý?

Men: ýok, büdredi.

Jigim, gysga bakyşdan soň: ýo, ýo, pyýan.

Men ýene bir sapar, eýýäm ýerinden turan adamy, doly synladym welin: gowy geýinilgi, üsti-başy arassa, ýüzi-gözi ýerinde, garaz “narmalny” adam.

Kellämden “Aý ýok, toçno büdredi” diýen pikir geçdi. Ahyrda herimizem özüniňkiň dogrydygyna ynandy. Haýsymyzyň dogry, haýsymyzyň bolsa ýalňyşandygyny indi hijem öwrenmeris, ýöne umuman aýtjak bolan zadym durmuşda şo bir zada her dürli adamyň her dürli seredişi gyzykly ýagdaý. (Elbetde bu mysal edil ýerlikli däl bolmagy hem ahmal, ýöne ahyry copyright’y özüme degişli.) (Şu ýerde şunam belläp geçmek isleýän: bolýan zatlara her kim her dürli reaksiýa berýär we bu hökman haýsy bolsada biriniň erbet, beýlekisiniň bolsa gowydygyny aňladanok; ýok, jigimem ýamanlamok)

Biz bolýan wakalara hemişe öz perspektiwamyzdan, köplenç öz subýektiw nukdaýnazarymyzdan seredýäris. Bolýan zatlara öz ýaşap geçen durmuşymyz, ýygnan tejribämiz, alan bilimimiz, önüp-ösen gurşawymyzyň düşünjeleri boýunça baha ýa reaksiýa berýäris. Umuman her adam özüçe öz kellesinde analiz edýär. Şu sebäpden hem eksperimentler, synaglar we ş.m. diňe bir adam tarapyndan däl-de, birnäçe adamlar tarapyndan gözegçilik edilýär, analiz edilýär we barlanylýar. Ýada bir zadyň 100% dogrysy bolmaýarda, ortalamasy alynýar. Çünki analiz edýänler ýenede “dürli” adamlar bolany sebäpli ýagdaýlaryň/hadysalaryň netijelerem dürli-dürli bolýar we bu netijeleri 100% dogry bir soňa jemläp bolmaýar. Bu bolsa adamlaryň her biriniň ýeketäk, gaýtalanmajak ýagdaýda ýaradylandygyna we durmuş ýolyny 100% gaýtalanmadyk we gaýtalanmajak ýagdaýda ýaşap geçýändigine şaýatlyk edýär. Her adam unikal we her adamyň öz aýratyn durmuş hekaýasy bar.

Şeýle bolanam bir gowy zat. Ýogsam dünýä gaty içgysgynç bolardy..

Ine-de şu postyň wajyp maglumaty: 7.7 milliard adamyň arasynda 100% sen ýaly başgasy ýok.

    Cypress Anna

    Written by

    ýönekeý adamyň pikirler ummany

    Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
    Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
    Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade