Her kim “Oka! Oka!" diýýä, “Näme okamaly?” kiçijek Merediň kellesinde ullakan sorag alamatlary peýda boldy…












Hawa, nesillerimiziň kitap okamaýandygyndan, kitaba gyzyklanma duýmaýandygyndan,
okamagy endik etmeýändiginden nägile bolýas. Okamaýandyklary üçin günäkärlenmezden ozal ,
ilki hakykatdanam okalyp bilnäýjek kitaplaryň bardygyny-ýokdugyny seljersek dogry bolardy.
Kitap okamak endigi elbetde gowy zat, ýöne şol bir wagtyň özünde ol ünsli çemeleşmegi , seresap
bolmagy talap edýän zat. Näme üçin? Sebäbi kitabyň üsti bilen pikir dünýäsi şekillenmeli, dünýägaraýyş
ugrukmaly, aň we ruh iýmitlenmeli. Eger bir okalýan kitabyň adama täsiri inkär edilip bilinmeýän
hakykat bolýan bolsa, onda her kitap okalmaga mynasyp diýip aýdyp bolýarmy? Näme okalýandygy
dykgata alynmazdan “okamaklygyň” özüni ündemek dogrumy? Çagalaryň okajak kitaplary
“süzgüçden” geçirilmelimi?
Okuw programmasynda ençe ýyllaryň dowamynda üýtgedilmän girizilip gelinýän käbir eserler bar.
Hiç düşünip bilemok, şol eserlerden alnan bölekler nämä salgylanylyp alynýar? Çaganyň ýaşyna?
Moral gymmatlyga? Terbiýeçilik ähmiýetine? Çaganyň psihikasyna täsir edişine? Ata-babalary
tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen eserleri tanasyn we bilsin diýmek ýeterlikmi? Okuw
programmasy hökmünde öwrenmeli eseri çaganyň ýaşyna gabat gelýärmi?
Ynha mysal üçin diýeli, “Saýatly-Hemra” dessanyndan çaga nämäni öwrenmeli, poligamiýanymy?
Toýy gidip oturan ýerinde “başga şäherde ýene bir gyz bar” diýip turup gaýdýan ýigidiň ikili
gatnaşyklary hakynda okamakdan ýönekeý bir 11-12 ýaşlaryndaky çaga näme netije çykarmaly? Ýokarda berlen eser bölekleriň hijisindenem terbiýeleýijilik ýa moral
gymmatlygy ündäp bolmaýany görnetin göze dürtülip duranokmyka? Ulular tarapyndan , ulular üçin niýetlenen şu zatlary çaga okamagy we öwrenmegi hökmanmy?
Elbetde, taryhy eserleri üýtgedip bolanok, halk döredijiliginde olar döredilen bolsa şeýleligine-de
galmaly bolar. Milli eserleriň köp bölegi birmeňzeş galypdan çykyp bilenok. Temasam aglaba
böleginde şol bir zat- söýgi. (Söýgi propagandasynyň şeýle ýaýran döwründe çagalaryň näme üçin öz ýaşyndan ir ulularyň durmuşyna howlugyşy hakynda-da birki kelam söz aýtsa bolardy welin, ony häzirlikçe
soňa goýalyň.)
Çagalara bolsa has gyzykly, öz çagalyk dünýäsine seslenýän, hyýal etme ukybyny güýçlendirýän başdan geçirmeler,pikir ýöredip biläýjek meseleleri gozgaýan eserler gerek. Meň pikirimçe, dünýä klassikasyna has köpräk salgylanmagyň gorkuly tarapy ýok. Sebäbi dünýä klassikasyna girmegi başaran, diýmek ykrar edilen ussat ýazyjy-şahyrlaryň hakykatdanam talaplara laýyk gelýän gowy eserleri bar, şolardan terjime edip peýdalanmak çaganyň millilik duýgularyna
zeper ýetirer öýdemok.
