Dilegçilik
„Pakyrlar mal istär, baýlar zer diýer,
Ýekeje eşekli: atym – ner diýer,
Dünýäge doýmak ýok, ýene ber diýer,
Köñül maksadyna ýetip bolmaýyr.“

İslegler-islegler, gözel islegler. İslemek gowy zat aslynda, dogry kişiden, dogry zatlary islemek. Bir kitapda şeýle setirlere gabat gelipdim; “Bermek islemeýän bolsadym, islemegi bermezdim!.” diýip ýazylgydy. İlki birbada düşünmändim. Soñ gaýtalap okap zat edip, düşünip haýran galdym. Haýran galdym diýýän sebäbi ynsan haýran galan zadyny añsat-añsat unutmaýar. Psihologiýa zat bilemok, munam şuwagt ýöne aýdyp goýberdim. İñ ujypsyzja zadam eýesinden islemek, asyl eýesinden islemek gaty gowy zat öýdýän. Biri dileg edende; “Allajan meni dileg ede-ede saña ýalwaran gullaryñdan eýle!.” diýer eken.
Jogapsyz dileg ýok diýýärdi bir ýerde-de. Ýa Allajan saña dilegiñ edil özüni berer, ýa seni azajyk garaşdyryp has gowysyny berer, ýa-da seniñ üçin islegiñ bolmazlygy has haýyrlydyr.
Şular ýalyrak birzatdy özä. Aý meñem birzatlar ýazjak boluşym bolýar-da ýöne. Özüm ýaly hañk-huñkyrak. Bolýarla, tema men dälä, şeýle dälmi?!.
Garaz isledigiñçe isläbermeli. İslemeli, isläp bildigiñçe islemeli. Näme-de bolsa jogapsyz isleg, dileg ýok. Ýöne bir dileg bar, onda dört zatdan Alla tagalla sygynylýar. Biri ürpermeýän(gorkmaýan) ýürekden, ýene biri ýaşarmaýan gözden, ýene biri peýdasyz ylymdan, ýene biri bolsa.. (Şu soñky birhiljek, birhiljek diýýänimiñ sebäbi men gaty düşünemok. Aslynda düşünýänemle, wah, nähili aýtsam?!.) ..ýene biri bolsa kabul bolmajak dilegden, islegden.
Kiçiräkkäm käbir pikirler kellämi gorjalardy, belki siziñkilerem gorjalanandyr. Aslynda şol pikirleri pikirlensem häzirem birhili bolýan, boýnuma alýan. Aýdaryn welin, “Birhili bolmazça pikir däl.” diýersiñiz häzir sizem. “Gyzyklandyran bolma-da aýt-da aýtjak bolsañ.” “Ýigit howlugar, tudana wagtynda bişer.” diýipdirler, howlukmañsana. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar.” hem diýipdirler. Bu sabyr temasyna girmäliñ iñ gowysy, çykyp bilmän iş bolup ýörmäliñ soñ. Birhili bolmazça däl pikire geleliñ indi. Gözleriñizi ýumuñ we şuny pikirleniñ.. Ýumuña gözüñizi waý!. Wii, hää, ilki okap soñ ýumup pikirlenäýiñ onda. Aslynda ýummanam pikirlenseñiz bolarla. Ýöneje gyzyklandyraýaýyn diýdim. Gözegiñize getiriñ, getirip bilseñiz elbetde.. Gözegiñize getiriñ, siz hiç ýaradylmadyk bolsañyz, ýok bolsañyz!. Gözegiñe getirip bolmajak zat gerek?!. Ýaradylmadygyñy nädip gözögüñe getirjek?!. Sen ýok. Ýokluk gaty erbet zat. Şonuñ üçin jähennemem Alla tagallanyñ bir nygmaty diýip pikir edýärin. Bilmedim belki ýalñyş pikir edýändirin. Ýöne birhili ýoklukdan gowy ýaly bolup dur. Bular ýaly pikirleri aslynda köp pikirlenmeseñ gowy. Sebäbi biziñ ýüregimiz ak ahyry!. Jennet barka jähenneme gidip nämaý?!. Şeýle dälmi?!. “Ýagşy niýet, ýarym döwlet.” diýipdirler. Ýagşy niýetde bir bolalyñ.
Biri gul bolup bilmek barada ýazypdyr, menem dilegçilik barada ýazjak bolup gelipdim aslynda, başga ýerlere gitdi ujy. Gullugam, dilegçiligem maña başartjak zatlar däl öýdýän.
Hä biram şu dileg, isleg hakynda gowy görýän bir sözüm bardy. Şu söze-de ilki düşünmändim. Menem hol giç düşünýän, ýöne gowy düşünýänlerden bolaýmasam.
“Alla tagallanyñ meni gowy görýändigini(söýýändigini) her islegimi(dilegimi) kabul etmeýänliginden düşünýän.”
