ÝENE KITAP OKAMAK BARADA …

Merdanjaya
dedication

--

KITAP OKAMAK MODA

Ösýän jemgyýetde kitap okamak hemişe esasy trend bolup durýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda dürli okuw, ylym we bilim ojaklarynda, kitaphanalarda geçirilýän kitaphana günleri, okyjylaryň bäsleşigi hakynda metbugatda çykýan habarlara ýygy-ýygydan duş gelýäris.

TÄZE NESIL KITAP DÜKANLARY

Kitap satuwynda-da soňky ýyllarda dürli innowasiýalar yzgiderli bolup dur. Kitap dükanlary, satuw nokatlary köpelýär, sergidir ýarmarkalar yzgiderli geçirilýär. Emma soňky ýyllarda öňe çykan esasy tren onlaýn kitap dükanlary boldy.

READIT.STORE

Şeýle onlaýn dükanlaryň sarpedijileriň arasynda aýratyn üns çeken we halkdan gowy seslenme alan Readit.Store onlaýn kitap dükany. Bu dükan sargyt esasynda dürli dillerdäki çeper eserleri, gollanmalary okyjylaryna eltip bermek hyzmaty bilen hödürleýär.

HALK KITAPHANASY

Şeýle-de Readit.Store dükanynyň esaslandyryjysy ýaş telekeçi Myrat Haýytbaýew şäheriň birnäçe ýerinde Kitap Nokatlaryny gurnady. Bu nokatlardan okyjylar islendik kitabyny alyp, ýerine başga kitap goýup bilýär. Ýa-da okap gutaran kitaplaryny şu nokada goýmak bilen başga okyjylar bilen paýlaşýar.

5 ÝYLDA KITAPSÖÝER SANY 5 ESSE ARTDY

Readit.Store toparynyň 2013-nji we 2018-njy ýyllarda geçiren onlaýn soragnamasy esasynda biziň ýurdumyzda kitapsöýerleriň sanynyň 5 esse artandygy ýüze çykdy. Munuň esasy sebäpleriniň biri kitap dükanlarynyň, hyzmatlarynyň we ýeňillikleriniň artmagyny görkezip bolýar.

JEMGYÝETÇILIK IŞLERI

Readit.Store dürli köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýar, guramaçyly-gyna ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, Ýurdumyzda hereket edýän dürli jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

--

--