Beýik Ýeňşe 75 ýyl

Merdanjaya
dedication

--

Ysmaýyl Berdigulyýew

Ýeňiş… Nähili çuň manyly söz. Ýeňiş her ýerde bolup bilýär: okuwda, işde, sportda, sungatda, durmuşda we ş.m.. Meniň gürrüňini etjek Ýeňşim bolsa ýokardakylaryň hemmesi bilen bagly. Sebäbi ol biziň Watan ugrunda gahrymanlarça gazanan ýeňşimiz — iň gymmatly baýlygymyzdyr.
Bu ýeňişi biz Beýik Watançylyk urşunda 20 million adamyň gany bilen gazandyk. Bu elhenç söweşe gatnaşan ýurtlaryň ikisi hem häzir dünýä kartasynda ýok. Olar öňki SSSR we Üçünji Reýh.
Ýaşulylarymyz bu aýylganç söweşiň netijeleri barada aýdyp berende meniň inim dyglaýar, ganym doňýar. Çünki ganhor faşistlerleriň hiç kime nebsi agyrmandy. Olar çagalara-da, aýal-gyzlara-da zalymlyk bilen kast edipdi.
Men uruş hakynda bolup geçen zalymlygy size özümçe ýetiresim gelýär. Biz üçin jan beren 20 million adamyň öňünde biz köp zat bergili. Olary ýatlamak biziň borjumyz.

Bilşiňiz ýaly biz XXI asyryň 20-nji ýylynda ýaşaýarys. Urşuň gutaranyna şu ýyl laýyk 75 ýyl dolýar. Ol uruşdan galan weteranlaryň sany bolsa häzir gaty az. Indi özüňizi şolaryň ýerine goýup görüň… Araňyzda 2000–2003-nji ýyllar aralygynda dogulanlar bar bolsa sizden haýyşym, siz has ünsliräk okaň. Sebäbi aýtjak zatlarym size has uly täsir ýetirip biler. Häzirki sag galan weteranlaryň hemmesi hem siziň şuwagtky juwan ýaşlarynda fronta gitdi.
Ynha, siz 17–20 ýaşlaryňyzda, asuda asmanyň aşagynda öz ýakynlaryňyz bilen gülüşýäňiz, degişýäňiz, gyzykly wagt geçirýäňiz. Birdenem üstüňize duýdansyz duşman çozýar we sizi gyssagly ýagdaýda ýakynlaryňyzdan aýyryp fronta alyp gidýärler we elbetde ýarag berýärler. Öň eliňizde ýarag tutup görüpmidiňiz? Ýok. Öňüňiz gyrgynçylyk, ala goh, bombalar ýarylýar, binalar ýykylýar, adam ölýär. Çagalykdan bile önüp-ösen dostuňyz bir bomba gurban bolýar. Her synasy başga ýerde ýatyr. Göz öňüňize getirip bildiňizmi? Nähili agyr, ýürek ýakyjy.

Indi gideliň Leningrada… Siz Leningradyň ýaşaýjysy, şäherde urşa ýaraýan oglan-erkek bar bolsa alyp gidýärler. Duşman şäheri 3 ýyllap gabawa salýar. 3 ýyl şähere hiç kim, hiç zat giribem bilmeýär, çykybam. Şäherde azyk gutaryp, açlyk başlanýar. Adamlar aç ölmejek bolup ýerde ösýän otdan iýýärler, olaryň arasynda siz hem bar. Gyş gelýär, ösüp oturan ösümlik ýok, näme ederdiňiz? Diri galmak üçin köçelerde gezip ýören itdir, pişikleri iýýärsiňiz. Şäherde haýwan hem galmaýar. Açlykdan birnäçe adam ölýär: goňşularyňyz, ýakynlaryňyz…

Gorkunç gerek? Häzirki aman galan weteranlar hem başlaryndan şul we şulara meňzeş wakalary geçirdiler. Olara näçe sagbolsun aýtsagam, näçe ellerinden, gözlerinden, ýüzlerinden öpsegem azdyr.

Biz häzirki ýagdaýymyzyň gadyryny bilmelidiris. Çünki biz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýaşaýarys. Muňa bolsa buýsanmaga haklydyrys.
Ýeňiş, sen nähili ajaýyp zat. Ýeňiş… Nähili çuň manyly söz…

--

--