Education is dedication

Merdanjaya
dedication

--

MILLI KONSEPSIÝA

Ösýän döwür ähli zatda bolşy ýaly bilim pudagynda-da innowasiýalary talap edýär. Edil şol sebäpden ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegiň Milli Konsepsiýasy kabul edildi. Bu ugurda ummasyz işler yzgiderli alnyp barylýar. Maslahatlar, tejribe alyş-çalyş işleri, usulyýet barada maglumat gorunyň baýlaşdyrylmagy we köpdürlüliginiň üpjün edilmegi bulardan käbirleri.

DIŇLEÝJI MERKEZLI OKUW

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi hem öz gezeginde hödürleýän möhletli okuwlarynda hem-de mekdebe taýýarlyk meýilnamalarynda yzgiderlik innowasion usullaryň üstünde işleýär. Diňe bir diller däl, eýsem kompýuter tehnologiýalaryny, tebigy ylymlary hem döwrüň talaplaryna laýyk bermek maksady bilen merkezimizde köpugurly işler alnyp barylýar. “Diller dünýäsi” dil merkezinde zähmet çekýän tejribeli mugallymlarymyz “diňleýji merkezli usul” ýa-da başgaça aýdanyňda “okatmagyň interaktiw usuly” bilen okuw proseslerini alyp barýarlar. Bu usul her bir diňleýjiniň öz ukyp başarnygyny üns merkezinde saklap, her bir diňleýji üçin özboluşly metodika bilen ýetirilýär.

GURNAKLAR WE ÇÄRELER

Mundan daşary merkezimizde medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär, gurnaklar hem hereket edýär. Žurnalisitka gurnagynyň täze içerki neşriniň adyny bolsa iňlis dilindäki «dedication» (ýagny bagşetmek) sözüne çalymdaş edip «dd» (ýagny «Diller dünýäsi») gysgaltmasyny öňe çykaryp «ddcation» [didikeýşn] diýip atlandyrmagy makul bildik.
Bu gezekki sanymyzda merkezimiz, dilleriň taryhy barada gyzykly maglumatlary alyp bilersiňiz!

--

--