Gurbagalar topary (Höweslendiriş)

Diller Dünýäsi
dedication
Published in
Dec 27, 2020

Terjime eden: Aýşa Atageldiýewa

Gurbagalar topary tokaýyň içinden geçip barýarka, ikisi çuň çukura gaçypdyr. Beýleki gurbagalar çukuryň töweregine ýygnanyp, onuň çuňlugyny görenlerinde, iki gurbaga çukurdan çykma umydynyň ýokdugyny aýtdylar.

Şeýle-de bolsa, iki gurbaga beýlekileriň aýdýanlaryny äsgermezlik etmek kararyna geldiler we çukurdan çykmaga synanyşdylar.

Olaryň zähmetine garamazdan, çukuryň ýokarsyndaky gurbagalar topary henizem ýüz öwürmelidigini aýdýardylar. Muny hiç haçan başarmajakdyklaryny aýtyardylar.

Ahyrynda gurbagalaryň biri beýlekileriň aýdýanlaryna üns berdi we öldi. Beýleki gurbaga mümkin boldugyça gaty bökmegi dowam etdirdi. Ýene-de gurbagalaryň köpüsi oňa ahyry bes etmegi we diňe ölmegi üçin gygyrdylar.

Hasam gaty bökdi we ahyrynda ýokaryk çykmany başardy. Ol çykanda beýleki gurbagalar: “Bizi eşitmediňmi?” diýdiler.

Gurbaga olara kerdigini aýtdy we olaryň ony hemişe höweslendirýändiklerini pikir edendigini aýtdy.

Hekaýadan çykarmaly netije:

Adamlaryň sözleri başgalaryň durmuşyna uly täsir edip biler. Agzyňyzdan çykmanka näme diýýändigiňizi pikirleniň. Durmuş bilen ölümiň arasyndaky tapawut bolup biler.

--

--