Gutujykdan pikirlenmek (Döredijilik pikiri)

Diller Dünýäsi
dedication
Published in
2 min readDec 26, 2020

Terjime eden: Aýşa Atageldiýewa

Ýüzlerçe ýyl mundan ozal,Italiýanyň kiçi şäherçesinde kiçi bir telekeçiniň karz Akula diýilyan jenaba köp mukdarda karzy bardy. Karz Akula, köne, özüne çekiji görünýän ýigitdi, ol öýlemek üçin telekeçiniň gyzyny göz öňüne tutýardy.Ol telekeçä bergisini doly ýok etjek şertnama teklip etmek kararyna geldi. Günlerde bir gün Karz Akula atly kän halamayan yigit öz teklibini telekeçi jenaba aýtdy. Eger bu şertde ýeňiş gazanyp bilse bergisini yok etjekdigini eger­-de gazanyp bilmese telekeçiniň gyzy oňa durmuşa çykmaly boljakdygyny aytdy. Elbetde, bu teklibi telekeçi hiç oňaýly garşylamady.

Karz Akula iki sany daşy bir halta saljakdygyny aýtdy olaryň biri ak beýlekisi bolsa gara daşdy.Soňra gyz haltanyň içinden, bir daşy almalydy. Gara bolsa, bergisi aýrylýardy, ýöne karz akula soň oňa öýlenmeli bolýady.Eger-de ak bolsa, bergisi hem aýrylýardy, hemde gyzam Karz Akula durmuşa çykmasyz bolýardy.Telekeçiniň bagynda daşdan ýasalan ýolda durup, Karz Akula egildi we iki sany daş aldy.

Olary alyp durka, gyz iki sany gara daş alyp, sumkanyň içine salyp durandygyny gördi. Soňra gyza sumkanyň içinden bir daşy saýlamalydygyny aýtdy.

Gyzyň näme edip biljekdigi barada üç saýlawy bardy:

1. Torbadan bir daş almakdan ýüz öwürmek .

2. Iki çagyl daşyny sumkadan çykaryp Karz Akulanyň aldaýandygyny paş etmek.

3. Garadygyny bilse-de sumkadan bir daş alyp, kakasynyň azatlygy üçin özüni pida etmek.

Ol sumkadan bir daş çykardy we oňa “tötänleýin” seretmezden ozal beýleki daşlaryň arasynda taşlady. Karz akula aýtdy;

“Wah, munyňa nädogry.

Telekeçiniň gyzy şeýle diýdi:

Hiç alada etme, galan birini sumkaňa göz aýlasaň, haýsy çagylly daşy saýlandygymy aýdyp bilersiň. ”

Torbada galan daş, elbetde, gara reňkdedir we Karz akula öz eden bozgaklygynyň üstüniň açylmagyny islemeýändigi sebäpli, gyzyň taşlan daşynyň ak reňklidigini kabullanyp, kakasynyň bergisini hem üzmeli boldy.

Hekaýadan çykarmaly netije:

Elmydama guty pikirlenişiniň dowamynda kyn ýagdaýy ýeňip geçmek we saýlamaly ýeke-täk islemeyän zadyňa hökman bir başga çykalga tapyp boljakdygyny ündeýär.

--

--