MİNİMALİZM
Minimalizm näme?
Biz adamlar durmuşda hemişe has köp zat isleýäris. Has köp zat bizi doýurar öýdýäris. Şonuň üçin hem durmuşda has köp zady sarp etmegi pikir edýäris.Biz adamlaryň has köp zat islemegini bolsa şu aşakdaky iki aňlatma bilen düşündirse bolar:
1. Biologiki itergi ýagny nebis sebäpli
2. Reklamalar ýagny mahabatlandyrmlar sebäpli
Bu iki aňlatmanyň ikisi hem nebis bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, adamzatda olaryň birinjisi biologiki itergi arkaly tebigy ýagdaýda döreýär, ikinjisi bolsa daşky täsiriň netijesinde — reklama ýoly, ýagny mahabat usuly bilen peýda bolýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, dünýä ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly kompaniýalar diňe öz peýdalaryny nazarda tutup, özleriniň diýseň köp girdeji gazanmaklary üçin ynsanlarda biçak uly nebisi — örän zerur islegi oýarmaklyk bilen, olary has köp zat almana iterýän reklamalary döredýärler. Bilýärsiňizmi dünýäde ortaça bir adam bir günüň dowamynda 5300 reklama görýän ekeni.
Her bir adam öz islän zadyny saýlap alyp, öz nebsini kanagatlandyrmaklyk üçin günde 35 000 gezek birzatlar saýlamaly bolýan ekeni. Diňe naharlar babatda öz islegiňi saýlamaklyk üçin 200-den gowrak reklama ser salmaly bolýar eken. Durmuşyň manysyna düşünip ýaşamaklyk üçin bu sanlary azaltmaly. Çünki, öz islän zatlaryňy saýlap alyp, öz nebsiňi kanagatlandyrmaklyk üçin adamlaryň karar bermeklikde eglenýän uzak wagty, olarda diýseň uly ýadawlygy döredýär. Bu ýadawlyk bolsa her bir ynsanyň kellesini bulaşdyryp, zehinini zaýalaýar. Diýmek, adamlaryň reklamalardan karar bermeli zatlarynyň sany artdygyça we karar berme wagty uzadygyça, beren kararlarynyň hili hem düşýän ekeni…
Ýöne, bulardan öňürti adamlara öz isleýän zadyny has köp sarp etmeklik üçin diýseň kän pul zerur bolup durýar. Şeýle uly möçberdäki puly gazanmaklyk üçin bolsa has köp işlemeklik gerek. Has köp işlemeklik hem adamlar üçin has möhüm zatlara has az wagtyny aýyrmak diýmekdir (maşgalaňyzy pikir edip başlap bilersiňiz)…
Biziň ruhlarymyz we zehinlerimiz gaty ýadady. Reklamalaryň gereksiz zatlary gaty möhüm zatlar hökmünde görkezmelerinden…
Bagtlylyk öz islegiňi kanagatlandyrmaklyk üçin has köp zat satyn almaklyk däldir, gaýta nebsiňe buýrup, azam bolsa durmuşda özüňe has zerur zady satyn almaklykdyr. Bu bir zatlardan mahrum galmaklyk däldir! Bu möhüm bolan zatlardan mahrum galmagy taşlamakdyr. Munuň özi az zat bilen ýaşamak däldir, az zadyň gymmatyny bilmekdir. Türkmenlerde “Baryňdan bazar eýle” diýen aýtgynyň döremegi hem hut şu nukdaý nazardandyr.
Minimalizme nädip başlamaly?
Birinjilik bilen şuny bilmeli: Durmuşda zadyň gymmaty san bilen däl-de, hil bilen ölçenilýär.
Minimalizme başlamaklyk üçin esasy şu aşakdaky 2 sany usuly bilmeli:
1. Näme möhüm bolsa şoňa üns bermeklik
Möhüm zada üns bermek üçin maksatlylyk gerek. Näme etýän bolsak, näme satyn aljak bolýan bolsak bir niýetimiz bolmaly. Öýüňizdäki her zadyň şotaýda bolma sebäbi we size aýdyp berjek bir hekaýasy bolsun.
2. Galan hemme zady aýýrmaklyk
Gereksiz we “bolsada bolýar, bolmasa-da bolýar” diýen zatlaryňyzy azaltdykja size gerekli we zerur zatlaryňyz galýar. Özüňze soraň “bu zat meniň üçin gymmatlymy?” “muny geçen aý hiç geýdimmi ulandymmy?”.
Egerde jogabyňyz negatiw bolsa, onda şu soraglardan gerekmejek zatlaryňyzy satyp ýada satyp bolmajak derejedäki zatlaryňyzy hem küle atyp dynyp bilersiňiz.
Özüňize diýýänsiňiz “ýöne men muňa gaty köp pul sarp etdim”. Ynanyň, olary ataňyzdan soň, olary ýatlamaýaňyzam..
Esasy zerur zadyňy al, artykmaç zadyňy at!
Az hem bolsa, esasy zerur zadyň köp iş bitirer.
*Iş stolyňyzy kiçeltseňiz, öz edýän işiňize has köp ünsüňüzi jemläp bilersiňiz.
*Gerekmejek goşlaryňyzy aýyrsaňyz, size öz otagyňyzy arassalamk has aňsat bolar.
*Şkafyňyzdan geýmeýän eşikleriňizi aýyrsaňyz, şkafyňyzyň içindäki eşikler has az ýer tutar, hemem olary ýuwmaklyk üçin soda we suw tygşytlanar.
*Ýöne bulary diňe bu sebäplerden däl, eýsem olaryň bize maddy we ruhy taýdan hem ýer açýanyna-da üns bermeli.
Minimalizm diňe aşhanaňyzda we otaglaryňyzda däl, eýsem öz telefonyňyzyň ýa-da kompýuteriňiziň üsti bilen gatnaşýan adamlaryňyzyň içinde hem ýörgünlidir.. sanly platformalar hem muňa degişli.
Aslynda bu pikir akylly adamlary ýetişdirer. Sebäbi, munuň düýp esas özeninde seljermeklik, derňemeklik, parhyny bilmeklik bardyr. Bu bolsa durmuşda manyly ýaşamaklygyň başlangyjydyr.
Sadalyk, durmuşda möhüm bolan zatlar bilen meşgullanmaklyk üçin, belli bir wagt, dury zehin we atmosfera berer. Şeýlelik bilen durmuşyňyzyň gymmaty we hili artar!