Ýamaýkaly aýdymçy — Bob Marleý

Azatlyk ugrunda, eline ýarag alman göreşen adamlaryň biri bolan Bob Marleý, 1945-nji ýylda Ýamaýkanyň Saint Ann şäherinde garyp bir maşgalada dünýa inýär. Ene-atasy ony pul ýagdaýy zerarly mekdebe ugradyp bilmeýär. Bob okamagy ýazmagy özbaşdak öwrenýär. Ol çaga ýaşda (8 ýaş) işläp başlamaly bolýar. Aýdym-saza bolan höwesi ony öz erkine goýmaýar. Ol pul ýygnap özüne gitara alýar we şol günden başlap saz onuň durmuşyna girýär.

Ol ýaltanman, gije-gündiz saz çalmak bilen bolýar. Onuň bu bolşy Bobyň kakasyna ýaramaýar we Boby öýden kowýar. Kakasy bilen ýaraşmaklyk üçin oňa 3 aý gerek bolýar. Gitara çalmagy gowy edip öwrenen Bob, barlarda aýdym aýtmaga başlaýar. Onuň aýdymlary halkyň göwnünden turýar. Ol heniz 17 ýaşyndaka onuň sazlary Ýamaýka radiosynda eşidilip başlanýar. Sebabi ol özboluşly sesi we üýtgeşik gitara çalyşy bilen beýlekilerden tapawutlanmagy başarýar.

Ol Ýamaýkada tanymal aydymçy bolandan soň onuň şan şöhraty ABŞ-da hem eşidilip başlanýar. Ol ýerde telewizor kanallarynda köp gezek çykyş edýär. Konsertler bermäge başlaýar. Ol, öz aýdymlary bilen diňe Amerika kontinentinde däl, eýsem bütin dünýäde tanalmaga başlaýar. Onuň gazanjy köpelip ugran hem bolsa ol biynjalyk bolmaga dowam edýar. Sebäbi ol garaýagyz adamlaryň dünýä ýüzünde pes görülýändiklerine, olaryň garyp ýaşaýyşlaryna, olaryň azat durmuşlarynyň ýokdugyna gynanýar. Şonuň üçinem ol öz gazanjynyň köp bölegini şol ugurda işleýän guramalara hemaýat hökmünde berýär.

Ol azatlyk barada öz aydymlarynda-da ýygy-ýygydan belläp geçýär. Ýüregi öz halky üçin urýan adam bolan Bob Marleý 1981-nji ýylda Kingstonda aradan çykýar. Onuň ölümi hakda her hili gürrüň bar. “Ol aýagynda dörän ýara zerarly ölenmiş” diýen gürrüň şolaryň iň köp bilinýäni diýsek ýalňyşmarys. Ölüm sebäbini bilmesegem biziň anyk bilýän zadymyz bar. Ol hem Bob Marleýiň öz halky üçin ýaşan beýik bir sazanda bolanlygydyr. Ol öz gitarasy bilen dünýä halklaryna nusga bolup giden bir sungat adamsy.


Goý, dünýäde hemme adama azat, erkin ýaşamak nesip etsin! Ýaraglaryň sesi dymyp, diňe agzybirlik, erkinlik we bagtyýarlyk aýdymlarynyň sesi ýaňlansyn!

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Amangeldi Amangeldiyew

Written by

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade