Atsyz 2

Bayram Agayew
Dec 7, 2019 · 2 min read

Daş-töwerege göz ataýyn diýip bazar diýilen ýerde eýläk-beýläk aýlanyp başladym. Ýöne näme üçindir üýtgeşik eşikli adamlardan başga zat göremokdym. Bu ýagdaý meni biraz howsala saldy. Birden adamlar bir nokadyň daşyna üýşip başladylar. Adaty bolşy ýaly köpçülikden gaçýan bolamsoň, içimdäki bilesigeljilik duýgumy öldürip bilmän köpçüligiň arasyna garyşyp gitdim.

Bazara gelen admlar ortada duran, kerpiçden galdyrylan tümmegiň daşyny gurşap aldylar. Ýaňky tümmegiň üstüne bahary geçen bir garryny çykardylar. Garry tümmegiň üstünde ýüzüni aşak salyp, hiç kimiň ýüzüne seredip bilmän durdy. Ol bolşuna bir-iki damja ajy suwy tozan basan çepeginiň üstüne düşdi. Başy egilmedik deregiň ýykylşyna tomaşa etmek…(boşluk).

Köki guran deregi kör teňňä aldylar gitdiler.

Onuň yz ýany tümmegiň üstüne ýetginjeklik ýaşyna ýaňy giren, ýüzi örtgüli gyzjagazy çykardylar. Nalaç gyzjagazyň ýürek urşuny örtgüniň arkasynda dem alyşyndan aňyp bolýardy. Belki-de ony, onuň geljegi beýle howsala salýandyr. Belki-de gijeleri ýatmazdan öň eden hemme arzuwlarynyň göz açyp ýumasy salymda ölendikleri.

Şagalaňy alyp baryjylaryň biri geldi-de gyzyň ýüzündäki örtgüni galdyrdy. Içimden “Käşgä şony galdyrmadyk bolsadyň” diýdim. Ol gözler, onuň gözleri…

Onuň gözlerine seredip bilemok, şol bir wagtda hem gözlerimi aýyryp bilemok. Ol bakyşlary ömür boýy unudyp bilmern diýip gorkýan. Onuň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Üýşen adamlaryň içinden birilerini gözleýärdi. Tapdy.

Köpçüligiň içinde duran iki kişä seredip bakyşlary bilen “Näme üçin?”, “Men size näme etdim?”, “Meniň etmişim näme?” diýýän ýalydy. Ýalňyşmasam şol duran iki kişi bolsa bu dünýäsi ýykylan gyza “ene-atalyk” eden adamlardy. Eger-de bu bakyşlaryň sesi bolan bolsady şol sese Lusiferiň hem ýüregi gyýylardy.

Uzak dowam etmedik kesgin bakyşlardan soňra olaryň üstünden gözüni aýyrdy. Peträp duran gözleri bilen halkyň içine garaňjaklaýardy. Haman ony bu oduň içinden çykarjak halasgär gözleýärdi, ýöne umytlary bir-bir ýumrulýardy. Bu tragediýany yzarlap durşuma içimden şeýle sözler geçýärdi: “maňa bir seretme”, “haýyş edýän meniň gözlerime bakma” diýip.

— Seretme!

— Seretme maňa!

— Ýok, haýyş edýän!

Bolmady.

Nirede sen, gerek wagtyň ýanymyzda bolmaýan zat? Hany sen çagalaryňy ýeke goýmaýadyň?! Şu öňümde, gözlerimiň içine seredip meni ýakyp duran öz çagaň, beýlekilerden näme tapawudy bar? Hemme zady görüp, bilip oturan bolsaň saňa gygyrmagymyň, seslenmegimiň peýdasy ýok. Eger görýän bolsaň seret! Öňümde duran çagaň Medusa kimin bakyşlary bilen meni duran ýerimde heýkel etdi, daş etdi. Ýok, men özüm üçin saňa ýüzlenmedim, saňa seslenmedim, ýöne sen çagaňa seret we onuň daşyny gurşap alan beýleki çagalaryňa seret! Şolaryň hemmesi ýene seni diňläp saňa ýüzlenýärler.

— Gör!

— Görsene!

— Görkez!

Aýtsana maňa, indi şonuň, ogluň Ieşuadan näme tapawudy bar? Sen meni, seniň üçin kiçi bolan, ýöne meniň üçin uly bolan älemiň ýok bolup gidişine näme üçin şaýatlyk etdirdiň?

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Bayram Agayew

Written by

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

More From Medium

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade