Atsyz

Bayram Agayew
Sep 29 · 2 min read

Nädip we nähili düşenimi özüm hem bilemok, ýöne özümi bir köçäniň gyrasynda tapdym. Özüme gelenimden soňra daş-töweregime syn salyp köçäniň boýy boýunça gözlege, ýola çykdym. Köçäniň başyndan ýöräp baryşyma öňümden iki sany erkek adam çykdy we gapdalymdan geçip gitdiler. Adaty adamlar ýaly geýinenokdylar, III — IV-nji asyrlar gündogar halklary ýaly geýinilgidiler. Gurap giden üzüm ýapragynyň reňkinde, injiklerine we goşarlaryna çenli ýetip duran uzyn köýnekdediler, aýaklarynda deriden ýasalan çepekler, boýunlarynda bolsa bir näçe altyndan şaý-sep bardy. Öz aralarynda gürrüň edip gelişlerine ýüzüme hem bakmadan duşumdan geçip gitdiler. Özümi başga asyra düşen ýaly duýup başlapdym.

Ýuwaşlyk bilen ýoluma dowam etdim we uzakdan köçäniň çepe öwrülýänligini gördüm. Äm-säm bolup barşyma ýoluň beýleki ýüzünde, sag tarapda üç sany adamyň garasy göründi. Olaryň içinde iri, saýlanyp duran, sakgally, köne kitap sahypalarynyň reňkinde, hälki deňimden geçip giden adamlaryň eşiklerine meňzeş eşikde bir erkek durdy, sag tarapda bolsa 30–35 ýaşlarynda, görnüşine görä bir näçe çagasy bolan, nagyşlar bilen ýakasy bezelen ak köýnekde bir zenan durdy. Olaryň ikisiniň arasynda ak eşikde, kellesinde bolsa — ýüzüni-de örtüp duran — ak ýaglyk bardy.

Men olary uzakdan görşüme, ýetişen gyzy bilen gelýän maşgaladyr öýdüp çak etdim, emma hemme zat sekundlaryň içinde üýtgedi. Olar meniň uzakdan gelýänimi gördüler-de durdular. Erkek we zenan meniň ýüzüme seredip, ýaňky gollaryndan tutup gelýän adamy taşlap yzlaryndan ýagy kowalaýan ýaly gaçyp başladylar. Men bolsa edil ürken düýe ýaly yza tarap üç-dört ädim ädenimi duýman galdym. Ýoluň orta arasynda taşlanan ynsan bolsa yuwaşlyk bilen ýoluň beýleki ýüzünden meniň tarapyma howlukman geçdi. Ine şol wagt hem men ol kişiniň ýaş gyz däl-de, bu durmuşda görjegini gören, ýüzi ýygyrt basyp giden, bili bükülen garry erkekligine göz ýetirdim. Ol garry ýaşuly bolsa hiç zat bolmadyk ýaly meniň ýüzüme hem seretmän ýoluň gyrasynda ýatan daşlaryň üstüne geçip oturdy. Ýaşulynyň deňine ýetenimde bolsa nämeleriň bolup geçýänligine düşünmek üçin onuň hal-ýagdaýyny soradym, ol bolsa edil men şol ýerde ýok ýaly iki gözüni ýere dikip oturdy.

Men ýene-de ýoluma dowam etdim. Ýöräp barşyma ýene orta ýaşlarynda iki erkek adam ak reňkli köýnekleri bilen ýalpyldap garşyma çykdylar. Bu iki adamyň ýüpekden tikilen köýnekleri we boýunlaryndaky şaý-seplerden olaryň baý gatlaga degişli bolandyklary belli bolýady. Olar hem ýüzüme seretmän duşumdan geçip gitdiler. Nirä düşenimi bilmek arzuwy has hem artýardy. Ýoluň gyrasyndan ýuwaşlyk bilen ilerlemäge dowam etdim we öňümde adamlar bilen doly bolan uly, seýilgähe meňzeş ýaşyl meýdan janlandy. Ýöräp barşyma çetde bir zatlar satyp oturan ýaş, gara saçlary arkadan baglanan, görnüksizje, eşigi, tozanly gün asmanyň ýüzüni tutan al-sary buludyň reňki ýaly reňkde bolan gyzyň ýanyna baryp ahyrsoňy nirä düşenligimi soradym. Gyzyň sowuk gözleri maňa bakdy-da “bazar” diýip gysga jogap berip öz işi bilen gümra boldy. “Bazar” sözi kellämiň içinde aýlanyp durdy, ýöne näme üçindir haryt satyp oturan adam göremokdym. Adaty bazarlarda bolşy ýaly satyjylar gygyryp adamlaryň ünsüni çekjek bolanokdylar. Goh-galmagal diňe iýmit satýan dükanyň öňünde we çaýhananyň töwereginde eşidilýärdi. Görülip otursa ýaňky gyz hem çaýhanada işleýän eken…

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade