Bu Porsche, Ferdinand Porsche!

Guga
Penjire
Published in
3 min readJan 3, 2017

Ady “Dr. Ing. h.c. F. Porsche AG” 😞, gysgaça Porsche (okalyşy: [ porşe ], “porş” däl, bilseň gowyda 😉)

Güýçli, aýlyganç awtoulag öndürýän Stuttgart merkezli nemes brendi. Porsche Sport, SUV, Coupe, Cabriolet we Sedan görnüşlerinde awtoulag öndürýär. 1931-nji ýylda Ferdinand Porsche tarapyndan esaslandyrylýar. (1931-de garry atam dagy at arabaly potrada gatnaýardy)

Ferdinand Porsche kim?

1885-nji ýylda doglan Awstriýa asylly nemes awtoulag inženeri. Eden işleriniň iň meşhurlary, ilkinji hybrid ulag bolan Loher-Porsche (1905), meşhur VolksWagen Beetle (tomozok maşyn 😃), Mercedes-Benz SS/SSK. Bulardan başgada nemes goşuny üçin uly işler bitiripdir. VK 4501 (P), Tiger I, Tiger II, Tiger III, Elefant we Panzer VIII Maus söweş taňklarynyň taýýarlanmagynda esasy jogapkärçilik alanlaryň biri. Başaran işlerine görä Ferdinanda ussat inžener diýsek ýalňyşmarys, şeýle dämi?! Onuň döreden işleriniň netijesinde adamlar bir ýerden başga ýere aňsatlyk bilen gitdip hem bilipdirler, taňklarynyň netijesinde II Dünýä Söweşinde ep-esli adam heläk hem bolupdyr 😥.

Porsche Awtoulaglary

1948-nji ýylda Ferdinand Porsche-yň ogly Ferry Porsche-a kömek etmegi bilen “Porsche 356” model ilkinji awtoulaglaryny döretýärler. Porsche 356 modeli Coupe we Cabriolet görnüşlerinde taýýarlanylypdyr.

1950-nji ýylda kakasynyň wepatyndan soňra Ferry şol ýyldaky modele “Ferdinand” adyny dakýar. Porsche bu modelini 1965-nji ýyla çenli öndürýär. Porsche-yň häzirki wagtda öndürýän modelleri:

1. Porsche Boxster (718) we Cayman (981)

2. Porsche 911

3. Porsche Panamera (Sedan)

4. Porsche Macan (SUV)

5. Porsche Cayenne (SUV)

Logosynyň manysy

Bize sapak çykaryljak köp zat bar. 1900-lerdäki tehnologiki ösüşleriň netijesi bu, 2000-leriň däl. Şeýle bir yza garap, pikirlenip görmeli. Biz nirede?!

çeşme: Ferdinand Porsche — Wiki, Porsche — Wiki

Originally published at www.penjire.com

--

--