DAAD stipendiýasy barada gerekli maglumatlar

Ojarmyrat Gandymov
May 21 · 3 min read

Salam mähriban ildeşler!

Bu gezekki makalamda sizi iň köp gyzyklandyrýan we ýazmagym haýyş edilen temalaryň biri Germaniýa Federasiýasynyň DAAD stipendiýasy hakynda nygtap geçmekçi.

DAAD näme?

Bu stipendiýa nemes hökümeti tarapyndan 1922-nji ýyldan bäri berlip, esasy maksady daşary ýurtlylara nemes medeniýeti bilen tanyşdyrmak we ýokary bilim bermek bolup durýar. DAAD ýyllyk 100.000-e golaý ylmy adamlara maddy kömek bermek bilen dünýäniň iň uly stipendiýa berýän guramasydyr. DAAD Türkmenistanyň raýatlaryna hem her ýyl ujyply mukdarda stipendiýa berýär. Biziň ýurdymyz üçin DAAD diňe master we doktor (PhD) derejesini okamak isleýänlere stipendiýa berýär we onun mukdary master okaýanlar üçin aýlyk 850 ýewro we 1200 ýewro bolsa doktor okaýanlar üçindir. 2018-nji ýylda ortaça 6 sany adama stipendiýa berlip, olar siziň uçar petegiňize çenli töleýärler. Dogry, bu ýazan sanlarym gaty owadan we özüne çekiji, emma ilki bilen onuň üçin ägirt uly böwetleri ýeňip geçmeli we tonnalap resminama tabşyrmaly bolarsaňyz.

1. Deadline (soňky dokument tabşyryş senesi)

Hemme zatda boluşy ýaly, DAAD stipendiýasynda hemme deadline dogry bilmek iň esasy zatlaryň biri. Onuň möhleti her ýyl Oktýabr aýynyň ortalaryna ýa-da soňlaryna çenli uzaýar. Has anyk bilmek üçin DAAD öz web sahypasyndan her ýyl barlamagyňyzy ündeýärin.

2. Gerekli resminamalar

Deadline öwrenenimizden soňra, indi resminamalarymyzy ýuwaşdan çöpläp başlalyň. Daşary ýurtda okaýan dostum, deadline Oktýabr-da diýip gynanma, resminamalaryñ kopiýalaryny Aşgabatda ýaşaýan islendik bir tanşyňa haýyş edip, DAAD ofisyna seniň adyňdan tabşyrdyp bilersiň.

  • Online application form
    Adyndan belli bolşy ýaly, DAAD online portalyndan dokumentleri ilki tabşyryp başlaýaňyz. Aşaky linki ulanyp, birinji ädimimizi ädeliň onda!

https://www.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/

Bu ýerden çep tarapda ýurtlaryň arasyndan Türkmenistany we haýsy dereje okajagaňyz (graduates=master’s we doctoral candidates), bölümde okajagyňyzy saýlaýarsyňyz. Soňra, sanaw çykar. Master’s okajaklar şo ýerden “Study Scholarships for Graduates of All Academic Disciplines” diýen penjirä girýäňiz we şol ýerden aşakdaky dokumentleri skan edip online ýükleýäňiz.

  • CV (Europass formatynda doldurylan)
  • Motivation letter
  • Iňlis dilini bilýändigiňiz baradaky subutnama
    IELTS, TOEFL bar bolsa beýleki dalaşgärlerden şansyňyz has ýokary bolar. 2018-nji ýyldan başlap, sertifikadyňyz ýok bolsa, ofise çagyryp, dilden hem sorapdyrlar. Ýöne bu ýyl olar ýaly zat boljakmy belli däl. Şol sebäpli, özlerinden sorap, ýene bir gezek anyklamagyňyzy maslahat berýän.
  • Form doldurmak
    “Information about your preferred program” atly word dokumendi şol online portaldan indirýäňiz we dokumentde okamak isleýän 3 sany Uniwersitetiňiziň adyny ýazýaňyz. Muny ýazmagyň kän manysyna düşünmedim, sebäbi DAAD diňe stipendiýa berýär we okuwy tapmak we okuwdan kabul almak siziň öz borjuňyz.
  • Bakalawr ýa-da master diplomyňyz we transkriptyňyz
    Eger DAAD dokument tabşyrýan wagtyňyz okuwyňyzyň soňky ýylynda bolsaňyz, onda şol senä çenli okuw bahalaryňyzy öz içine alýan transkriptyňyzy tabşyryp bilersiňiz. Diplomyňyzy bolsa okuwyňyzy gutaraňyzda görkezäymeli bolar.
  • PhD üçin tabşyrjaklar öz üstünde işleýän research hem gysgaça düşündirmeli bolar.
  • Mekdep attestatyňyz

3. Interwýu

Hemme dokumentleriňizi tabşyranyňyzdan soň, DAAD-da işleyän adamlar hatlaryňyzy bir-birden seljerip, göwnüne ýaran dalaşgärleri interwýu çagyrarlar. Onuň wagty her ýyl üýtgäp durýar, bir ýyl Ýanwarda bolsa, başga ýyl Noýabr ýa-da Dekabrda hem bolup bilýär. Interwýu çagyrylan dalaşgärler DAAD Aşgabatdaky ofisine barmaly we daşary ýurtda okaýanlar üçin 2018-nji ýyldan başlap Skype interwýu etmelerini hem bes etdiler. Ýagny, daşynda okaýan türkmen raýatlarymyz hem şol çagyrylan möhletde Aşgabada interwýu gelmeleri mejbur. Şonda-da dokument tabşyrmazdan ozal, ýene özlerinden sorap anyklamagyňyzy maslahat beryärin.

Interwýuda ortaça beriljek soraglar aşakdakylardan ybarat:

  • Näme üçin DAAD stipendiýasyna tabşyrýaň? (Milýoner bolan bolsam stipendiýa tabşyrmazdym ýaly jogaplary beräýmäň ýöne)
  • Näme üçin Germaniýa, başga ýurt däl-de?
  • Näme üçin öz bölümiňi okamaga karar berdiň?
  • Näme üçin şo sanawdaky 3 sany Uniwersiteti ýazdyň? Bularyň beýleki okuw jaýlardan näme tapawudy bar?
  • Öz bölümiňe degişli bir sorag.
  • Ýene 5 ýyldan özüňi nähili ýagdaýda görýäň?

Interwýuda 5 adam oturar we olaryň 2–3 sanysy ýörite Germaniýadan gelen professorlar bolar. Aljyramaň, özüňize göwnüňiz ýetsin. Nähili derejede okasyň gelýändiňi gözüňden ot çykaryp görkez!

4. Jogaplar

Bu döwrüň iň tolgundyryjy wagty hem elbetde jogaplara garaşmak. Gynansakda, begençli ýa-da gynançly netijelere Aprele çenli garaşmaly bolarsyňyz. Eger stipendiýa utsaňyz email arkaly begençli habary size ýetirerler, ýöne gynançly habary hemişe ýetirip duranoklar. Şol sebäpli, DAAD-yñ online portalyndan özüňiz göni seredip bilersiňiz. Stipendiýa utýanlaryň sany her ýyl ortaça 6–8 adam we şol sebäpli çynyň bilen der dökmeli bolarsyňyz dostum. Boldy indi, okap oturmada dokumentleriňi taýýarlamagyň ugruna çyk! Üstünlik hemraň!

P.S. Ýokarda ýazylanlaryň hiçisi 100% dogry diýmekligi aňlatman, meniň we beýleki tabşyran dostlarymyň tejribelerinden jemlenip ýazylan makala. Hemişe DAAD-yň öz ofisine gidip soramagy ýa-da email arkaly habarlaşmagyňyzy berk maslahat berýärin!

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Ojarmyrat Gandymov

Written by

Ylymsöýer

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade