Germaniýada bakalawr derejesini okamak

Ojarmyrat Gandymov
Mar 21 · 4 min read

Salam gadyrdan adamlar. Uzyn wagtdan soňra ylym-bilime degişli täze bir makala ýazmaly diýen karara geldim. Bu ýazgynyň üsti bilen Germaniýada bakalawr derejesinde okamak üçin ädilýän ädimleri düşündirmekçi. Mundan öňki 3 sany ýazan makalalarymda 100% öz tejribelerime daýanyp ýazan bolsam, bu gezek başga görnüşde ýazmakçy. Onun sebäbi bolsa meniň özüm bakalawr derejämi Germaniýada okamadym we hiç-hili gönümel tejribäm bolmady. Şol sebäpden Germaniýada bakalawr okaýan iki sany türkmen ildeşimizden interview aldym we onuň netijelerini hem bu makalada jemläp, size hödürlemekçi. Soraglaryma jogap bermage razy bolandyklary üçin Aýgül Seýtjanowa we Artykly Artyklyýewe uly minnetdarlygymy bildirýärin.

Studienkolleg näme zat?

Germaniýada mekdepler 12–13 ýyl okadylýany üçin, köp ýurtlardan gelýän okuwçylar ilki bilen uniwersitete başlamazdan ozal, Studienkolleg diýen ýerde 1 ýyl okamaly bolýarlar. Bu okuwlar ýörite daşary ýurtly okuwçylar üçin niýetlenen bolup, ony gutaranyňdan soňra uniwersitetlere tabşyrmaga gapy açylýar. Kollejiň ýarym ýyllygynyň tölegi 100–400€ (ýewro) arasy bolup, Baden Württemberg ştatynda 1500€ çenli ýetip bilýär. Okuwyň möhleti 1 ýyl, ýa-da 2 semester (2 ýarym ýyl). Güýz möwsüminde okuwa girseňiz, Setýabrda başlap, Iyul aýynda gutarýar. Eger ýaz möwsüminde girjek bolsaňyz, onda okuw fewralda başlap, indiki ýylyň ýanwarynda gutarar. Bu okuwy üstünlikli tamamlap bilmedik ýagdaýyňyzda, iki semesteri hem 1 gezek gaýtadan okap bilersiňiz. Studienkolleg-a tabşyrmagyň iki sany usuly bar. Birinjisi — Türkmenistanda mekdebi gutaryp, şol ýerden gönümel tabşyrmak. Ikinjisi bolsa, mekdepden soňra Germaniýa dil kursy öwrenmäge gidip, şol ýerden tabşyrmak.

Germaniýadaky kollejleri gözlemek üchin aşakdaky web sahypasyny ullanyp bilersiňiz.

(http://www.studienkollegs.de).

Okuwa tabşyrmagyň soňky möhleti haçan we jogaplar haçan belli bolýar?

Studienkolleg-e ýylda iki gezek tabşyryp bolýar. Eger güýzde tabşyrjak bolsaňyz soňky möhlet 15-nji iyul, we ýaz üçin 15-nji ýanwar. Wiza işini aňsatlaşdyrmak üçin näçe ir tabşyrsaňyz, şonça hem gowy. Hat-petekleri tabşyranyňyzdan soňra ortaça 7–10 günüň dowamynda jogap gelýär. Eger resminamaňyz kem bolsa, gönümel sizi ýykman, gerekli maglumatlary täzeden ugratmagyňyzy isleýärler. Hemme resminamalaryňyz ýerbe-ýer, B2 dil sertifikaty, ünsli ýazylan CV, we bahalaryňyz hem kämil bolsa, 1–2 hepdäniň dowamynda hökman kabul edýärler. Kabul edilendidiňiz barada haty alanyňyzdan soňra, ilki bilen Germaniýa gelip, nemes dili we matematikdan synag tabşyrmaly bolarsyňyz. Güýzdäki başlaýan semester üçin synag sentýabryň başynda bolýar. Eger synagy geçseňiz, sentýabryň ortasynda okuwa başlap bilersiňiz. Eger geçip bilmeseňiz, hepdelik iň azyndan 20 sagatlyk intensiw sapak berýän nemes dili kurslaryna galyp bilersiňiz. Ýaz semesteri üçin bolsa synag fewralyň başynda geçiriler we aýyň ortalaryna eýýäm okuwa başlap bilersiňiz. Ýazdaky başlaýan semestre girmek aňsadrak, sebäbi mekdepden soňra okuwçylar güýzdäki semestere tabşyrmak isleýärler we bäsdeşlik ýokary bolýar.

Studienkolleg üçin gerekli resminamalar

- Attestat (tutuş 5-lik bolsa okuwa girmek mümkinçiligiňiz ýokarlanar).

- Kämil ýazylan CV

- Okuwa bolan islegiňizi bildirýän hat (Motivation letter)

- Okuwyň resmi sahypasyndaky anketanyň doldurylan görnüşi

- Hemme dokumentleriň notariusdan geçen nusgasy (Aşgabatdaky Germaniýa ilçihanasyndan mugt etdirip bilersiňiz).

- Nemesçe B1 ýa-da B2 derejesinde sertifikat. Käbir okuwlar B1 islese, käbiri B2 hem sorap bilýar. Ýagny, tabşyrjak okuwyňyzyň web sahypasyna seretmegiňizi maslahat beryärin.

Nemes dili sertifikatyny Aşgabatda diňe Goethe sertifikaty üsti bilen alyp bolýar. Synag her ýylyň Mart aýynda 1 gezek Dil Merkeziniň binasynda geçirilýär. Gujurly Nesil, Päk Nesil we beýleki kurs merkezlerinden alynan sertifikat kabul edilmeyär! Goethe synagyna ýazylmak üçin azyndan 1 aý öňünden Dil Merkezine ýüz tutsaňyz ýerlikli bolar. Synag tölegli bolup, onuň mukdaryny şol ýerden anyklap bilersiňiz. Eger Germaniýada dil kursy okan bolsaňyz, onda ol ýerde islendik kurs merkeziniň sertifikaty bilen tabşyryp bilersiňiz.

Attestatdaky bahalaryň hemmesiniň 5-lik bolmasy nemesler üçin ýeterlik däl we attestatyň içinde hem gynansak-da okuwy tapawutly gutardy diýen ýeri ýok. Şol sebapli, Bilim ministrliginden ýa-da mekdebiň direktoryndan, „okuwy gowy bahalar bilen üstünlikli gutardy“ mazmunly aýratyn bir hat alynmagy örän wajyp. Resminamalar kollejiň özüne däl-de, onuň bagly bolan uniwersitetine tabşyrylýar. Kolleji gutarmagyň, uniwersitete girmegi kepillendirmeýär. Bu ýagdaý aljak bahaňa görä üýtgeyär.

Kolleje kabul edenlerinden soňra näçe wagtda wiza aldyň?

Germaniýada wiza bermek kararyny her ştatyň özi çözýär. Uly şäherlere wiza almak kyn bolsa, kiçileri üçin has aňsat. Ortaça wiza 4–8 hepdede taýyn bolýar. Wiza üçin hökman goragly, ýapyk hasap açmaly (blocked account). Germaniýa wiza almak barada has giňişleýin maglumatlary şu makalamda görüp bilersiniz: Almasy agyr düşen nemes wizasy…

Kollej döwründe stipendiýa alyp bolýarmy ýa-da hemme çykdaýjyňy özüň ýapmalymy?

Gynansak-da stipendiýa almak diýseň kyn. Maliýe kömegi ähmiýetli bolup biler, emma ýapyk bank hasabyňda 10,000€ açylany üçin, „maňa pul gerek“ diýip hem bilmersiňiz. Hemme bahalaryňyz gaty gowy bolsa, “Deutschlandstipendium” atly stipendiýa tabşyryp bilersiňiz şu aşakdaky link bilen:

(https://www.deutschlandstipendium.de/index.html). Munuň daşyndan, kollej döwründe size diňe dynç alyşda işlemäge rugsat beriler.

Kollejde haýsy sapaklar okadylýar?

Kollejleriň möhleti 1 ýyl bolmak bilen, ol ýerde her kim özüne bir ugur saýlap bilýär. Ugurlar 5 sany uly kategoriýa bölünyär:

M–kurslar: Lukmançylyk, Biologiýa and farmasewtika.

W — kurslar: Ykdysadyýet, Statistika, Maliýe, Biznes we Sosýal bilimler.

T — kurslar: Technologiýa, Matematika, Inženerlik, Tebigy ylymlar we Kompýuter ugurlary.

G — kurslar: Ynsanperwer ugurlar, Edebiýat, Taryh we German ylymlary.

S — kurslar: Dil ugurlary

Kollejlerde ýokarky agzalan uly 5 kurslar bolýar we hersinden 2 sany synp açylýar. Her synpda ortaça 20–25 adam okaýar we hemme sapaklar başdan başlaýar. Sapaklaryň aglaba bölegi nemesçe, iňlisçe we matematika bolup durýar. Ýöne elbetde saýlan ugruňa göra sapaklaryň agyrlygy we düzümi hem üytgeýär. Esasan hem ynsanperwer ugurlarda nemesçe gowy bilmeseňiz gaty kösenersiňiz. Okuwyňyzy näçe gowy baha bilen gutaryp bilseňiz, uniwersitetlere girmek ähtimallygy hem şonça artar. Nemes ulgamyna görä 1.0–1.8 arasynda baha alsaňyz, gowy uniwersitetlere girmek mümkinçiligiňiz ýokarlanar. Kolleji gutaryp, näçe köp uniwersitete resminamalaryňyzy tabşyryp bilseňiz, şonça-da gowy, sebäbi ýokary okuw jaýyna girmekde hem bäsdeşlik ýokary bolýar. Esasan hem lukmançylyk ugrundan Uniwersitete girjek bolsaňyz, kollejdäki bahaňyzy 1.5 töwerekde saklajak boluň, sebäbi okuwa esasan bahalar boýunça kabul edilýär.
Şol sebäpden hem okuwçylaryň hemmesi kolleji esasan gowy baha almak üçin okaýarlar we zat öwrenmek ikinji derejede bolup durýar. Özüňizi beýleki dalaşgärlerden saýgarmak üçin, okuwyň daşyndan jemgyýetçilik maksatly işleri bilen meýletinçilik edip, halka hyzmat etseňiz, bularyň okuwa girmek üçin uly kömegi bolup bilyär. Lukmançylyga girjek bolsaňyz esasan hem Red Cross ýaly ýerlerde jemgyýetçilik hyzmatlaryna kömek edip, CV- ňize ýerleşdirseňiz, okuwa girmekde olaryň orny gaty uly bolar.

Eger uniwersitetlere tabşyrmak prosesiňiz üstünlikli bolsa, onda şol ýerden göni wizaňyzy uzaldyp, okuwyňyza dowam edip bilersiňiz. Has köp maglumatlar üçin ýene bir gezek (http://www.studienkollegs.de) web sahypasyna girip görmegiňizi maslahat berýärin.

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade