Gmail: Indi biz siziň mail-leriňizi okamyzok

Google indi Gmail-däki mail ýazyşmalarymyzyň kompýuterleri tarapynda okalmajakdygy (index-lemek) barada habar berýär.

Ýogsa-da mundan öň Google hatlarymyzy okaýardymy?

Hawwa, elbetde. Iki uçsyz.
Google Gmail-däki bütin gelýän we ugradylýan mail-leri öz kompýuterleri bilen skanirläp, data merkezlerinde saklaýar. Soňra bu toplanan ägirt uly maglumatlar Google-yň reklama hyzmatyny has-da gowulandyrmak üçin ulanylýar. Şeýle-de maglumatlar, Google-a şahsylaşdyrylan (personalised) reklamalary görmezmek üçin amatly şert döredýär. Bu bolsa başgaça gaty köp mukdarda gazanç diýmek.

Mysal bilen düşündirsem;
Aýdaly men Gmail-iň üsti bilen dostuma täze website açmak isleýändigim barada hat ýazdym. Ýaznymdan köp wagt geçmänkä, maňa hosting firmasynyň reklamasy görkezilip başlanýar. Sebäp, Google eýýäm ugradan hatymy skanirläp, şahsylaşdyrylan reklama bilen meni şol firma müşderi etjek bolýar.

Google munuň üçin rugsat aldymy?

Biziň özümiz rugsat berýäris. Ýagny, Google şertlerini we ulanyş kadalaryny üýtgetdik diýýär, bizem mejbur kabul etmeli bolýarys. Bu hakda has giňişleýin okamak üçin: theguardian habaryna serediň.

Indi näme boldy-da Google bu edýän herekedini bes edýär?

  1. Özüne ýeterlik maglumatlary toplan bolup biler.
  2. Has gowy ýol tapan bolup biler.
  3. “Belki” çyny bilen dogrysyny aýdýandyr.

Özüň oýlanyp gördä…

)

Guvanch Nurgeldiyev

Written by

👨🏻‍💻 🐨 🌱

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade