Sungat taryhy — Impressionizm

Bayram Agayew
Dec 17, 2018 · 2 min read
Ýyldyzly gije (Wan Gogh)

Impressionizm sözi fransuz dilinden terjime edilende (fr:impressionissme) — galan täsir, duýgy, yz manylaryny berýär. Impressionizm 19-nji asyryň soňlaryna Parižda orta çykan sungat akymy. Ilkinji suratkeşleriň we pikirdeşleriň “ Suratkeşleriň anonim kooperatiw guramasy” ady bilen geçirilen sergiden soňra orta çykýar. Improssioniz termini sungat tankytçysy Louis Leroýiň çap eden makalasyndan soňra ulanylmaga başlanýar, impressionizm termini Klaude Monetiň Le Hawre portynda çeken Täsir: günüň doguşy (Impression: soleil levant) atly eserinden alynýar, bu bolsa impressionizmda Monetiň uly rol oýnaýanlygyny aňladýar.

Günüň doguşy (Klaude Monet)

Impressionistlara görä suratkeş hakykatlary ýa-da dogrylary şekillendirmän onuň ýerine gören peýzažynyň ýa-da şaýatlyk eden wakasynyň suratkeşde galdyran täsirini we içinde oýandyran duýgulary janlandyryp öz görüşini şekillendirmek bolup durýar. Impressionizmda her suratkeş öz duýgusyny öz durmuş hekaýasyny şekillendirdigi üçin her suratkeşiň eserlerinde şol şahsyýetiň kişiligini, harakterini görmek bolýar. Žiwopisde eserleriň allegoriki pikirlerine ýa-da eserde şekillendirilen esbaplaryň manylaryna üns berilmän esasy reňklere we şöhle oýunlaryna üns berilýär.

Saman küdeleri (Klaude Monet)

Impressionizm özi bilen biraz hem bolsa sungata demokratizmi getirdi diýip bilers. 18–19-nji asyrlarda žiwopis diňe aristokrat maşgalalar üçin we ýokary gatlak adamlar üçin döredilýärdi, suratkeşleriň şekillendiren daýhan adamlaryň kyn günleri we işçi gatlagyň eserlerde ýer alyp başlamagy sungat tankytçylary tarapyndan ýakymly garşylanmaýar. Impressionistler ne eýläk-ne beýläk diýen ýaly orta bir ýol seçýärler we žiwopisden edebi görüşleri, injil sýužetlerini, mifologiýany, taryhy aýyryp, akademiýadan uzaklaşýarlar. Ilkinji impressionistlar açyk howada surat çekmäge başlaýarlar. Ilkinji nobatda bolsa impressionistler konturdan daşlaşýarlar, onuň ýerine az göze ilýän kontrastlar ulanyp günüň şöhlesini has ýakymly şekillendirýärler.

Mawy tansçylar (Edgar Degas)

Impressionizm bilen modern sungat düşünjesi hem döremäge başlady diýip bilers. Impressionist suratkeşler esasan adamlaryň hereketdäki hallaryny, tans wagty ýa-da dynç alýan wagtlaryny, teatrda ýa-da parklarda geçirilýän wagtlaryny janlandyrýarlar. Impressionistlaryň eserlerini obýektiw pikirleniş bilen baksak olara görä adamlar diňe şadyýan durmuşda ýaşaýarlar, bu durmuş diňe baýramçylyklardan doly, şäheriň daşynda seýilgähde aýlanmak, owadan gyzlar bilen, dostlaryň bilen gowy wagt geçirmekden ybarat bolup durýar.

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Bayram Agayew

Written by

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade