Sungat taryhy — Realizm

Bayram Agayew
Dec 8, 2018 · 2 min read

Realizm sözi latyn dilinden terjime edilende “realis-maddy, material” manysyny berýär. Sungatda realizm akymy 1830-nji ýyllarda Fransiýada döredijilik adamlaryň arasynda uly gyzyklanma duýulyp başlanýar. Realizm klassizme we romantizme garşy bir sungat düşünjesi diýip bileris. Realizmi beýleki sungat akymlaryndan üýtgeşik kylan tarapy onuň ähli zatlary bolşy ýaly görkezmäge bolan islegi.

Nätanyş (Iwan Kramskoý)

Aýdynlanma döwründen soňra sada pikirlenişe bolan isleg sungata hem degmän geçmedi. Her bir sungat akymynyň arkasynda bir ýa-da bir näçe filosofiki düşünjeleriň boluşy ýaly realizm sungat akymynda bolsa pozitiwizm we sosializmyň täsirlerini görmek mümkin. Realizmda romantizmda ýa-da başga akymlarda bolşy ýaly eserlerde belli bir gahryman ýok, onuň ýerine ýönekeý durmuşyň ýönekeý sahnalaryny, žiwopisini nokatma-nokat hakykaty janlandyrmak bolup durýar. Realizm sungat düşünjesinde sungat eserlerini ybadathanalar, aristokrat ýa-da ýokary wezipeli adamlar üçin dälde ýönekeý halk üçin durmuşy bolşy ýaly janlandyrmak düşünjesi ýer alýardy.

Ornansda jynaza (Gustawe Kourbet)

Realizmiň esasy harakteri, sungat adamlaryň eserlerinde dini çagyryşsyz, mifologiýalara bagly bolmaýan eserleri sahnalandyrmak, ýagny adaty işgär adamlaryň adaty durmuş günlerini boldugyça hakyky görkezmek bolup durýar. Realizmiň ösmegi halkyň düşünjesiniň materialist tarapdan ösmegi bilen senagat we tehnologiýada netijelenýär.

Realizmiň sungat adamlary “sungat üçin sungat” idealogiýasy bilen hereket edip, halka diňe bolýan zatlary düşündirmäge çalyşýardylar.

Realizmde öňde gidiji ussatlardan:

  • Gustawe Kourbet
  • Ilýa Repin
  • Iwan Kramskoý
  • Jean François Millet
  • Pawel Federow

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Bayram Agayew

Written by

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade