Sungat taryhy — Romantizm

Bayram Agayew
Dec 1, 2018 · 3 min read

Romantizm sungat ýörelgesi sungatda iň soňky uly stil, ýagny öz yzyny sungatyň ähli görnüşinde galdyran soňky idealogiýa. Sungatda we estetikada rasionalizm bilen klassizmyň egemenliginden soňra täzeliklere bolan isleg möwç alyp başlady we netijede klassizme garşy çykyp romantizm orta çykdy. Ýewropada XVIII -XIX - asyrlarda medeniýet täze öwrümler amala aşyrmaga başlady, halkyň filosofiki düşünjeleri konserwatorlaryň pikirlerine garşy gelip, aýdynlanma zamanasyna gadam basdy. Bulardan daşary hem şol wagtyň ýewropasynda bolup geçen öwrülşikler gaty uly rol oýandy. Fransiýada monarhiýanyň ýykylmagy, ýakobinçileriň halkyň öňünde Lýudowik XVI öldürilmegi we ynsan azatlygyna bolan ymtylma rewolýusiýany utopiklik ýany bilen görkezýärdi. Bu bolsa sungat we estetika bolan dünýägaraýşy düýbünden üýtgetdi.

Halky öňe alyp barýan Azatlyk (E.Delakrua)

Romantiklar üçin bu dünýä gizliliklerden dolydy, ol gizlilikleri bolsa diňe sungatyň açyşlary bilen bilip boljaklygyna ynanýardylar. Edebiýatda fantastikanyň ýerini magaryf alypdy we romantist ýazyjylar ynsanyň özüni we dünýäni tanamasynda fantastikanyň kömeginiň degmejekligi pikir edýärdi.

Wiktor Hugo

Romantiklar eserlerinde dünýäni edil çaga ýaly täzeden akyl ýetirýärler, ähli organlary bilen duýup, kalbyň penjiresinden bakyp düşünmäge çalyşýarlar, öz eserlerindäki gahrymanlar olaryň dünýä bilen arasyndaky duran kijijek bir prizma bolup hyzmat edýär. Gysgaça aýtsak romantiklar üýtgeşik ynsany, üýtgeşik şertlerde goýup görkezmäge çalyşýalar. Edil romantizmyň gelmegi bilen dünýä edebiýatynda täze bir täsin döwür başlapdy. Edebiýatda romantizmiň öňde gidiji ýazyjylaryndan: A.S.Puşkin, N.W.Gogol, M.Lermantow, W.Hugo, O.Balzak, Ž.Stal, lord Baýron, doganlar Grimm, Edgar Alla Poe.

Doganlar Grimm

Sungat taryhçylaryna görä romantizm saz sungatyna gaty uly täsir ýetiripdir. Romaniklar üçin saz sungaty sungatyň iň ýokary görnüşi hasaplanypdyr. Saz sungatynda romantiklaryň hakykat bilen arzuwlaryň arasyndaky söweşi diýip gysgaça jemläp bileris, çünki romantiklar üçin bu durmuş ruhanysyzlyk we ahlagyň ýetmezçiligi görünip, arzuwlar bolsa nähilidir bir gözel, ajaýyp bir dünýä, ýöne ýetip bolmajak ynsan aklynyň düşünip bilmejegi bir ýer bolup görünýärdi. Bu diýmek romantiklar üçin akyldan öňürti duýgular birinji gelýärdi. Şonuň üçin romantizmda saz sungatynyň has ýokary galmagy geň görüljek zat däl. Elbetde hemmeler mälim bolan ady belli F.Şubert, R.Wagner, N.Paganini, F.Şopen, G.Berlioz, F. Çaýkowsiý ýaly kompazitorlar romantizm epohasynyň sazandarlary.

Nikolo Paganini
Riçard Wagner

Romantizmda žiwopise gelemizde bolsa romantik suratkeşleri hem romantizmiň beýleki görnüşleri ýaly üýtgeşiklik özüne çekýärdi, başga milletleriň medenýeti, dünýäniň mistiki ýüzi we ynsan aklynyň garaňky künjekleri ýaly. Romantizm žiwopisini beýlekilerden üýtgeşik kylýan zat hem eserlerdäki azatlyk we adalat üçin bolan söweşler. Romantizm suratkeşleri üçin esasy yham çeşmesi protorenessans we orta asyr mistsizmi bolup durýardy. Romantistlar eserlerinde öz içgi gorkylaryny, gizlilikleri, içgin gahrymanyň aladalanmagyny, gahar we ýigrenji şekillendirýärler. Gysgaçasy romantizm suratkeşleri esasy duýgulary şekillendirmäge ymtylýardy.

Tolkun (Iwan Aýwazowskiý)

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Bayram Agayew

Written by

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade