Surat okamak — Gykylyk, Edward Munk

Bayram Agayew
Nov 25, 2018 · 2 min read

Ýene-de bir meşhur eserleriň biri bolan Edward Munkyň “Gykylyk” suratyny düşünmäge, okamaga synanyşalyň.

Ähli suratkeşleriň eserlerini döretmekde itergi beren sebäpler onuň daşyny gurşap alan adamlar we başyndan geçiren wakalary bolup durýar. Elbetde Edward Munkyň hem geçmişine ser salman eseri barada söz açmak bolmaz. Edward Munkyň “Gykylyk” atly eseriniň üstüne tomaşaçylaryň biri şeýle ýazgy ýazypdy: “Dette kan bare skrive en gal” — “Muny diňe däli çekip biler”. Belli bir derejede wandalyň ýazany dogry hem diýip bileris, sebäbi Edward Munk bir ýyl ýaly ýürek agyrylylary zerarly hassahananada ýatypdy. Bu bolsa onuň maşgalasynda ilkinji gezek duş gelenokdy. Munkyň aýal doganlarynyň biri Laura hem şol hassahanada bejergi alypdy. Esasy zatlaryň biri bolsa Munk ejesini we uly gyz doganyny ir ýitiripdi, şol ýitgiler hem suratkeşiň döretmäge bolan islegini oýarypdy. Suratkeş üçin iň esasy ylham çeşmeleriň biri hem bagtsyzlyk bolup durýardy. Ejesiniň ölüminden soňra Munkyň kakasy dine gaty baglanýar we çagalaryna diňe bir zady wagyz edýärdi: “Egerde özüňizi dogry dürs alyp barmasaňyz size diňe jähennem garaşýar we erbet agyrylar içinde jähennemiň odunda ýanarsyňyz we size ol ýerden hiç hili çykyş ýok.”

Hassa gyzjagaz (Edward Munk)

Bular ýaly radikalist bir maşgalada ýetişen suratkeşiň dünýägaraýşyny hyýal etmek kyn. Suratkeş üçin bu dünýäde söýgi ýokdy, dünýäde diňe bagtsyzlyk bardy. Dünýäde diňe gam-gussa, hassalyk we ölüm bardy. Ine şu üç faktor hem suratkeşi çagalygyndan bäri yzarlaýardy, suretkeş bolsa bu üç faktora üç perişdelerim adyny beripdi.

Suratkeş ylhamy jebir çekmekden we ölümden alýardy. Munk görmegeý bolmagyna garamazdan zenanlardan gaçýardy, onuň üçin esasy zat ezýet çekmekdi we şeýle hem ýalňyzlyk duýgusyny duýmasydy.

Gykylyk

Edward Munkyň “Gykylyk” atly eserindäki peýzaž onuň hyýalynda bolan bir ýer däl, ol ýer hakykatdan hem bar. Suratkeşiň “Gykylyk” atly eseri dört görnüşde bar we onuň ikinji görnüşinde şeýle setirler bardy:

Bir ýolda barýardym iki dostum bilen
Gün batyp gelýärdi
Birden asman gan ýaly gyzyl boldy
Üstüme gorky we agyrlyk çöken ýaly durup galdym
Şäheriň we gara-gök fiýordyň üstünde gan we odyň dilleri bardy
Dostlarym ýollaryna dowam etdiler, ýöne men ünji bilen titräp galdym Tebigatdan soňsuz gykylygyň gelýänligini duýdum

Gykylyk (Edward Munk)

Ine şu duýgulary hem suratkeş şekillendirmek isläpdi. Edil şol suratyň döredilen ýeriniň ýanynda iki sany edara bardy, biri gassaphana biri bolsa dälileriň öýi. Gassaphanadan suratkeş ölýän haýwanlaryň sesini eşidýärdi, däliler öýünden bolsa hassalaryň elhenç sesleri gelýärdi. Şol däliler öýünde bolsa suratkeşiň başga bir gyz dogany bejergi alýardy.

Penjire

Bayram Agayew

Written by

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade