Surat okamak — Ynsanlyk ogly, Rene Magritte

Bayram Agayew
Dec 2, 2018 · 2 min read
Aşyklar (Rene Magritte)

Çeperçilik sungatynyň iň üns çekiji, gizlin, paradoksal, mistiki eserlerini döreden suratkeşleriň biri hem Belgiýaly suratkeş Rene Magrittedir. Biz adamlary aklyň düşündirip bilmejek paradokslary, mistikalary bir tarapdan gorky oýarsa, bir tarapdan ony düşünmäge bolan höwes has üstün çykýar. Rene Magritte hem bütin ömri boýunça ýönekeý esbaplary üýtgeşik halda şekillendirdi. Onuň eserleri surrealistik stile meňzese-de awtoryň özi bu gürrüňlere garşy çykýardy hatda surrealizmi tankyt edýärdi. Suratkeş üçin surrealizm psihoanalizdan köküni alyp gaýdýardy we psihoanalizi gaty halap baranokdy, onuň pikiriçe awtoryň eserleri poeziýa we mistikadan ybarat bolup durýardy. Suratkeş eserlerinde daş töweregini gurşap alýan gündelik ulanyşda bolan zatlary üýtgeşik hallarda suratlandyrmagy söýýärdi. Bir tarapdan bolsa suratkeş eserlerine şahyrana atlar goýýardy bu bolsa onuň eserlerini has çuňňur manylarda düşünmäge ýol açýardy.

Ynsanlygyň ogly (Rene Magritte)

Indi bolsa suratdan söz açsak bu eser suratkeşiň awtoportredi, esere bir göz atsak suratda döwrebap bir adamyň şeklini görmek bolýar, ýagny XX asyryň ortalary. Eserde suratkeşiň şekillendirmegi söýýän ähli zatlar bar. Daşyndan göräýmage ýönekeý bir surat welin, gözüň içine girip gelýän almanyň şekli eseriň sýužetini düýbünden üýtgedýär. Ol almanyň arkasyndaky adamyň ýüzüni görmek islegi içiňi ýyrtyp gelýär.

Näme üçin alma? Näme üçin göni ýüzüni ýapyp dur? Awtor bu eseri bilen näme aýtjak boldy? Bu soraglar adamy birahat edýär. Egerde eseriň ady bilen baglanşdyryp ýene bir gezek surata seretsek azda-kände düşünse boljak. Suratda awtor almany mukaddes ýazgylarda geçýän alma bilen baglanşdyrýar, ýagny alma Adam bilen Hawwa üçin gadagan edilen iýmiş hökmünde janlandyrypdyr. Biz hem Adam bilen Hawwanyň nesli bolup entägem şol gadagan almanyň ýagny bu dünýäde ynsanlyk üçin mahsus bolmadyk, bizi erbetlige iterjek baýlyklaryň yzyndan ylgaýanlygmyzy aýtjak bolýar. Almanyň adamyň ýüzüni ýapyp duramagy we gözleriniň çala görünmesi şol baýlygyň ynsanyň gözüni gapmagy, onuň dünýäni görmäge we düşünmäge bolan ukybyny azaldýar. Eseriň arka fonunda duran deňiz bolsa hakykatlar diýary, deňiz bilen adamyň arasyndaky diwar bolsa biziň maddy baýlyklaryň arkasyndan ylgap, hakykatlardan gaçyp, ony görmemezlik üçin guran diwarymyz. Elbetde bu ýazanlarmyň dogrulygyna güwä geçip biljek däl, çünki awtoryň aýdyşy ýaly “Meniň eserlerimden herkim özi üçin bir many tapmalydyr” diýýär.

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Bayram Agayew

Written by

absurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurdabsurd

Penjire

Penjire

Türkmençe Bloglar we Makalalar

Welcome to a place where words matter. On Medium, smart voices and original ideas take center stage - with no ads in sight. Watch
Follow all the topics you care about, and we’ll deliver the best stories for you to your homepage and inbox. Explore
Get unlimited access to the best stories on Medium — and support writers while you’re at it. Just $5/month. Upgrade