Kolumbyň gämisinden “Vogue” žurnalynyň ýalpyldawuk sahypalaryna — jinsiň bütindünýä syýahaty

Enar Rejepova
reňkli+
Published in
4 min readFeb 12, 2023
Jins ulanylyşynyň döwrüň geçmegi bilen üýtgemegi (kollaž awtor tarapyndan taýýarlandy)

Gündelik durmuşymyzda ulanýan top-3 eginbaşlarymyzyň arasynda ilki bilen kellämize gelýäni jins bolsa gerek. Hem erkekleriň, hem aýallaryň geýim şkafyny şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýöne bu hemişe beýle däldi. Birnäçe asyr mundan öň jins diňe işçiler üçin eginbaş bolup, ýokary gatlagyň dresskodynda düýbünden ýokdy.

Geliň, sungatyň, senagatyň we adamlaryň ýaşaýyş stiliniň modanyň kämilleşmegine näderejede täsir edýändigine bilelikde seredeliň.

Denim ýa-da jins diýlende ilki bilen kowboýlar ýadyňa düşýär. Munuň sebäbini birazdan gürrüň bererin.

Erkinligiň alamaty hasaplanýan bu mata Amerika Fransiýadan barýar. Jinsiň önümçiligi Fransiýanyň günortasynda ýerleşýän Nim şäherinde ýerleşýän eken. Denim sözi hem “serge de Nîmes” diýen fransuz söz düzüminden emele gelip “Nimde dokalan mata” diýen manyny berýär. Häzir “denim” diýlip bu matadan tikilen eginbaşlaryň ählisine aýdylýar.

Orta asyrlarda “serge de Nîmes” berkligi bilen tapawutlanyp, ondan gämileriň ýelkenini tikipdirler. Ýeri gelende aýtsam, Kristofor Kolumb hem Amerikany hut denim ýelkenli gämide açypdyr.

XVI asyryň başlarynda Italiýanyň Jenowa (türkmen dilinde Genuýa hem diýilýär, ýöne italiýan dilinde Jenowa diýilýär) şäherindäki deňizçiler we balykçylar ýelken matasyndan tikilen berk balaklary halapdyrlar. Az wagt soňra fransuz biznesmenler bu matany amerikanlaşdyryp, Genes [jenes] diýip atlandyryp başlapdyrlar. Ýöne henizem ol jinsler biziň häzirki bilýän jins matalarymyz däldi.

Geň galdyryjy hem bolsa, jinsler metal birikdiriji düwmejikler sebäpli ýörgünli bolýar.

Bu düwmejikler bilen jinsiň gatnaşygy meşhur jins brendi “Levi’s”-yň hekaýasynda gizlenen.

Amerikada XVII asyryň ahyrlaryna Kaliforniýada meşhur “Altyn howsalasynyň” başlamagy bilen, bu ýere 1853-nji ýylda “altyn keseli” degen müňlerçe işçiler bilen bir hatarda bagtyny synamak üçin belgiýaly Lewi Straus hem göçüp gelýär. Ol altyn gözlänok, ýöne, netijede, iň baý adamlaryň biri bolýar. Lewi ilki doganlary bilen “J.Straus Brother & Co” atly kompaniýa açýar we altyn gözlegçileri üçin zerur bolan harytlary, eginbaşlary we gap-çanaklary import edip, ýerli dükanlary üpjün etmäge başlaýar.

Şäher giňeýär, adamlar köpelýär we olara ýerleşmek, işlemek üçin köp zat, şol sanda eginbaşlar gerek bolup başlaýar. Talap artýar, içşiler bolsa haçan rahat, berk eginbaşlar peýda bolarka diýip garaşýarlar. Bu islege jogap hökmünde Lewi kompaniýasynyň adyny üýtgedip “Levi Straus & Co” marka bilen öz sargydy boýunça denimden tikilen iş eşiklerini satyp başlaýar.

Çeşme: Levi Strauss & Co.

1872-nji ýylda Lewi tikinçi Jeýkob Deýwisden hat alýar. Ol hatynda müşderisiniň ýanýoldaşynyň, ýagny altyn gözlegçisiniň iş eşigindäki jübüleriniň iş gurallarynyň agyrlygyndan çalt ýyrtylýandygy barada arz edendigini, jübüleriň birigýän we beýleki gowşak ýerleri mis birikdiriji düwmejikler bilen birikdirip boljakdygyny maslahat berýär. Sebabi tikinçiniň muny özbaşyna öndürmek üçin ýeterlik puly ýokdy. Şeýlelik bilen iň üstünlikli biznes hyzmatdaşlygy döreýär. 1873-nji ýylyň 20-nji maýynda jübüleri berkidilen denim balagyň önümçiligi üçin 139 121 belgili patent berilýär we şol gün häzirki zaman jinsiň dörän güni hasaplanýar.

Çeşme: Levi Strauss & Co.

Başda hyzmatdaşlar önümlerini iki — goňur we gök reňklerde çykarýarlar. 1890-njy ýylda indigo boýagly 501 model peýda bolýar. Indigo boýagynyň aýratynlygy tutuş mata däl-de esas ýüplük boýalýar, şol sebäpli matanyň arka tarapy ak, üst tarapy bolsa gök bolýar. Ikinjiden bolsa boýagyň reňk saklaýjylygy gowşak bolup, wagtyň geçmegi bilen göze ýakymly soluklar emele gelýär.

Ýyllaryň dowamynda markanyň tapawutly alamaty bolan iki setir mämişi tikinler, kemer geçirmek üçin halka, arka sag jübide gyzyl etiketka, iliklere derek zamok peýda bolup, model häzirki görýän keşbimize çenli üýtgäpdir.

Çeşme: Levi Strauss & Co.

“Altyn howsalasy” gowşaýar, ýöne pul gazanmak islegi gowşanok. Kompaniýa täze mahabat ýollaryny gözläp başlaýar. Bu gözleg kowboý filmleri bilen netijelenýär. Şeýlelikde, “Stagecoach” filminiň goýberilişinden soň 501 model iň halanýan we ýörgünli jins modeli bolýar.

Çeşme: Levi Strauss & Co.

Jins uzak wagtlap erkek eginbaşy bolup galýar, emma 1934-nji ýylda “Levi’s” ilkinji zenan jins modelini çykarýar. Bir ýyl soň Vogue žurnaly jinsli zenanlaryň suratyny çap edýär. Bu bolsa jinsiň eýýäm iş eşigi däl-de, eýsem moda elementine öwrülendigini subut edýär.

Jins ýeterlik derejede trend bolandan soň, onuň önümçiligi bilen diňe biznesmenler we tikinçiler däl-de, eýsem dizaýnerler hem meşgullanyp başlaýarlar. Jins dizaýnerleriň “eline geçenden soň” dürli printler, bezeg, biçüwler, daşlar, demirler bilen bezelip başlandy. Garaz bir mata bilen näme edip bolýan bolsa etdiler.

“Calvin Klein” brendiniň “Together in denim” mahabat kampaniýasyndan

Eger üns beren bolsaňyz jinsleriň bir aýratynlygy bar, olar jemgyýetiň tapawutly gatlaklaryndan bolan adamlary deňleşdirýär. Lewi ömründe hiç haçan jins geýmändir.

Rahatlygy, berkligi bilen özüni söýdüren garderobyň bu elementini häzir adaty işçileriň, meşhur ýyldyzlaryň, çagalaryň, ulularyň, prezidentleriň, erkin hudožnikleriň egninde görmek bolýar. Jins ýyllaryň dowamynda mizemez dresskodyň hötdesinden gelmegi başardy.

--

--