Plýonkadan kanwasa Z nesliniň 50-nji ýyllaryň Türkmenistanyna syýahaty

Batyr Berdiyev
reňkli+
Published in
3 min readMar 30, 2021

--

Hepdäniň gowy habarlar bilen doly boljagy eýýäm ýekşenbe günki çäreden bellidi. Soňky kinolary dünýädäki sinema salonlary bilen bir wagtda hödürleýän ýeke-täk kinoteatr bolan “Berkarar Cinema”-nyň açylmagy, türkmen teatrlarynyň 1-nji aprelden täze sezona başlaýandyklary habary, 1-nji aprelden şäherara awtobus gatnawlarynyň assa-ýuwaş işe giriziljekdigi habary sungata suwsan köňülleri az-kem bolsa heýjana getirdi. Bu habarlar barada giňişleýin maglumaty has tiz habar ýetirýän ýerli habar beriş saýtlaryndan alyp bilersiňiz. Bu makalanyň esasy üns merkezi bolsa, ýekşenbe günki geçirilen ýygnanyşyk barada.

Eýýäm alty ýyla golaý hem pikir babatynda, hem-de telekeçilik işi babatynda işjeňligini dowam etdirýän “Readit” onlaýn kitap dükany geçen hepde Aşgabatdaky “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde ilkinji offline dükanyny açdy. “Readit”-iň esaslandyryjysy Myrat Haýytbaýew bilen 2019-njy ýylda “Biznes Türkmenistan” neşiri üçin eden gürrüňdeşligimizde offline kitap dükanyny 2020-nji ýylda açmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. Elbetde, munuň näme üçin amala aşmandygy köre hem mälim. Pandemiýa biznes pikirleriniň we amallarynyň yza süýşmegini getirse-de, aslynda, pikirleri we meýilnamalary täzeden gözden geçirmäge mümkinçilik beren bolmagy hem mümkin.

Ýekşenbe günki çäre sungat industriýasynyň kiçiräk toparynyň döredijilik duşuşygyna öwrüldi. “Readit” kitap dükanyndaky duşuşykda suratkeş Gülşat Baýryýewanyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdyk. Gülşat “bilim” we “türkmençilik” sözlerini birleşdirýän, geçen asyryň 50-nji ýyllarynda düşürilen suraty çotgalary bilen täzeden teswirledi.

Semýon Fridlandyň düşüren suraty

Sowet fotužurnalist Semýon Fridlandyň Türkmenistan SSR-ine syýahatynda düşüren suratynda döwrüň Türkmenistanyň Döwlet Uniwersitetiniň talyplaryny görmek bolýar. Hernäçe ýapyk kompozisiýa usuly bilen düşürilen hem bolsa, suratdan döwrüň äheňini, medeniýetara sazlaşygy mese-mälim duýmak bolýar.

20-nji asyryň ilkinji ýyllarynda Kýewde doglan, 20-li ýaşlarynda Ogonýok žurnalynyň surat laboratiýasynda kömekçi hökmünde işe başlan Fridlanda “ýene takmynan bir asyrdan seniň düşüren suratyňy türkmenistanly bir ýaş hudožnik täzeden çeker” diýlen bolsady, ör-gökden gelerdi; belki düýşüne girendir…

Proses

Ýokaryda gürrüňini eden suratymyz, çaklamam boýunça Germaniýada öndürilen “Agfa” fotoplýonkalaryna düşürilen bolmaly. Sebäbi suratlarynda proletariýanyň hakykatlaryny görkezmäge ähmiýet beren Fridland eýýäm 40-njy ýyllarda reňkli plýonkalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga başlapdy.

Gülşadyň ulanan gurallarynyň haýsy brende degişlidigini biljek däl, emma palitranyň we kanwasyň töwereginde emele gelen döredjilik howasy goýy gürrüňdeşliklere we pikir alyşmalara sebäp boldy. Dizaýner, režissýor, saz-söz ýazyjysy, aýdymçy, operator, moda bilermeni…garaz, şeýleräk.

Gürrüň etmäge adam ýaly ýaran, döredijilik prosesi we ýarym käse çaý. Döredijilik adamsyna içini dökmäge başga näme gerek?!

Myradyň aýtmagyna görä, şeýle çäreler sungatyň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen öňümizdäki aýlarda has hem ýygylaşar. Reňkli sahypa hökmünde şeýle çäreleri guraýanlara el çarpýarys.

Gülşadyň döredijiligi bilen tanyşmak üçin: @marta_isanartist

--

--