Ýaşyl aýlawy gujaklamak ýa-da öýde organiki galyndylary kompostlamagyň ähmiýeti

renkli+
reňkli+
Published in
3 min readSep 12, 2023

Ekologiýa meseleleriniň has hem aýdyňlaşýan döwründe gündelik endiklerimizi täzeden gözden geçirmek we daşky gurşawa edýän täsirimizi azaldýan durnukly tejribeleri kabul etmek biziň üçin möhümdir. Şeýle tejribeleriň biri bolsa, öýde organiki galyndylary kompostlamakdyr. Kompostlamak diňe bir galyndylary dolandyrmagyň ýönekeý usuly däl, eýsem daş-töweregimizi baýlaşdyrmak bilen planetamyzyň saglygyna goşant goşmak üçin mümkinçilikdir.

Organik galyndylar dilemmasy

Islendik öý hojalygy her gün ep-esli organik galyndy öndürýär. Miwe we gök önüm gabygyndan başlap, ýumurtga gabyklaryna çenli bu galyndylar zibile taşlananda ähmiýetsiz bolup görünmegi mümkin, ýöne olar üýşende klimatyň üýtgemegine täsir edýän güýçli parnik gazy bolan metany bölüp çykarýar.

Kompostlaşdyrmagyň jadysy

Kompostlamak galyndylary ýokumly baý topraga öwürýän tebigy alhimiýa ýalydyr. Alnan kompost peýdaly mikroorganizmler we möhüm iýmitler bilen örtülen ýapyk reňkdäki ýere çökýän madda bolmak bilen bagyňyz üçin täsinlikler döredip biler, topragyň gurluşyny ösdürer, suwuň saklanyşyny gowulandyrar we ösümlikleriň gülläp ösmegi üçin zerur iýmit bilen üpjün edip biler.

Näme üçin kompostlamak işi wajyp?

Birinji sebäpleriň biri zibil meýdanlaryndaky galyndylary azaltmakdyr. Öýde kompostlamak bilen, organik galyndylaryň ep-esli bölegini zibil meýdanlaryndan daşlaşdyrýarsyňyz. Bu bolsa öz gezeginde metanyň bölünip çykmagyny azaltmaga kömek edýär we zibil meýdanyň kuwwatyny azaldýar.

Şeýle-de kompostlamak işi klimatyň üýtgemegini gowşatmak üçin ähmiýetli bolup biler. Kompostlama döwründe organik maddalar kislorod bilen garyşyp dargasa, metanyň ýerine kömürturşy gazy bölünip çykýar. Kömürturşy gazy hem parnik gazy bolsa-da, metan gazyna garanyňda howa şertlerine ep-esli pes derejede täsir edýär.

Mundan başga-da, birnäçe ylmy kitaplara we geçirilen tejribelere görä, kompostlamak işi topragy baýlaşdyryp, serişdeleri tygşytlap bilýär. Kompost topraga organik maddalar goşýar, gurluşyny we hasyllylygyny ýokarlandyrýar, peýdaly mikroorganizmleriň işjeňligini artdyrýar, ýokumly maddalary ýokarlandyrýar we sintetik dökünlere zerurlygy azaldýar. Kompostlanan dökün önümçilik üçin güýçli energiýa we serişde talap edýän täjirçilik dökünlerine bolan islegi azaldar. Bu bolsa topraga ýokumly maddalary gaýtaryp, aýlawy tamamlaýar.

Kompostlamak ýoluňyza başlamak pikir edişiňizden has aňsatdyr.

Ýeriňize we ýaşaýyş durmuşyňyza laýyk geljek kompostlama usulyny saýlap alyň. Olaryň görnüşlerine howluda kompostlamak, wermikompostasiýa (gurçuklary ulanmak arkaly amala aşyrylýar) we ýörite gaplar bilen ýapyk kompostlamak usuly girýär.

Mundan başga-da siziň edip biläýjek zadyňyz, bu organik galyndylary ýygnakdyr. Olar haýsylar? Miwe we gök önüm bölekleri, kofeden galan owuntyklar, çaý haltalary, ýumurtga gabyklary we howluda galan-gaçan ýapraklar organik galyndylaryň hataryna girip biler.

Garyndyny deňleşdiriň. Üstünlikli kompost üýşmegi üçin “ýaşyl” (azoda baý) we “goňur” (ugleroda baý) materiallaryň deňagramly garyndysyny maksat ediniň. Ýaşyl materiallara aşhana bölekleri, goňur materiallara ýaprak, kagyz we karton degişlidir.

Şu ýerde bir zat belläp geçesim gelýär. Bu makalany Linkedin’de kompostlama işi bilen meşgullanýan Azat Uraýewyň paýlaşýan postlaryndan ylhamlanyp, birnäçe ylmy-makalalary okap, özümiň eden seljermelerimiň esasynda ýazdym. Öz bilen zatlarymy başgalar bilen paýlaşmak maksady bilen okyjynyň düşünjek dilinde ýetirmegi göz öňünde tutdym.

Indi bolsa öz pikirlerimi ýapmak isleýärin. Kompostlamak adamlara daşky gurşawa oňyn täsir etmäge mümkinçilik berýän ýönekeý, emma güýçli hereket diýip pikir edýärin. Öýde kompostlamak praktikasyny ornaşdyrmak arkaly diňe bir daş-töweregimize peýdaly bolman, eýsem bütin bizden soňky ösüp gelýän ýaş nesillere hem mysal bolup bileris. Geliň, galyndylarymyzdan ýerlikli peýdalanmak we Ýerimizi has ýaşyl, has arassa planeta öwürmek ugrunda birleşeliň.

Makalanyň awtory:

Şasenem Sopyýewa

Originally published at http://renkliplus.com on September 12, 2023.

--

--