Şah Ruh Hanyň täze filmi näme sebäpden şowly çykdy?!

Ussa Hajyýew
reňkli+
Published in
3 min readFeb 21, 2023
Kinosöýerler Şah Ruh Hanyň filminiň nobatynda (Çeşme: Guardian/AFP/Getty Images)

Bilşiňiz ýaly, hindi kino sungatynda ýa-da has ýörgünli ady bolan Bolliwudda 3 sany meşhur Han bar (4-njisi hem bardy Irrfan Han; 2020-nji ýylda aradan çykan bu aktýor 3 Hana kän goşulanokdy). Ýagny Aamir Han, Şah Ruh Han hem-de Salman Han. Şol Hanlaryň içinde iň meşhury, belki-de iň köp muşdagy bolany Şah Ruh Han golaýda Pathaan atly täze film bilen ekranlara dolandy.

Gysgaçarak girişden soň köpler üçin Hanlaryň Hany bolan Şah Ruh Hanyň soňky filmi — “Pathaan” barada kelam-agyz belläp geçmekçi. Filmiň kinoteatrlara goýberilenine bir aý hem bolanok, şol sebäpli filme tomaşa etmek entek miýesser etmedi. Ýöne filme bolan isleg kinonyň kinoteatrlara çykarylan gününden başlap ýokary boldy. Film ilkinji gününde hem-de ilkinji hepdesinde iň köp girdeji gazanan hindi kinosy bolup, bu ugurlardaky rekordlary täzeledi. Uruşly triller görnüşindäki film “Yash Raj Films” studiýanyň önümi bolup (Şah Ruh Hanyň filmleriniň aglabasy şu studiýa tarapyndan ekranlaşdyrylýar), 146 minutlap dowam edýän filmde Şah Ruh Handan başga-da Bolliwudyň ägirtlerinden owadan aktrisa Dipika Padukone, şeýle-de, meşhur aktýor Jon Abraham hem bar. Tanymal Aditýa Çopranyň prodýuserligindäki filme Siddhart Anand režissýorlyk edýär. Filmde Ýakyn Gündogarda bir ýerlerde bikanun hereket edýän toparlaryň arasyna goşulan jansyzyň (agentiň) şol toparlaryň neşe satuwyna garşy alyp barýan göreşi barada gürrüň berilýär.

Indi, filmiň prokatdan şeýle köp girdeji gazanmagynyň esasy sebäbi ýa-da sebäpleri näme bolup biler?! Aslynda, filmde tutuş Hindistanda hem-de sebitde, ýa-da hindi halkynyň wekilleriniň ýaşaýan ýerlerinde iň eý görülýän Bolliwud aktýory Şah Ruh Hanyň baş keşpde çykyş edýändiginiň ýeke özi hem ýeterlik sebäp bolup biler. Ýöne Şah Ruh Hanam bolsaň, gowy kinoda düşmeseň tomaşaçy halaman bilýär. Mälim bolşy ýaly, Şah Ruh Hanyň 2018-nji ýylda “Zero” atly filmi hem bilermenlerden, hemem kinotankytçylardan juda pes (zero) baha alypdy (film çykdajysynyň öwezini hem dolup bilmändi).

Şah Ruh Han iň soňky gezek 5 ýyl öň filmde surata düşüpdi diýipdik. Şol 5 ýyllyk arakesme Şah Ruh Han ýaly ägirtler üçin juda köp wagt. Şeýle uzak “dynç alyşdan” soň Şah Ruh Hanyň hereketli, uruşly (ekşn) triller bilen ekranlara dolanmagy belki-de gereklidi we bu şeýle-de boldy. Bir söz bilen aýdylanda bolsa, aktýoryň “fan”-larynyň özleriniň söýgüli ýyldyzyny ekranlarda göresi gelip gidipdir. “The Guardian” gazetiniň berýän habarynda artistiň täze kinosy bilen baglanyşykly käbir janköýerler ony: “Bolliwudyň dolanmagy, Şanyň dolanmagy” diýip belleýärler. Şol sebäpli-de filme bolan isleg juda ýokary bolup, ilkinji hepdesinde nobata durup petek satyn alyndy.

Pandemiýa döwrüniň tamamlanmagyndan soň şeýle uly “blockbuster”-iň ekranlara çykmagy kino söýüjileri üçin uly baýramçylyk boldy. Pandemiýa döwründe şeýle uly taslamalar ýokdy (sebäbi kinoteatrlaryň ýapyk bolmagy zerarly gazanç etmek kyn bolardy). “Awatar: suwuň ýoly” kinosy-da pandemiýanyň tamamlanmagyna garaşdy. Ýöne garaşanyna degdi. Filmiň girdejisi 2 milliard 215 million dollardan geçdi.

Şah Ruh Hanyň täze filmine dolansak bu ekran eseri şu wagta çenli 970 crore rupi ýagny, 120 million amerikan dollaryndan köp kassa ýygymyny toplady. Filmiň çykdajysynyň 27 million dollardygyny göz öňünde tutsak, hiç neneň däl. “Pathaan” häzirki wagtda hindi pul birligi boýunça seredeniňde, ýurduň iň köp girdeji gazanan 5-nji kinosydyr. Hindi dilindäki filmleriň arasynda-da Aamir Hanyň “Dangal” filminden soň 2-nji ýeri eýeleýär. Film şu depginini dowam etdiren ýagdaýynda, 1500 crore (200 million dollardan ýokary) rupä çenli girdeji gazanyp biler.

Elbetde, filmiň şeýle şowly çykmagyny başga-başga zatlar bilen hem beýan edýänler bar. Şolaryň biri-de “The Kashmir Files” filminiň režissýory Wiwek Agnihotri “The Indian Express”-e beren beýanatynda şeýle diýýär: “Aslynda bu Şah Ruh Hanyň hut özüniň başarnygy. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de ozalky sistemanyň, ýagny tomaşaçyny samsyk ýerine goýýan düşünjäniň başarnygy” diýip belleýär. Ol filmiň syýasy kampaniýasynyň juda köp bolandygyny aýdyp, “Pathaan” filminden soň köp zadyň üýtgejekdigini belläp geçýär. Ussat režissýor ýurtda kino dünýäsiniň diňe ýyldyzyň güýjüne we täzeden öňki ýaly has köp kampaniýa mätäçlik çekilen döwürlerine dolanyp biljekdigini berk nygtaýar.

Film baradaky beýleki gürrüňleri-de oňa tomaşa edenimizden soň aýdyp bolar. Umuman alnanda, Şah Ruh Han hemişeki öz stilindäki kino bilen däl-de başgaçarak görnüşdäki film bilen 5 ýyllyk kinosyz geçen döwrüň öwezini dolýar.

Tekstimi Şah Ruh Hanyň muşdaklaryna ýene bir şatlykly habar berip tamamlaýyn. Şu ýylyň dowamynda aktýoryň ýene-de 2 kinosy — “Jawan” bilen “Dunki” atly filmleri ekranlara çykar.

--

--