2023 moda trendleri — giň jinslar, minimalist keşpler, emeli sütükden aksessuarlar

Enar Rejepova
reňkli+
Published in
4 min readFeb 2, 2023

Makalaň başynda moda trendleriniň diňe ylham almak üçindigini, her kimiň bu trendleri öz islegine we geýiniş stiline görä sazlaýandygyny ýatladasymyz gelýär; makalada ulanylan moda adalgalarynyň sözlügine göz aýlamagyňyzy maslahat berýäris.

Moda sözlügi:

Mom jins — bili göbegi ýapyp duran, çanaklygyň töwereginde biraz giňeýän göni biçüwli jins modeli. 1990-njy ýyllarda amerikan zenanlaryň arasynda has meşhur bolýar. Inlisçe “mom-eje” sözünden gelip çykýar.

Waýdleg jins — iňlisçe “wide-giň” we “leg-aýak” sözlerinden utgaşyp emele gelen jins modeli.

Legginsy — bu hem iňlisçe “leg-aýak” sözünden gelip çykan adalga, balagyň bedene ýelmeşip durýan görnüşi. Ol köplenç maýyşgak matalardan tikilýär.

Baletka — burny ýapyk, ökjesiz ýa-da 1–1.5 sm pes ökjeli klassiki zenan aýakgaby. Balet sungatynda geýilýän aýakgaplara meňzeş bolany sebäpli baletka diýilýär.

Bodi — bedeniň ýokarky bölegini gysyp saklaýan, suwa düşülýän geýime meňzeş iç geýimiň bir görnüşi. Ol uzyn we gysga ýeňli ýa-da ýeňsiz bolup bilýär. Köpgatly keşpleri döretmekde rahat bolany sebäpli häzirki wagtda adaty üst geýime öwrüldi.

Top — gysgaldylan üst geýimiň umumylaşdyrylan adalgasy. Oňa gysga köýnek, futbolka, maýka, örülen eginbaş we ş.m. degişli bolup biler.

Total-black — iňlisçe “total-tutuş” we “black-gara” sözlerinden gelip çykan adalga, eginbaşlaryň hemmesiniň gara reňkde bolmagy (bu adalgany islendik başga reňk üçin hem ulanyp bolar, total-pink — tutuş gülgüne, total-white — tutuş ak we ş.m.).

Giň ýa-da baggy jins

Daş görnüşi boýunça mom we waýdleg jinslaryň gibridini ýadyňa salýar we 2–3 ölçeg uly görünýär (aslynda hem uly). Şeýle jinslary meşhur markalar, inflýuenserler we dizaýnerler eýýäm işjeň ulanyşa girizip başladylar. Emma adaty ulanyjylar üçin bu trend henizem täze.

Emeli sütük

Açyk/ýiti reňkli uzyn ýa-da buýra emeli sütükler hem aksessuarlarda, hem aýratyn eginbaşlarda ulanylýar. Adaty bolmadyk reňkler, biçüwler, oýnawajy ýadyňa salýan aksessuarlar has üns çekiji bolýar. Emeli sütükden taýýarlanan ýa-da emeli sütük bilen bezelen aýakgaplary we sumkalary diňe gyşda däl, eýsem maýyl we yssy howada hem geýip bolar; esasy howa laýyk bolmagyna üns bermeli.

Baletkor

Adyndan hem belli bolşy ýaly bu trend baletlerden ylham alnyp döredilýär. “Göräýmäge şeýle dar ugur, nädip baletden trend döredikä?” diýýän bolmagyňyz mümkin. Aslynda bu keşp örän rahat elementleri öz içine alýar — legginsy, baletka, bodi, top, kelle üçin daňy, fatin ýubka we ş.m.

Ýöne esasy bellemeli zatlaryň biri keşbi döredeniňde aşa gitmezlik, ýagny göwrümde we materialda deňagramlylygy saklamak.

Sport-şik

Sport we romantizmiň sazlaşygy. Hemmeleriň bilýän we köpden bäri ulanýan ugurlarynyň biri bu ýylam biziň bilen galýar. Esasy aýratynlygy bolsa rahatlyk. Uzakly gün işjeň hereketde bolýanlar üçin edinäýmeli keşplerden biri.

Öwrenişen keşbine täzelik goşmak isleýänler üçin aşakdaky usullar peýdaly bolup biler:

- Trend reňk saýlamak (futbolka, üstki geýim, aksessuarlar);

- Gündelik keşpdäki adaty elementi trend element bilen çalyşmak (korset, giň jins, sütük sumka we ş.m.);

Gothic & Dark

“Wednesday” filminden soň eginbaşlarda, makiažlarda gara reňk has trend bolmaga başlady. Eýýäm birnäçe ýyl bäri podiumlarda total-black keşpleriň bardygyna ýa-da käbir markalaryň DNK-synyň gara reňk bolmagyna garamazdan, kinomatografiýanyň moda sferasyna täsiriniň güýçlidigini bu trend subut edýär.

Barbikor

Gülgüne reňkiň agdyklyk etmegi geçen sezonlardan hem tanyş trend. Belli bir wagt aralygynda ol hemmeleriň ýüregine düşdi, ýerini ýaşyl, gök, mämişi reňkler bilen çalyşdy. Muňa garamazdan, ynha, ýene-de iň köp saýlanýan reňkleriň biri boldy.

Öň diňe ýiti gülgüne saýlanýan bolsa, bu sezon onuň islendik öwüşginlerini görmek bolýar — solak, kirli, barbie-pink, açyk.

Minimalizm

Sada eginbaşlar. Bu sadalyk eginbaşyň biçüwini, reňkini, utgaşygyny öz içine alýar. Modada sadalyk eýýäm birnäçe ýyl bäri aktuallygyny ýitirenok.

Ýöne arassa görnüşde biraz içgysgynç görünýär. Şonuň üçinem, sada stili esas hökmünde ulanyp, ony trend elementler bilen baýlaşdyryp bolar.

--

--