Aýlaw ykdysadyýeti rewolýusiýasy: soňky täzelikler we trendler

renkli+
reňkli+
Published in
4 min readOct 29, 2023

Bu makalany ýazyp başlamazdan ozal özümiň birhili monoton depressiýasyna girýänligime göz ýetirdim. Birhili bolmasa diňe klimatyň üýtgemeginiň zyýanlary we ondan soňky täsirleri hakda ýöne boş ýere gygyrýan ýaly duýdum. Ekilmeli däl ýere tohum taşlaýan kimin diwana bolup ýörnmi nämemi?

Soňra özümi ele alyp, özümiň halkara täjirçilik we ykdysadyýet ugruny gutaranym we žurnalist hökmünde iki ýyl zähmet çekenim ýadyma düşdi-de adamlara bir peýdaly hem-de şol bir wagtyň özünde gyzykly kontent nädip etsemkäm we häzirki zaman durnukly ösüş maksatlaryny bir tema sygdyrsamkam diýdim. Şeýlelikde, size dünýädäki aýlaw ykdysadyýetdäki rewolýusiýalary we soňky täzelikleri hem-de trendleri gürrüň bermegi ýüregime düwdüm.

Durnuklylyga we daşky gurşaw jogapkärçiligine has köp üns berilýän dünýäde aýlaw ykdysadyýet önüm öndürmek, sarp etmek we dolandyrmak usulymyzy üýtgedip, esasy düşünje hökmünde ýüze çykdy. Ykdysady ösüşe bu düýpli çemeleşme galyndylary azaltmak, önümleri gaýtadan ulanmak we materiallary gaýtadan işlemek bilen häsiýetlendirilýär, şeýlelik bilen daşky gurşawa täsirini azaldýan ýapyk aýlaw döredýär. Aýlaw ykdysadyýetdäki soňky täzelikleri we tendensiýalary öwrenenimizde, munuň diňe bir söz däl-de, eýsem üýtgeýän global hereketdigini görýäris.

Aýlaw ykdysadyýete tarap global üýtgeşiklik: Eger analiz edip oňarsaň, sanlaryň özleri hiç zat diýmezden, bize käbir zatlary habar berýär. Ellen MakArtur gaznasy we Bütindünýä ykdysady forumy ýaly öňdebaryjy guramalaryň statistikasy aýlaw ykdysadyýetiniň möhüm ösüşini görkezýär.

Ellen MakArtur gaznasynyň maglumatlaryna görä, global aýlaw ykdysadyýeti 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp, bazar bahasy 4,5 trillion ABŞ dollaryna barabar bolar.

Bütindünýä ykdysady forumynyň habar bermegine görä, aýlaw ykdysadyýetiň 2030-njy ýyla çenli 4,5 trillion ABŞ dollary möçberinde ykdysady mümkinçilik döredip biler we şol bir wagtyň özünde uglerodyň zyňyndylaryny 39% azaldyp biler.

Tehnologiýa titanlary we aýlaw innowasiýasy: “Apple”, “Google” we “Amazon” ýaly kompaniýalar aýlaw tejribede täzeliklere itergi berýärler. “Apple” ýakynda üpjünçilik zynjyryny we önümlerini 2030-njy ýyla çenli bütinleý ugleroddan azat ýa-da bitarap etmek meýilnamasyny yglan etdi. Olar eýýäm enjamlarynda gaýtadan işlenen materiallary ulanmak we enjam söwdasy hem-de abatlaýyş programmalaryny öňe sürmek bilen öňegidişlik gazanýarlar. Bu diňe bir elektroniki galyndylary azaltmak bilen çäklenmän, beýleki tehnologiýa öndürijileri üçin hem ýokary standart döredýär.

Beýleki tarapdan, “Google” 2023-nji ýylda önümlerinde 100% gaýtadan işlenen materiallary ulanmaga borçnama bermek bilen, aýlaw ykdysadyýetine ep-esli maýa goýýar. Tehnologiýa ägirtleriniň bu hili ygrarlylygy, täzelikler we aýlaw innowasiýa üçin esas döredýär.

Moda aýlawlaşýar ýa-da çalt moda ýok: Biderek isripleri bilen tanalýan moda pudagy özgerişlikleri başdan geçirýär. “Patagonia” we “Eileen Fisher” ýaly brendler egin-eşikleri gaýtadan işlemek we abatlamak hyzmatlaryny öňe sürüp, bu dowamly tejribäni öňe sürýärler. Mysal üçin, “Patagonia” müşderilere ulanylan “Patagonia” eşiklerini satyn almaga we satmaga mümkinçilik berýän “Worn Wear” başlangyjyna itergi berdi. Mundan başga-da, global moda brendi H&M 2030-njy ýyla çenli 100% aýlaw we klimata pozitiw bolmagyny maksat edinýär. Ýöne onuň 2030-njy ýyla çenli nähili boljkdygy belli däl. Ýönekeý gürrüňlermi ýa-da hakykatdanam şeýle işleri amala aşyrmakçymy olar ony diňe wagt görkezer.

Şul ýerde mahabat bolmagy hem mümkin, emma bir belläp geçesim gelýän zat bar. Türkmenistanda öndürilýän we hili aýratynlygy bilen tapawutlanýan ýerli “Däp” brendiniň bir aýratynlygyny aýdasym gelýär. Olar türkmençiligi görkezýän milli printler bilen şekillendirilen eşikleri öndürýärler we olary öndürenlerinde oňa limit goýýarlar. Meselem aýdanymyzda, olar gyş sezonda täze 6 print çykarsalar olaryň her haýsynyň öndürilişine limit goýýarlar. Meselem 10 sanysyndan köp öndürmezlik (belki ondan az ýa-da köp bolup biler). Şeýlelik-de ol brendiň gymmaty artýar we ol brendiň harytlaryna bolan islegiň köp bolmagyna garamazdan, onuň eýeleri gereginden kän öndürmezligi maksat edinýärler. Bu bolsa öz gezeginde Däp-iň eýeleriniň işjeň strategiýany özleriniň iş meýilnamalarynda üstünlikli amala aşyrmagyna goşant goşýar.

BBC we “The New York Times” ýaly esasy habar beriş serişdeleri aýlaw ykdysadyýeti we onuň ähmiýeti barada habarlylygy ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýärler. Birnäçe aýlaryň we ýyllaryň dowamynda hasabatlar, bilermenler bilen geçirilen söhbetdeşlikler we bu ugurdaky iň oňat tejribeleri we kynçylyklary görkezýän mysallar çap edildi.

Ýaňy-ýakynda BBC-niň “Aýlawy ýapmak: Tegelek mümkinçilikler dünýäsi” atly makalasynda aýlaw işewürlik modelleriniň pudaklary özgertmek we daşky gurşawa täsirini azaltmak mümkinçiliginiň bardygy görkezildi.

“The New York Times” moda pudagynyň galyndylary we hapalanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin aýlaw tejribeleri nähili ulanýandyklaryny öwrenýän “Modanyň aýlaw rewolýusiýasy” atly makalasyny çap etdi.

Aýlaw ykdysadyýeti diňe bir tendensiýa bolman, eýsem çeşmeler, önümçilik we sarp ediş hakda pikir edişimizdäki düýpli üýtgeşiklikdir. Statistikalar onuň ykdysady potensialyny görkezýär, tehnologiýa ägirtleri ýokary derejäni goýýarlar, hatda moda ýaly adaty pudaklaram oňa uýgunlaşýarlar. Şäherler aýlanyşyga tarap barýarlar, BBC we “The New York Times” ýaly habar beriş serişdeleri bu düşünjäni wagyz etmekde öz goşandyny goşýarlar.

Aýtsaň aýdara zat kän, galanlaryny indiki ýazjak makalalarymda paýlaşarn durarn. Özüňizi goraň we aýlaw ykdysadyýetini özüňiziň gündelik durmuşyňyza nädip goşuň boljakdygy hakynda pikir ediň. Belki siziň bu kiçijik hereketiňiz dünýäde käbir üýtgeşikligi alyp barmaga ýardam eder.

Makalanyň awtory,

Şasenem Sopyýewa

Originally published at http://renkliplus.com on October 29, 2023.

--

--