Aziýalylaryň Oskary we garaşylmadyk dalaşgärler
Mundan 2 hepde öň Amerikan kino sungaty we bilimleri akademiýasy (AMPAS) 95-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärlerini mälim etdi. Dalaşgär görkezilenleriň arasynda garaşylmadyklaryň bolşy ýaly, garaşylýanlaryň ýoklugy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Onsuzam her ýylky dalaşgärleriň arasynda hökman uly sýurprizler bolýar. Soňky ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de aziýalylaryň şemalynyň belentden öwüsýän Oskar dabarasy boljaga meňzeýär. Taryhda ilkinji gezek 4 aziýaly artist Oskara dalaşgär görkezildi. Olaryň 3-si — Mişell Ýeo, Ke Kwa Jonatan, Stefani Hsu bolup, “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminiň artistleridir. Beýlekisi-de “Kit” filmindäki keşbi üçin dalaşgär görkezilen Hong Çau boldy. Iň gowy režissýor ugry boýunça dalaşgär görkezilen “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminiň režissýorlarynyň biri Daniel Kwan (beýlekisi Daniel Şeinert) bolup, ol Oskaryň 95 ýyllyk taryhynda bu hormata laýyk görlen 9-njy aziýaly režissýordyr. Şolaryň 5-siniň soňky 3 ýylda dalaşgär görkezilendigini hem belläliň.
Bu ýylky aktýorçylyk ugurlarynyň dalaşgärleriniň käbirlerine düýbünden garaşylanokdy. Mysal üçin, ady-sany eşidilmedik “Lesliniň hatyrasyna” (To Leslie) filmindäki keşbi üçin Andrea Raýzboronyň dalaşgär bolmagy köpleri geň galdyrdy. Aslynda aktrisa dalaşgär görkezilmän bilerdi. Ýöne Hollywood-yň men diýen artistleriniň — Emi Adams, Edward Norton, Gwinet Paltru, Keýt Winslet ýaly belli ýyldyzlaryň filmiň gahrymanyny mahabatlandyrmagyndan soň, 5-nji dalaşgärlik Raýzboronyňky boldy. Şol sebäpli-de Danielle Dedwaýler (“Till”) bilen Wiola Dewis (“Zenan şa”) ýaly garaýagyz aktrisalaryň dalaşgärlikleri-de puç boldy oturyberdi.
Başgaça aýdylanda, Oskarda dalaşgärlik hem-de ýeňiş gazanmak üçin iň gerekli esasy zat mahabat kampaniýasydyr. Şol sebäpli-de ýygy-ýygydan mahabat kampaniýasynyň üsti ýetirilen kinolardyr artistleriň garaşylmadyk dalaşgärligi ýüze çykýar. Andrea Raýzboronyň dalaşgärligi baradaky jedelli gürrüňler, nägilelikler häzirki wagtda-da metbugatda, internet mediasynda dowam edýär.
Iň gowy aktýor ugry boýunça dalaşgär görkezilenleriň 5-si hem ilkinji gezek dalaşgärlige hödürlendi. 88 ýyldan soň şeýle waka ilkinji duş gelinýär. Umumylykda, dalaşgär görkezilen 20 artistiň arasynda diňe biriniň — Keýt Blanşettiň Oskary bar. Hatda Anjela Basett, Mişell Williams hem-de Judd Hörşdan galan 16 artist ilkinji gezek dalaşgär görkezilýär. Mahlasy, dalaşgär görkezilen artistleriň hemmesi diýen ýaly Oskar dabarasyny ilkinji gezek başdan geçirer. Ikinji plandaky iň gowy aktýor ugry boýunça-da Braýan Taýri Henriniň (“Köldäki köpri”) hem-de Judd Hörşüň (“Fabelmanlar”) dalaşgärliklerine garaşylanokdy. Olaryň ornuna Bred Pitt (“Wawilon”), Eddie Redmeýn (“Oňat şepagat dogany”) hatda Pol Dano (“Fabelmanlar”) dalaşgär görkezilip bilnerdi. Edil şonuň ýaly-da Kari Malligan (“Zenan aýtdy”), Jessi Bakli, Kleýr Foý (ikisem — “Gürrüňdeş zenanlar”) dagy bolsa ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragy daşynda galyp, olaryň Oskar arzuwlary indiki ýyllara galdy.
Kino sungatynyň taryhyndaky iň köp girdeji gazanan 4 kinonyň 3-siniň režissýory Jeýms Kameron bu gezek iň gowy režissýor ugry boýunça dalaşgär görkezilmedi. “Awatar: suwuň ýoly” filmi üçin “Altyn globusda” dalaşgär görkezilen režissýor bu gezek Oskaryň sanawynyň daşynda galdy. Bilermenleriň pikirine görä, Kamerona derek “Tukatlygyň üçburçlugy” filminiň şwesiýaly režissýory Ruben Estlund dalaşgär görkezildi.
Şeýle-de, Ussat režissýor Stiwen Spilberg 9-njy gezek iň gowy režissýor baýragyna dalaşgär görkezilip, 2-nji ýerdäki Martin Skorseze bilen deňleşdi. Sanawyň başyny 12 dalaşgärlik bilen William Waýler çekýär.
Oskaryň ýene bir esasy ugurlarynyň biri (iň bolmanda daşary ýurtly hökmünde bizleri gyzyklandyrýar) hem halkara film baýragy bolup, bu ýyl dürli ýurtlardan juda gowy filmleriň bardygyny aýratyn nygtaýyn. Ýöne şolaryň arasyndan diňe 5-si sanawa alynýar. Onda-da Oskaryň agzalarynyň tomaşa eden filmleri sanawa goşulýar. Şol sebäpli “Frontuň günbatarynda täzelik ýok” filmi Akademiýanyň agzalarynyň göwnünden turan ýaly (Maňa-da tomaşa etmek miýesser etdi we film mendenem ýokary baha aldy). Sebäbi iň gowy film baýragy bilen bir hatarda, 1-nji Jahan urşy baradaky nemes kinosynyň 8 dalaşgärligi bar. Koreý kinosy “Aýrylyşmak karary”, fransuz filmi “Sent-Omer” ýaly kinolaryň sanawyň daşynda galmagyna garaşylanokdy. Dalaşgärleriň arasyndaky iň ünsi çekýän kino hem Polşanyň önümi, režissýor Ýerzi Skolimowskiniň IA filmidir. Filmdäki wakalara eşegiň gözünden (nukdaýnazaryndan) seredilýär.
Ýene-de bir zady belläp, 95-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri baradaky gürrüňimi tamamlaýyn, 5 Oskaryň eýesi ussat kompozitor Jon Williams 53-nji gezek Oskara dalaşgär görkezildi. Bu ugurda rekord entegem Wolt Disneýe degişli (59 dalaşgärlik). 90 ýaşyndaky Williams Oskaryň 95 ýyllyk taryhynda dalaşgär görkezilen iň ýaşuly şahsyýet diýlip hasaba alyndy.
Haýsy ekran eseriniň iň gowy film baýragyny aljakdygyny anyk aýtmak kyn. Ýöne esasy göreşiň “Inişeriniň perisi” bilen “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmleriniň arasynda bolmagyna garaşylýar. Meň pikirimçe-de, şolaryň ilkinjisiniň ady sary daşly, meşhur bukjadan çykaýjak ýaly.
95-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri 12-nji martda Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda Jimmi Kimmeliň alyp barjak dabarasynda belli bolar.