Biri-birinden triller 6 täze film

renkli+
reňkli+
Published in
5 min readOct 12, 2023

Täze filmler bilen tanyşdyryş makalamyza bu gezek 6 sany filmi goşdum. Olaryň hiç biri-de “popcorn” ýa-da azy ýaran ullakan taslamalar däl. Şeýle bolmasa-da, bu ekran eserleri kino muşdaklary üçin gyzykly bolup biljek filmler. Saýlan filmlerimiň diňe birinden galanyna zenanlar režissýorlyk edýär (Ýörite saýlanan ýaly). Ýogsam ählisiniň diýen ýaly žanry triller görnüşli bolan bu 6 kinonyň birinden galany (indi görkezilmeli) häzirki wagtda kinoteatrlarda ýa-da “streaming” kanallarynda görkezilýär. Olar soňky 10–15 günüň dowamynda prokatlara ýa-da “streaming” kanallarynda görkezilip başlandy.

Ilki bilen “Netflix”-iň önümi bolan “Fair Play” (“Adalatly oýun”) atly kinosy bilen başlaly. Ýaş zenan režissýor Hloe Domontyň ilkinji kinosy bolan filmde baş keşpleri — “Netflix”-iň gowy görlen seriallaryndan “ Bridgerton “ ekran eseriniň ýyldyzy, ýaş aktrisa Fibi Diniwer, şol sanda aktýor Alden Erenraýk janlandyrýar. 113 minutlyk filmiň ssenarisi režissýoryň özüne degişli. Triller görnüşli filmiň kritiklerden, şol sanda tomaşa eden kino muşdaklaryndan alan bahasy ýokary boldy. Toronto, Sürih film festiwallarynda-da görkezilen film ýylyň özboluşly trillerleriniň hatarynda görkezilýär.

Filmiň temasy: Filmde bir maliýe şereketinde işleýän Emili bilen Lýuk aslynda, biri-birilerini söýýän iki ýaş çatynja. Ýöne ikisinden biriniň wezipesiniň ýokarlanmak mümkinçiligi ýüze çykýar. Şondan soň ol ikisiniň arasynda aragatnaşyk tümlüge sary ýol alyp, bäsdeşlik başlaýar. Olar başarnygyň hakyky öweztölegi hem-de bäsdeşligiň içýakgyç taraplary bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolýarlar…

Ikinji kinomyz “Foe” (“Duşman”) diýlip atlandyrylýar. “Lion” (2016-njy ýylda ekranlara çykan film köpler tarapyndan ýokary baha aldy), “Mary Magdalene” ýaly filmler bilen adygan Gart Dewisiň režissýorlyk eden 3-nji kinosynda baş keşpler irlandiýaly artistler — aktrisa Sirşa Ronan bilen aktýor Pol Meskala ynanyldy. Bu film hem triller görnüşde bolup, ol psihologik, ylmy-fantastik žanrlary hem özünde jemleýär. Film iri kompaniýalaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýanlarynyň üstünde hem durup geçýär. Nýu Ýork film festiwalynda görkezilen ekran eseri ABŞ hem-de Awstraliýanyň bilelikdäki önümi bolup, filme tomaşa edenleriň ýaryna golaýynyň göwnünden turupdyr. Umumylykda ortaça baha ýa-da ortaçadan az-owlak pesräk baha alan film ssenarisine hem goşant goşan kanadaly ýazyjy Iaýn Reidiň adybir eseri esasynda ekranlaşdyryldy.

Filmiň temasy: Junior bilen Henritte şäherden o diýen uzak bolmadyk öýlerinde asuda durmuşda ýaşap ýörler. Ýöne günleriň birinde olaryň gapysyndan gelen Terrans atly nätanyş kişi olara ýakymsyz habar aýdýar. Şondan soň olaryň asuda durmuşy öňküligini ýitirýär. Junior älem giňişligine gitmeli bolýar. Henritte üçin täzeçe durmuş başlaýar…

Indiki filmimiz hem psihologik triller görnüşde bolup, Awstraliýanyň önümi bolan bu “The Royal Hotel” kinosydyr. Bu filmi hem zenan režissýor surata düşürdi. Kitti Griniň režissýorlyk eden filminde baş keşbi Julia Garner janlandyrýar. Ol Griniň “The Assistant” filminde-de surata düşüpdi. “The Royal Hotel” filminiň ýene bir baş keşbini ýaş aktrisa Jessika Henwik ýerine ýetirýär. Garner bilen Henwike belli artistler — Hugo Wiwing, Tobi Wollas, Ursula Ýowiç, Daniel Henşall dagy hem ýoldaşlyk edýär.

Awstraliýada surata düşürilen film Toronto, Telluride, San Sebastian, BFI London ýaly film festiwallarda-da görkezildi. Entek köp ýerde prokatlara ýaýradylmadyk film, noýabr aýynda görkezilip başlanar. Ýöne tomaşa edenleriň köpüsi filme ýokary baha berýär. Esasan hem Julia Garner özüne ynanylan keşbiň hötdesinden aňyrýany bilen gelipdir.

Filmiň temasy: “Hotel Coolgardie” atly 2016-njy ýylda Pit Glison tarapyndan taýýarlanan dokumental film esasynda ekranlaşdyrylan kinoda Hanna bilen Liw atly iki amerikaly gyz Awstraliýanyň çeträk ýerleriniň birindäki “The Royal Hotel” atly myhmanhananyň barynda işläp başlaýarlar. Ýöne başlyklary Billi olary gününe goýman, birahat edip ugraýar…

Başga bir zenan režissýoryň Susanna Fogeliň 3-nji uly metražly kinosy “Cat Person” (“Pişikçi” diýlip alsa bolar) filmi-de täze filmler makalamyzdaky tanyşdyrjak bolýan nobatdaky kinomyz. Gara komediýa, psihologik triller görnüşli bu ekran eserinde ýaş aktrisa Emilia Jons, aktýor Nikolas Braun esasy keşplerde surata düşdi. 12 million dollar çykdajy edilen film şu ýylyň başynda Sandens kino festiwalynda görkezilipdi. “The New Yorker” neşirinde Kristen Rupenianyň çapdan çykan gysga hekaýasy esasynda ssenarisi ýazylan filmiň dowamlylygy 2 sagada deňdir.

Filmiň temasy: Filmde 20 ýaşly Margot uniwersitetde 2-nji synpda okaýar. Ol özünden uly Robert atly bir adam bilen telefon arkaly tanyşýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Robertiň şol telefonda ýazyşýan Roberte meňzemeýändigini aňýar…

Soňky döwürlerde “horror” (gorkuly, gorkunç) görnüşli filmleriň sany artýar. Munuň hem esasy sebäbi ilki bilen-ä, filme isleg bildirýänler köp, birem az çykdajy bilen köp gazanç edip bolýar (aslynda gorkunç filmler barada-da bir makala ýazylmaly). Gysgaça maglumat berjek bolýan indiki kinomyz “Totally Killer” (“Absolýut ganhor”) diýlip atlandyrylýar. Gara komediýa hem-de “slasher” (gorkuly film žanrynyň bir görnüşi) görnüşli filme asly eýranly zenan režissýor Nahnatçka Khan režissýorlyk edýär. “Amazon” studiýasynyň önümi bolan filmde baş keşbi ýaş aktrisa Kiernan Şipka janlandyrýar. Oliwiýa Holt, Rendall Park, Julie Bowen dagy filmiň beýleki artistleri bolup, ekran eserine kritikler ýokary baha berýär.

Filmiň temasy: Kanadanyň Wankuwer, Britiş Kalumbiýa şäherlerinde ekranlaşdyrylan filmde birnäçe ýetginjegiň tokaýda öldürilip, bu wakanyň üstünden 35 ýyl geçýär. Şol ganhor ýene-de täze pidalaryň kassyna çykýar. Ejesine gulak asman şol ganhor bilen ýüzleşmek isleýän Jeými (Kiernan Şipka) ondan gaçmakçy bolanda ýalňyşlyk bilen 1980-nji ýyllara gidýär. Jeýminiň şol ýyllarda galmazlygy üçin 7 sagatlyk puryjasy bar. Ol şol bir wagtyň özünde-de ganhory duruzmak üçin ejesiniň ýaşlygy we joralary bilen bile hereket etmeli bolýar.

Makalamyzdaky soňky kinomyz bolsa “She Came to Me” (“Onuň özi geldi”) filmi bolup, oňa meşhur zenan režissýor Rebekka Miller režissýorlyk edýär. 73-nji Berlin film festiwalynda premýerasy bolan film Hollywood-yň ägirt studiýalaryna degişli däl, ýagny garaşsyz film kategoriýasynda. Drama gatyşykly romantik komediýa görnüşli filmiň ssenarisi režissýoryň özüne degişli. Režissýor “Maggie’s Plan”, “The Private Lives of Pippa Lee”, “Proof”, “The Ballad of Jack and Rose” ýaly filmleri surata düşüripdi. Ussat režissýoryň täze filminde esasy keşpleri Piter Dinkleýj (“Tagt oýunlary” serialynyň gysgajyk boýly gahrymany), oskarly aktrisa Enn Heteweý, belli aktrisa Marisa Tomei dagy janlandyrýar.

Filmiň temasy: Ortaça bahadan sähelçe ýokary alan filmde kompozitor Stiwen Lauddemiň (Dinkleýj) hemmäniň garaşýan opera çykyşyndan öň ylham çeşmesi gurap, ol alaçsyz, lapykeç ýagdaýa düşer. Ol operanyň sazlaryny düzüp ýetişmeýär. Öňki psihoterapewti bolan ýanýoldaşy Patrişiýanyň (Heteweý) görkezmesi boýunça täzeden özüni dürsemegä synanyşýar. Ol garaşyşyndan has uly zadyň üstünden barýar…

Makalanyň awtory:

Ussa Hajyýew

Originally published at http://renkliplus.com on October 12, 2023.

--

--