“Chynar” hemme zenanlary sada gözellige çagyrdy

renkli+
reňkli+
Published in
3 min readOct 22, 2023

Hemme zatdan owadanlyk gözlemek gowy zat. Ýöne şol owadanlygy özüň döretjek bolmak has gowy. Dünýäni gözellik halas eder diýlensoň, men gözellige düşünýän, gözellik döretmäge höwesli adamlara duşsam arkaýynlaşýan. Diýmek, dünýäni halas etjekler bar.

“Chynar fashion and beauty” 30-njy sentýabrda geçiren dördünji moda görkezilişi bilen maňa bir zady düşündirdi: gözellik gözeilginçlikde däl, gözellik sadalykda. Asyl bu moda görkezilişiň ady hem şeýle — “Sada gözellik”!

Dürli-dürli matalar garylyp, dürli fasonlar bilen tikilen, ilkinji gezek seredeniňde doly kabul hem edip bilmän, ýene-ýene seredilýän köýneklerden ýadan gözlerim hakyt dynç alaýdy. Dürli uzynlykdaky köýneklerden daşgary balaklardyr, korsetleri, ýeňsizlerdir donlary hem öz içine alýan toplumda hemme lybas seniňem, meniňem geýäýjeklerim. Has dogrusy, bu lybaslar diňe görmek üçin däl-de, geýmek üçin tikilen.

“Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň “Gyzgalasyndaky” “Chynar” moda we gözellik öýi eýesi bilen adybir.

Çynardan moda görkezilişini gutlap, çaklaňja interwýu hem aldym. Ýadawdygyna garamazdan, şowhun gutaran badyna diýen ýaly meniň habarymy aldy.

- Çynar, näme üçin moda dünýäsini saýladyňyz? Owadan görünmek üçinmi ýa nädip owadan bolunýandygyny görkezmek üçinmi?

- Ikisem. Mekdepde okaýarkam, entek kiçi wagtlarym joralarymyň saçlaryny oňarýanymy bilýän. Kimdir biri köýnek tikinjek diýse, öz-özümden tapyp, fasonyny çyzyp bererdim. Soň köýnegem tikip başladym. Wizažistlikdenem tejribäm bar.

- Garaz, bir adamy dyrnagyndan dabanyna çenli bezäp, owadanlamaga mümkinçiligiňiz bar-da?

- Howwa diýeýin.

- Ýöne barybir lybas tikmek birinji orunda ýaly?!

- Şol bolýa-da. Meniň esasy aladam öz tikinçiler toparymy döretmek boldy. Ýogsa men öňki Halk hojalygy institutyny gutarypdym. Ýöne öz ugrum boýunça işlemän, moda tarap gaýtdym.

- Indi haçandan bäri?

- 2012-nji ýylda ymykly moda bilen professional ýagdaýda meşgullanmagy ýüregime düwüpdüm. 11 ýyl bolaýypdyr.

- Daşary ýurtda moda görkezilişiňiz bolupmydy?

- 2020-nji ýylda. Gazagystanda onlaýn tertipde görkezdik. Gowy garşylandy.

- Size gelen boş gider ýaly däl, tüweleme! Balakdan başlap, dona çenli bar. Men ýene bir zada üns berdim. Ýewropa ýykgyn etseňizem, türkmendigiňizi unudaňzok ekeni. Şony aýratyn gowy gördüm.

- Yhlasym gözüňize ilipdir, begenýän. Meň maksadym ýewropa stilini milliligimiz bilen utgaşdyrmak. Milli nagyşlarymyzy tas hemme lybasda diýen ýaly ulanýan.

- Şol gowy-da! Daşary ýurtly modelýerler bilen araňyz nähili?

- Şolardan ylhamlanýan. “Gucci”, “Christian Dior” moda görkezilişlerini sypdyramok. Hökman özüme gerek zatlary tapýan.

- Maşgalaňyz düşünýändir-le?

- Elbetde! Ýogsa özbaşyňa iş ýöredibiljek aladaň barmy? Hemmetaraplaýyn goldaýarlar.

- Siziň moda öýüňizde meşhur ýyldyzlaram ýygy-ýygydan “düşleýär” diýip eşitdim.

- Dogry şol. Şol ýyldyzlaryň “ýagtysy” biziň ýolumyzy ýitirmän, ynam bilen dowam etmegimize kömek edýär. Mähri Pirgulyýewa (Myahri), Selbi Tuwakgylyjowa, Firýuza, Mähri Annageldiýewa dagylar hemişelik müşderilerimiz.

- Ýene täze toplumyňyza dolanalyň. Olarda hemmelere ýarajak bolmak aladasy duýulýar. Ýa ýalňyşdymmy?

- Ýok. Dogry şol. Men moda görkezilişinden özüne laýyk lybas tapman gideniň bolmagyny islämok.

Makalanyň awtory:

Selbi Selimowa

Originally published at http://renkliplus.com on October 22, 2023.

--

--