Dünýäni satan adam bilen ýüzbe-ýüz

Bayram Agayew
reňkli+
Published in
3 min readApr 18, 2021
Kurt Cobain ( c: Jesse Frohman)

X-nesliniň sesi bolan Nirwana rok toparynyň solisti Kurt Kobainiň diňleýjilerini taşlap gidenine aprel aýynyň bäşine 17 ýyl boldy. Bu sanda Nirwana topary we toparyň beýni bolan Kurt Kobain barada söz açmakçy.

Nirwana topary 1987-nji ýylda döredildi, emma gelip giden topar agzalary 1989-njy ýyla çenli kök urup bilmedi. Şol wagt, Kurt Kobain uzakdan tanyş bolan, Nirwana toparynyň geljekki başga agzasyna Krist Nowoseliça öz demo aýdymlaryny berýär we Krist Nowoseliçiň demolary diňlemesi netijesinde asyl Nirwana topary döreýär. Soňra topara, onuň aýrylmaz agzasy boljak Dawe Grohl goşulýar. Şeýdip hem akly ýerinde bolan X-nesliniň sesi hökmünde tanalýan Nirwana topary doly görnüşde esaslanýar. Şeýlelik bilen Kurt Kobain wokal we gitarada, bass gitarada Krist Nowoseliç, depreklerde bolsa Dawe Grohl.

Seattle ştatdan bolan bu üç oglanyň ilkinji albomlary “Bleach” ady bilen çykýar. Kurt Kobain albomyň adyna “Bleach“ dakmagynyň sebäbi, şol wagtlar Amerikada ýaşlaryň arasynda möwç alan narkotik we krak ýaly neşeleriň netijesinde AIDS keseliniň öňüni almak üçin polisiýanyň paýlap çykan kagyzynda iňňeleri ulanmazdan öň arassalamak üçin “Bleach“ atly arassalaýjy serişdäni ulanyp bilersiňiz diýen ýerden alanlygyny aýdýar. Nirwananyň birinji albomy gaty meşhurlyk gazanmasada diňleýjiler tarapyndan gowy garşylanýar. Emma olaryň ikinji albomy “Nevermind” aýdym-saz industriýasynda uly tolkun döredýär. Nirwananyň iň meşhur aýdymy “Smells Like Teen Spirit” atly aýdymy hem şu albomda. Şol meşhurlyk bilen hem Kurt Kobainiň soňuny getirjek meseleler hem gelýar.

Kurt Kobain bir interwýuda toparyň ilkinji konserti barada gürrüň berýär. Bir oturylşykda beren ilkinji konsertlerinda ol Krist bilen stoluň üstüne çykyp, aýdym aýdyp başlanlaryny we bäş minut soňra hiç kimiň galmandygyny aýdýar. Kurt Kobainiň şahsyýeti barada we onuň nähili bir adam bolandygyny aýtsak; ol gaty emosionalnyý biri bolan. Kobain bir gürrüňdeşlikde özüniň iň halaýan kitaplary barada gürrüň berýär. Şol ýerde iň köp okan we okaýan kitabynyň Patrik Süskindiň “Perfume” atly kitabydygyny aýdýar (kitaba görä düşürilen film hem bar). Kitapda esasy gahryman adamlary ýigrenýär we olardan gaçýar. Şeýdip, adamlardan gaça durup, kitabyň gahrymany iň gowy ysly atyryny ýasaýar. Hatda kitabyň gahrymany ilki doglanda onuň ejesi ondan ys gelmeýär diýip ýüz öwürýär. Kurt Kobain şol gürrüňde Patrik Süskindiň gahrymanyna düşünýändigini aýdýar. Kurt Kobain olaryň toparyna garşy bolan ýalan söýgi we fanatizmiň ýürek bulandyryjydygyny aýdýar. Bir gürrüňdeşlikde Kurt kiçilik arzuwynyň John Lennon ýaly rok ýyldyzy bolmak we şol bir wagtda Ringo Starr ýaly göze görünmän gezmek isleginiň bolanlygyny hem aýdýar.

Kurt Kobainiň we Nirwana toparynyň başga bir frontdan söweşleri bolsa şol wagtky aýdym-saz industriýany gaplap alan (şu wagt hem) reklama işlerine garşy bolup durýardy.

Nevermind” albomynyň “In bloom” atly aýdymy, ýoluň başyndan bäri topar bilen bile bolan hakyky diňleýjilere bagyşlanyp ýazylan bir aýdymdyr.

Nirwana toparynyň üstüne dökülen şan-şöhrat, Kurt Kobaini depressiýa sokýar. Depressiýa bilen başlan garaňky ýoluň dowamy neşe we maşgala meseleleri bilen dowam edýär. Kurt Kobain bir gürrüňdeşlikde neşäni, aşgazan agyrylaryny azaltmak üçin ulanandygyny aýdýar; bu sözlere köp kişi ynansa-da, köpüsi ynanyp hem baranok.

Nirwana toparynyň iň meşhur aýdymy bolan “Smells like teen spirit” (türkmençe: Ýetginjeklik ruhunyň ysy) aýdymy, döwrüniň ýetginjekleriniň ruhuny ýüze çykarýar. Ýöne bu aýdymyň ironiýasy, aýdymyň adynyň gelip çykyşynda. Kurt bir oturylşykda wagty gyzlar “Kurt smells like teen spirit” diýýärler. Kurt bolsa bu gepi filosofiki söz diýip düşünip, aýdymyň adyna goýýar. Şol gyzlaryň asyl diýmek islän zady bolsa, şol döwürler gyzlaryň ulanýan meşhur deoderantynyň ysynyň Kurt Kobainiň üstünden gelýändigidir.

Nirwana, Dawid Bowie-niň “The man who sold the world” aýdymyna çykaran kowery Dawid Bowie tarapyndan gowy garşylandy. Meniň sada pikirime görä bu kower Kurt Kobainiň durmuşynyň, dünýä bolan garaýşynyň bir aýdyma sygdyrylan görnüşi.

Kurt üçin sizden bir sagat wagt aýyryp Nirwana toparynyň aýdymlaryny diňlemegiňizi haýyş edýärin.

--

--