Gaýtadan işlemek — galyndylary dolandyrmagyň durnukly çözgüdi
Dünýä ilatynyň çalt artmagy bilen, serişdeleriň sarp edilmegi we galyndylaryň öndürilmegi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Şol sebäpden, gaýtadan işlemegiň daşky gurşawa edýän oňyn täsiri hem göz öňünde tutulyp, soňky ýyllarda has köp gürleşilmäge başlandy.
Gaýtadan işlemek Ýeri öňküden hem has gowy ýagdaýda goýup gitmek üçin möhüm bolup, täze önüm öndürmek üçin ýeriň çäkli çeşmelerinden çig mal çykarmak zerurlygyny azaldýar. Bu tejribe, galyndy hökmünde zyňyljak materiallary ýygnamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alyp, olary täze önümlere ýa-da çig mallara öwürýär. Gaýtadan işlemek diňe bir serişdeleri tygşytlamak bilen çäklenmän, energiýa sarp edilişini, hapalanmagy we parnik gazlarynyň çykmagyny azaltmaga kömek edýär; tebigy ýaşaýyş ýerlerini, biodürlüligi we ekosistemalary gorap saklamaga gönüden-göni kömek edýär.
Haçan-da adam galyndylary zibil diýip hasaplasa, olary içginlik bilen zyňmak isleýär. Zyňyndylaryň soňky ykbaly bolsa zibilhana çukurlarynda dowam edýär. Hakykatda bolsa galyndylar, aşa köp sarp etmegiň netijesidir; böleklenip, gaýtadan işlenip we gaýtadan ulanylyp bilner.
Türkmenistanda gaýtadan işlemegiň esasy ugurlaryndan biri kagyzy gaýtadan işlemekdir. Ýaşaýjylary we kärhanalary kagyz galyndylaryny dogry ýerlere tabşyrmaga höweslendirmek üçin gaýtadan işleýän merkezler we kagyz ýygnalýan nokatlar döredildi. “Toprak”, “Altyn gaýa” ýaly galyndy kagyzlary satyn alýan we gaýtadan işleýän kompaniýalar esaslandyryldy.
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti hem şeýle edaralaryň biri. Aýdaly, ýaşaýjylaryň biri plastiki gaplarynyň gaýtadan işlenilmegini isleýär. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetine jaň edip, sişenbe we anna günleri diňe plastiki galyndylaryny däl, eýsem çüýşe we kagyz galyndylaryny hem tabşyryp biler. Üstesine, jemgyýet galyndylary tabşyranlara ekmek üçin 1 nahal berýär.
Gaýtadan işlemek — daşky gurşawy goramak we durnukly ösüşi höweslendirmek üçin möhümdir. Bu ugurdaky başlangyçlar has durnukly we ekologiýa taýdan arassa geljegi döretmek boýunça global tagallalara goşant goşýar.
Makalaň awtory,
Maral Allaberdyýewa.
Surat: Alfonso Navarro on Unsplash
Originally published at http://renkliplus.com on August 23, 2023.