Global ýylylyk näme?

renkli+
reňkli+
Published in
2 min readJun 13, 2023
Surat: Matt Palmer on Unsplash

Tomsumyzyň näme üçin ýylsaýyn yssy bolýandygy hakda pikir edip gördüňizmi?

Iň esasy sebäpleriniň biri global ýylylyk. Global ýylylyk — ýer şarynyň ortaça temperaturasynyň ýokarlanmagyny beýan etmek üçin ulanylýan termin.

Bu adalga soňky onýyllykda gündelik durmuşymyzda has giňden ýaýrap, gazylyp alynýan ýangyçlary ýakmak we tokaýlary kesmek ýaly adamyň hereketleriniň netijesinde ýeriň üstündäki temperaturanyň kem-kemden ýokarlanmagyny aňladýar. Bu täsir howa goýberilýän kömürturşy we metan ýaly käbir gazlaryň atmosferadaky ýylylygy saklap galmagy bilen planetanyň ýuwaş-ýuwaşdan gyzmagyna sebäp bolanda ýüze çykýar.

Käbir adamlar munuň diňe tebigy howa şertleriniň netijesidigini öňe sürseler-de, gözlegler temperaturanyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbiniň adamyň hereketleri bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy we senagat prosesleri atmosfera köp mukdarda parnik gazlaryny çykarýar we planetanyň umumy gyzmagyna goşant goşýar. Agaçlar atmosferadan kömürturşy gazyny siňdirýär we kislorody bölüp çykarýar, dünýäniň howasyny sazlamaga kömek edýär. Tokaýlar ýoklananda bu proses bozulýar, atmosferadaky kömürturşy gazynyň köpelmegine we planetanyň gyzmagyna goşant goşýar.

Şeýle-de bolsa, adamlar global ýylylygy hakyky mesele hökmünde görmän, oňa şübheli garaýarlar. Hakykatda bolsa global ýylylygyň ýönekeý adamlaryň durmuşyna ep-esli täsiri bar. Mysal üçin, ortaça temperaturanyň ýokarlanmagy açyk howada işlemegi kynlaşdyryp biler, bu bolsa öndürijiligiň peselmegine we adamlaryň saglygynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler.

Adam saglygyna gönüden-göni täsirlerinden başga-da, global ýylylyk bütin dünýäde adamlaryň durmuşyna has gytaklaýyn täsir edip biler; klimatyň üýtgemegi, suw joşmalary we gurakçylyk ýaly aşa howa hadysalaryna sebäp bolup biler, bu bolsa ýerli jemgyýetlere zyýan ýetirer.

Global ýylylygyň iň görnükli täsirleriň biri, deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna getirýän buzlaryň we buz örtükleriniň eremegidir. Deňiz derejesiniň ýokarlanmagy bolsa kenarýaka şäherlerinde suw joşguny howpuny artdyrýar, şeýle hem kenarýaka sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň ýerleriniň suw astynda galmagy sebäpli göçmek howpuny döredip biler. Bu azyk howpsuzlygynyň ýokarlanmagyna we jemgyýetiň gurluşynyň üýtgemegine sebäp bolup biler.

Netijede, global ýylylyk dünýädäki adamlaryň durmuşyna gaty güýçli täsir edýän çylşyrymly mesele. Global ýylylygy çözmek kyn mesele ýaly bolup görünse-de, uglerod aýak yzymyzy azaltmak we bu hadysanyň täsirini azaltmak üçin häzir çäre görmegimiz zerurdyr. Gündelik durmuşymyzda ownuk üýtgeşmeler girizmek bilen, ýaşyl energiýany ösdürmek we planetamyza mundan beýläk zeper ýetmeginiň öňüni almak bilen geljek nesiller üçin durnukly geljegi üpjün edip bileris.

Makalaň awtory,

Maral Allaberdyýewa.

--

--