Hemme ýerde Oskar bar…

Ussa Hajyýew
reňkli+
Published in
4 min readMar 16, 2023

Köpler üçin bolmasa-da, meň üçin häzirlikçe, näme-de bolsa abraýy bar bolan kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskaryň bu ýylky dabarasy-da sag-aman, uruşsyz-söwüşsiz (şarpyksyz, ýumruksyz…) tamamlandy.

Ençeme ýyldan soň artistleriň ýöreýän ýerlerine gyzyl haly däl-de, sarygylt reňkli haly ýazyldy. Onuň sebäbi soralanda bolsa, dabaranyň alypbaryjysy Jimmi Kimmel geçen ýylky Will Smitiň şarpygyna kakdyryp, “Bu ýyl gan dökülmez” diýip, jogap beripdi. Netijede, dabara şowhunly ýagdaýda geçdi.

Dabara ABŞ-da teleýaýlym arkaly tomaşa edenleriň sany 18,7 million bolup, geçen ýylkydan 12 göterim ýokary boldy. Her ýyl diýen ýaly tomaşa edýän janköýer hökmünde Oskar dabarasyna maňa bu ýyl tomaşa etmek miýesser etmedi. Sebäbi görkezýän kanal tapylmady. Aslynda daňdan 4-den soň turup, tomaşa etmek gaty bir ýeňil işem däl.

Indi bolsa baýraklara, has dogrusy ýeňijilere geçeliň. “Hemme zat hemme ýerde we birbada” diýlip terjime edilen “Everything Everywhere All at Once” atly filmiň iň gowy film saýlanjakdygy aslynda belli ýalydy. Baýrak möwsüminde bar baýragy diýen ýaly çöplän bu filme bäsdeş kino ýok diýsek ýalňyş bolmaz.

Nemes kinosy — “Frontuň günbatarynda täzelik ýok” filmi belki bäsdeş bolup bilerdi. Ýöne Akademiýa amerikan önümini saýlanyny kem görmedi. Onsuzam “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi soňky döwürleriň modasy multiwers temasy barada bolup, bu ekran eserinde bosgun maşgalanyň parallel älemlerde başdan geçiren wakalary dogrusynda gürrüň berilýär. Absurd, nihilist hereketleri özünde jemleýän film 11 ugurdan dalaşgär görkezilipdi. Şolaryň 7-sini gazanan film “Ýeriň dartyş güýji” (Gravity, 2013) kinosyndan soň 7 heýkeljik alan ilkinji ekran eseri boldy. Ýene bir statistika aýtmaly bolsa, “Külbeden çykan millioner” (Slumdog Millionaire, 2008) filminden soň hem baş baýragy, hem-de dabaranyň iň köp baýrak gazanan kinosy hökmünde hasaba alyndy.

Film aktýorçylyk ugurlaryndan gowşurylýan 4 baýragyň 3-sini gazanmagy başardy. Film şeýle başarnyk görkezen 3-nji kino bolup, ondan öň “Arzuw tramwaýy” (A Streetcar Named Desire, 1951) hem-de “Aragatnaşyk ulgamy” (Network, 1976) kinolary 4 artistçilik ugrunyň 3-sinde Oskary alypdy.

Kinoda baş keşbi janlandyran Mişell Ýeo barada azda-kände durup geçsek, singapurly artist iň gowy aktrisa diýlip saýlanan ilkinji aziýaly aktrisa boldy. Şeýle-de, Halle Berriden soň bu baýragy alan 2-nji akýagyz (aziýaly, garaýagyz…) bolmadyk aktrisa diýlip hasaba alyndy. Dabaradan öň Mişell Ýeoanyň iň uly bäsdeşi ozalam Oskary bolan Keýt Blanşettdi. Hatda onuň almagyna garaşýanlaryň sany azam däldi. Ýöne soňky ýyllarda bolşy ýaly Oskarda aziýalylaryň şemaly belentden öwüsmegini dowam edýär. Filmi erkanlaşdyran atdaş režissýorlar Daniel Kwan bilen Daniel Şeinert hem bilelikde Oskar alan 3-nji duo boldy. Olaryň iň esasy garşydaşy Stiwen Spilberg bolup, Akademiýa halypa režissýory çärýek asyra golaý wagtdan bäri bu ugur boýunça baýragyň daşynda galdyryp gelýär.

39 ýyldan soň tolgundyryjy pursatlar

Meň üçin tolgundyryjy pursatlaryň biri ikinji plandaky iň gowy baýragyny alan Ke Jonatan Kwanyň heýkeljigi alan mahaly tolgunyp aýdan sözleri boldy.

Ol: “Menem bir döwürler gämidedim. Şol gämi bilenem şu ýere geldim we Amerikan düýşi hakykat” diýdi.

Şeýle-de şol aktýor dabaranyň ahyrynda iň gowy film baýragyny yglan eden Harrison Ford bilen mundan 39 ýyl öň Indiana Jones filmindäki ýaly begençli gujaklaşmagy boldy (çepdäki surat). Ke Jonatan Kwan 1984-nji ýylda Indiana Jones filminde juda gysgajyk keşpde surata düşüpdi. Şonda-da Harrison Fordy gujaklapdy. Ol bu baýragy alanda-da halypa aktýory tolgundyryjy ýagdaýda gujaklady.

Beýleki ugurlara-da ser salsak, iň gowy aktýor ugry boýunça kino sungatyna şowly başlangyç eden, ýöne soň idili keşplerde oýnamadyk Brendan Freýzeriň (“Kit”, The Whale) almagy ýerlikli bolupdyr. Oňa päsgel berip biläýjek aktýor ýok ýalydy. Ol “Kit” atly filmde aşa semizlikden ejir çekýän adamyň keşbini janlandyrypdy.

Iň gowy animasiýa (“Gillermo Del Toronyň Buratinosy”) ýa-da halkara iň gowy film (“Frontuň günbatarynda täzelik ýok”) ýaly ugurlarda ozaldan garaşylýan ekran eserleri Oskara laýyk görüldi. Iň gowy wizual effektler ugry boýunça-da “Awatar: suwuň ýoly” filminden başgasy baýragy alan bolsa, onda uly ýalňyşlyk bolardy. Dabaranyň iň köp baýrakly 2-nji kinosy “Frontuň günbatarynda täzelik ýok” filmi ýene-de 3 ugurdan Oskara laýyk görüldi. Olar iň gowy saz, iň gowy operator we iň gowy çeperçilik bezegi (soňky ikisiniň juda şowly bolandygyny filme tomaşa edeniňde hem aňýarsyň) baýraklarydyr.

Iň gowy aýdym baýragynda Akademiýa öz gelýän ýodasyndan çykdy diýsek bolar. Hindistanly sungat işgärleriniň Leýdi Gaga, Rihanna ýaly dünýä belli aýdymçylardan öňe saýlanmagyna garaşýanlar juda azdy. Iň gowy aýdym ugry boýunça RRR atly hindi filminde ýerine ýetirilen “Naatu Naatu” atly aýdyma berildi. Filmde şol aýdym ýerine aýdylýan mahaly ýerine ýetirilýän tans hemmäniň göwnünden turan ýaly. Oskar dabarasynda-da şol aýdym, tansly görnüşde ýaňlandyryldy.

Mahlasy, ýubileý hasaplanylýan ýylynda, ýagny 95-nji Oskar baýraklarynda edil azy ýaran kinolar bolmasa-da, dabara kemçilikleri ýa-da artykmaçlyklary bilen sag-aman sowuldy. Biz kino muşdaklaryna-da indiki ýylyň fewral, mart aýlaryna çenli şu ýylyň kinolarynyň, şol sanda öňümizdäki 2–3 uly festiwalda çykjak filmleriň hözirini görüp, sabyrsyzlyk bilen garaşaýmak galýar.

--

--