Howa üýtgeýärmi ýa-da klimat?

renkli+
reňkli+
Published in
2 min readFeb 4, 2023
Çeşme: L.W. on Unsplash

Howa we klimat köplenç garyşdyrylyp, biri beýlekisiniň ýerine ulanylýan, ýöne biri-birine bagly iki tapawutly adalgadyr. Olaryň käbir umumy aýratynlyklary bolsa hem, göwrümi we täsiri boýunça düýpgöter tapawutlanýar.

Howa — ýylylyk, çyglylyk, ýel, ümür, ýagyş ýa-da gar ýaly ýygy-ýygydan we çalt üýtgäp bilýän gysga möhletli atmosfera hadysalarynyň jemine aýdylýar. Howany her gün duýýas we görýäs. Gün şöhle saçyp duran wagty birden uzakdan gykylyklap gelýän ýyldyrym asmany garaňkyradyp bilýär.

Beýleki tarapdan, klimat belli bir sebitde howa şertleriniň uzak möhletleýin ortaça derejesini aňladýar. Ol sebitiň adaty temperaturasyny, ygalyny we beýleki meteorologiki şertlerini ele alyp, ýüzlerçe maglumaty öz içine alýar. Bu ikisiniň arasyndaky gatnaşyk adamyň umumy häsiýeti bilen onuň hal-ýagdaýynyň arasyndaky gatnaşyk ýalydyr. Adamyň özüni duýşy ýygy-ýygydan üýtgäp bilýär, ýöne onuň häsiýeti uzak möhletleýin bolýar. “Howa” atmosferanyň şol pursatdaky özüni duýşy, “klimat” onuň umumy şahsyýeti we häsiýetidir.

Howa wagtlaýyn ýagdaýy, klimat bolsa belli bir sebite täsir edýän temperaturanyň, ygalyň we atmosfera basyşynyň has dowamly görnüşlerini görkezýär. Irden turamyzda şol günki eşiklerimizi daşardaky howaň ýagdaýyna görä geýýän bolsak, syýahata gidenimizde ýanymyza aljak goşlarymyzy barjak sebitimiziň klimatyna görä sazlaýarys.

Adamlaryň dürli şahsyýetleri bolşy ýaly, dürli ýerleriň dürli klimaty bar. Käbir sebitlerde ýyly we güneşli howa bolsa, käbirinde sowuk we garly howa höküm sürýär. Sebäbi sebitiň Ýerdäki ýerleşişi we ekwatordan uzaklygy ýaly köp faktorlar onuň klimatyna täsir edýär.

Eger dünýäni äpet jandara meňzetsek, edil biziň bedenimizde sagdyn bolmagymyzy üpjün edýän ulgamlaryň bolşy ýaly bu jandaryň hem sagdyn bolmagyna kömek edýän klimat ulgamy bar. Klimat ulgamy dünýäniň temperaturasyny we howasyny sazlamaga kömek edýär. Ýöne häzirki wagtda klimat ulgamy özüni gowy duýmaýar.

Üýtgeýän haýsy, klimatmy ýa howa? Ikisem üýtgeýär. Howa birnäçe minutda ýa-da sekuntda üýtgese, klimat uzak wagtyň dowamynda üýtgeýär. Ikinjisiniň adamzada täsiri has uly bolýar.

--

--