“Iň optimistik käriň” gahrymanlary — mugallymlar barada
Şu makalamy mende bilime bolan söýgi döreden mugallymlaryma, esasanam, iňlis dili mugallymym Bahar Durdyýewna, şeýle hem kärlerini esasy ýaşaýyş çeşmesine öwürýän mugallymlara bagyşlaýaryn.
Men mugallym bolmagy saýlamadym, mugallymçylyk meni saýlady diýsem ýalňyşmasam gerek. Hiç haçan “men mugallym bolaryn” diýip pikir edemokdym. Hemişe köpçüligiň öňünde çykyş edýän orator, lider, syýasatçy bolmaklyk ýaly arzuwlarym bardy. Eger-de siz durmuşda gabat gelýän alamatlara ynanýan bolsaňyz, onda siz eýýäm mekdep okuwçy wagtym meniň mugallym boljakdygymy kesgitläp bilerdiňiz. Sebäbi şol döwür men Marynyň Energetika institutynda okaýan owgan oglana, başga synpda okaýan dostuma iňlis dilini öwredýärdim. Amerikan merkezinde dürli klublary alyp barýardym. Emma kär hökmünde mugallymçylyk aňyma gelenokdy. Häzirki wagtda bolsa men Aşgabadyň halkara mekdebinde mugallym. Nädip mugallymçylyga başladym?
2016-njy ýyl meniň üçin düýn ýaly. Talyplyk döwrüm gutardy. Gözel paýtagtymyzdan Mara dolanyp bardym. Günlerim örä:n haýal geçýärdi. Ozal özümi dünýäniň merkezinde, tutuş dünýä meniň daşymdan aýlanýan ýaly duýýan bolsam, Mara baryp, asmandan düşen ýaly boldum. Depressiýa girdim. Sakarçäge etrabynyň oba mekdepleriniň birine mugallym hökmünde bellendim.
Şol ýylyň Awgust aýynyň soňy. Bellenilen mekdebime bardym. Işläp ýören mugallymlar meni örän gowy garşylap, öňden bäri tanaýan ýaly gujak açdylar. Ýerli-ýerden dürli maslahatlary paýlaşdylar.
Birinji sentýabr güni geldi. Ilkinji jaň. Ilkinji okuw sapagy. Tolgunyp, tomusky dynç alyşdan gelen okuwçylardan beter özüm begenipdim. Şeýlelik bilen okuwa girişip başladym. Birinji çärýegiň ahyryna çenli depressiýadan ýekeje damja-da galmady. Çagalaryň her bir aýdýan sözlerime gulak asyp diňlemekleri, jykyr-jykyr gülküleri, ýalpyldaýan gözleriň dünýä bolan ýagty garaýyşlary meniň durmuşyma ýene-de many berdi.
Her bir edýän işimi öňkümden hem beter kämilleşdirmek islegi döredi. Mekdepde geçirýän her pursadymy şol çagajyklara bagyş edip, olaryň bilimlerini artdyrasym gelýärdi. Okuwçylarym bilen temadan daşary gürrüňdeşlikler edenimizde, çagalaryň şeýle baý dünýägaraýyşlaryny diňläp, her gezek geň galýardym. Elbetde, arasynda käbir okuwçylar bilen düşünişmezlikler hem bolýar. Ýöne bu kimiň günäsi?
Erbet okuwçy ýok, erbet mugallym bar diýilýär. Şu jümläniň 90 göterimi bilen ylalaşýaryn. 10 göterimi çaganyň ruhy we maşgala ýagdaýyna bagly bolup durýar. Mugallym okuwçydan ýaşy we durmuş tejribesi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem mugallym dünýäde iň ökde çaga we ýetginjek psihologlarynyň biri; okuwçy birzat diýmezden ýa-da etmezden ozal näme hereket etjekdigini bilmegi başarmaly, “Bu okuwçy zehinsiz. Onuň maşgalasynda hemmesi şeýle” diýen düşünjäni aradan aýyrmaly.
Başlangyç klaslarda men kän zehinim bilen tapawutlanyp baramokdym. Has dogrusy synpda iň yzda barýan okuwçydym. Mugallymlaryň iň halamaýan okuwçylarynyň biridim (özümi şeýle duýýardym). Arasynda mugallymlarym gaharyny saklap bilmän “tupoý” diýip ýüzüme aýdyp goýberýärdiler. Menem muny hakykat ýaly kabul edip, şeýle hasaplaýardym.
5-nji ýa-da 6-njy synpda iňlis dilini hökmany sapak hökmünde okuw meýilnamasyna girizdiler. Bu sapakda hem “aýratyn” zehinim bilen tapawutlanyp bilmedim. Bir gün ene-ata ýygnagyndan soňra iňlis dili mugallymymyz Bahar Durdyýewna ejemi we meni ýanyna çagyrdy. Häzir bir zatlar ýamanlar diýip gorkup başladym. Meni ýanyna çagyryp, kellämi sypalap, “ogluňyzyň iňlis diline zehini bar, emma biraz goşmaça işlemeli” diýende üstümden gaýnag suw guýlan ýaly bolupdy. Ejem bilen başga näme gürrüň edendikleri gulagyma-da ilmedi. Mugallymlardan hemişe “tupoý” sözüni eşidip ýören biri hökmünde, “zehinli” meniň üçin geň bolupdy. Şondan soňra Bahar mugallym bilen goşmaça işläp başladym. Her gezek öwende begenjimden ýedinji asmana uçaýjak bolýardym. Üstesine-de beýleki sapaklaryma-da gowy ýetişip başladym. Käbir mugallymlaryň “tupoý” diýen okuwçysy mekdebi sap bäşlik bilen tamamlady.
Belki-de, Bahar mugallym mende mugallymçylyga söýgi döredip, mugallym bolmagyma itergi berendir.
Hemişe Bahar mugallym ýaly bolmaklyga ymtylýan. Islendik okuwçyny düzedip, oňa bilim berip bolýandygy meniň ähli adama deň derejede zehin berlendigine ynanmagyma getirdi.
Araňyzda mugallym bar bolsa, “Bula muny erteki edip goýdy” diýjegiňizem bardyr. Düşünýän. Mugallymçylyk kyn kär. Dürli ýerden talaplar, kagyz işleri, üstesine-de pandemiýa bilen gelen “täzelikler”… Emma mugallymçylyk “aňsat” diýip kim aýtdy?
Mugallymçylyk hemişe özüňi kämilleşdirmeli hünärdir. Özüňi durşuna bagyş etmekligi talap edýän kärdir. Eger-de siz özüňizi 100 göterim öz käriňize bagyş etmäge taýyn däl bolsaňyz, siz üçin gynançly habarym bar — mugallymçylyk siz üçin däl.
Sözümi Kollin Wilkoksyň jümlesi bilen tamamlamak isleýän.
“Mugallymçylyk bu iň optimistik kärleriň biridir”
Hakykatdan hem okuwçylaryň tertipsizliklerine, hormatsyzlyklaryna we okuwa bolan höwesleriniň ýoklugyna garamazdan mugallymlar öz edýän işlerine ak ýürekli ýapyşyp, kärlerini dowam etdirýärler. Olar ýagty geljege ynanyp, çagany ädimme-ädim basdyryp, öňe äkidýärler.