Indi biz täze kino, täze serial görmeli dälmi?

renkli+
reňkli+
Published in
5 min readSep 17, 2023

Ilki bilen şuny aýdaýyn. Aslynda bu barada öň ýazmalydym. Ýöne hiçden giç ýagşy diýip, kelam-agyz belläp geçesim geldi. Kino sungatynyň dünýädäki hojaýyny hasaplanýan Hollywood häzirki wagtda iş taşlaýyş sebäpli edil agyr günleri başdan geçirmese-de, umumy ýagdaýlary ýakyn günler üçin öwerlikli däl. Dowam edýän bu iş taşlaýşyň “ajy miwesi” öňümizdäki günlerde hasam anyk duýlar (häzirem duýulýan ýerleri az däl).

Eýsem iş taşlaýyş näme bolýar? Iş taşlaýyş işçileriň, işgärleriň, zähmetkeşleriň, azapkeşleriň özlerine tölenýän hak, işleýiş şertleriniň ýaramaz bolmagy… ýaly dürli sebäplerden işlerini wagtlaýynça taşlamagydyr, togtatmagydyr. Muňa kanuny taýdan zähmetkeşleriň doly haky bar. Ýöne iş taşlaýşyň hem käbir özüne mahsus düzgünleri bar. Şol sebäpli-de häzirki wagtda mazmun önümçiliginde kynçylyk ýüze çykýar.

Eýsem häzirki iş taşlaýyş näme sebäpden peýda boldy? 4 aý töweregi wagtdan bäri dowam edýän iş taşlaýşyň sebäpleri — artistleriň, ssenariçileriň öz iş berijilerinden käbir talaplary bar. Has takygy aktýorlar profsoýuzy, ssenariçiler profsoýuzy studiýalardan iň esasy 2 talap — has gowy aýlyk bilen belki-de iň esasysy emeli aň howpundan işlerini goramak isleýärler. Ýagny emeli aňyň olaryň ornuna geçmegini islemeýärler. Şol bir wagtyň özünde pensiýa haklarynyň gowulaşdyrylmagyny, soňky satuwlardan (täzeden görkezilende prokatlardan, şol sanda dvd, bluray, sanly ulgamlardaky satuwlardan…) hem belli bir mukdarda töleg, şeýle-de, saglyk ätiýaçlandyryşlarynyň gowulandyrylmagyny isleýärler. Ssenariçileriň hem-de artistleriň gazançlary öňkülere garanyňda az. Ozalky şertnamalary-da inflýasiýanyň täsiri bilen juda azalýar. Her rol üçin aýratynlykda hak alýan artistler iň bolmanda, öňki girdejilerine ýetmek üçin köp işlemeli bolýarlar. Ssenariçileriň şertnamalarynyň möhleti gysgaldylyp, olara goşmaça iş berlende-de töleg edilmeýär. Umumylykda olar şu sebäplerden iş taşlaýşa ýüz tutmaga mejbur boldular.

SAG (Kino artistler gildiýasy), AFTRA (Amerikan telewideniýe, radio artistler federasiýasy) profsoýuzlaryna degişli 160 müň artist, WGA (Amerikan ýazyjylar/ssenariçiler gildiýasy) degişli 11,5 müň ssenariçi iş taşlaýyş hukuklaryndan peýdalanmak üçin bir çukura tüýkürdiler. Olara ýüzlerçe ýyldyz aktýor, aktrisa, režissýor, ssenariçi hem goldaw berip, ellerine dürli ýazgyly kagyzlar bilen iş taşlaýşa gatnaşýanlaryň hataryna goşuldylar we goşulmagyny dowam edýärler.

Iş taşlaýşyň hem kada-kanunlarynyň bardygyny aýdypdyk, şol düzgünlere görä-de, iş taşlaýyş dowam edýän mahaly artistler hiç bir kinoda surata düşmez, şol sanda filmleriň tanyşdyrylyş dabaralaryna, tanyşdyrylyş interwýularyna, festiwallara, baýrak gowşurylyş dabaralaryna gatnaşmazlar.

Soňky 60 ýylyň iň uly iş taşlaýşy bolan bu wakanyň haçana çenli dowam etjekdigi welin belli däl. Käbir çaklamalara görä, ýylyň ahyryna çenli hem dowam etmegi mümkin. Soňky gezek artistleriň iş taşlaýşy 1980-nji ýylda 10 hepde dowam edipdi.

Indi esasy ýere gelsek, “Avatar 3”, “Gladiator 2”, “Dune 2”, “Deadpool 3”, “Stranger Things”, “Family Guy” ve “The Simpsons ‘Beetlejuice 2”, “The Mandalorian: Season 4”, “Bad Boys 4”, “The Sandman: Season 2”, “Mission: Impossible — Dead Reckoning 2”, “Godzilla x Kong: The New Empire”, “White Lotus: Season 3”, “Emily in Paris: Season 4”, “Alien”, “Challengers”, “Spider-Man: Beyond the Spider-Verse”, “The War of the Rohirrim” (“Ýüzükleriň hökümdary” temaly animasiýa), “Kraven the Hunter”, “Ghostbusters: Afterlife” … ýaly birnäçe iri taslamalar — kinodyr seriallaryň ekranlaşdyrylyş işleri soňa goýulmaly boldy. Bular esasy öňe saýlanýanlar. Hatda käbir filmler prokata goýberiljek wagtyny soňa süýşürip başlady. Bulardan başga-da teleýaýlymlardaky ençeme tomaşalaryň gelejegi näbelli ýagdaýda. Şonuň üçinem olaryň ekranlarda (kinoteatrlarda, streaming-lerde, teleýaýlymlarda) görkeziljek wagty-da üýtgedildi.

Ýyldyz artistlerň baryp bilmeýändigi üçin “Emmy” baýraklary 2024-nji ýyla süýşürildi. “Comic-Con” şüweleňi hem ýatyryldy. Dünýäniň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa film festiwalynyň açylyş kinosy üýtgedildi. Festiwalda görkeziljek Hollywood filmleriniň gala görkezilişlerine, dabaralaryna artistler, režissýorlar gatnaşmady. Şol sebäpli-de 80-nji ýubileý ýylynda Wenesiýa film festiwalynyň ýyldyzynyň ýagtylygy şöhle saçmady.

Hollywood-daky bu iş taşlaýyş, aslynda kino senagatyndaky ullakan öwrülişigiň, sanlylaşmagyň (digitalizing) öňüne böwet bolmak üçin dyrjaşýar. Şonuň üçinem bu iş taşlaýyş, şol öwrülişigiň çarhlarynyň arasynda ýitip gitmek islemeýän millionlarça ynsanyň ykbalyna hemmäniň ünsüni çekýär.

Şu iş taşlaýşa soňky ýyllarda uly kompaniýalaryň beýleki uly kompaniýalary düzümine geçirmeginiň netijesi hökmünde garaýanlaryň sany az hem däl. Kino sektorynyň ägirtleriniň bir-biri bilen bäsdeşlik edip, mejbury birleşmelerinden soň köp zat merkezileşdirilip başlady. Netijede, ilki bilen, sektoryň zähmetkeşleri soňam biz sarp edijiler üçin kynçylyklar ýüze çykýar. Sarp edijileriň “medeniýetli dynç alyş” wagtlary azalýar. Şol nukdaýnazardan Hollywood-dakyiş taşlaýyş bu sektorda başlanan mejbury sanly öwrülişik sebäpli ýüze çykjak iň uly zeperiň ýene şol sektoryň esasy azap çekýänlerine ýetmezligi üçin öňüni alyş sütün hökmünde görülýär. Sebäbi öňümizdäki günlerde emeli aňyň oňaýsyz täsiriniň beýleki pudaklara-da ýetmegi mümkin, hatda munuň şeýle boljakdygy ikuçsyzdyr. Eýýämden kino sungaty bilen kybapdaş ugurlaryň wekilleri — ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, terjimeçiler üçin emeli aň “uly howp” bolup başlady.

Iş taşlaýşa gatnaşýanlara uly goldaw berýän oskarly aktrisa Susan Sarandon emeli aň barada: — Emeli aň hemmä täsirini ýetirer. Eger meseläniň şu wagtdan çözgüdi tapylmasa, ol soň nädip çözüler. Şonuň üçinem iş taşlaýanlara uly goldaw berýärin — diýip, belläp geçýär.

Makalany soňlaýyn. Häzirki wagtda studiýalar bilen profsoýuzlar 1–2 gezek gepleşik geçirselerem, entek ylalaşyk gazanylmady. Biz kino muşdaklaryň, sarp edijileriň bar arzuwy — olaryň tizräk ylalaşyp (elbetde, artistleriň, ssenariçileriň isleglerini doly ýagdaýda kanagatlandyryp), mazmun önümçiligine dowam etmeklerini isleýäris. Soňky ýyllarda “şol bir heň, şol bir owaz” kinodyr seriallar (hemmesi üçin degişli däl) öndürilýän hem bolsa, önümçiligiň dowam edeni gowy. Bolmasa biz kino muşdaklarynyň geçilenleri gaýtalamaly (öňki kinolary, seriallary täzeden görmek) günlerine başlamaly bolmagymyz hem mümkin…

Sözümiň ahyrynda wideo oýunlarynyň, ýagny kompýuter, PS oýunlarynyň muşdaklaryny hem gynandyran habary bereýin. Wideo oýun ulgamynyň işgärleri-de artistler hem-de ssenariçiler ýaly şol bir sebäplere görä, 7 ýyldan soň ýene-de iş taşlaýyş etmegi mümkin. Häzirki wagtda taraplaryň geçirýän gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylmady.

Makalanyň awtory:

Ussa Hajyýew

Originally published at http://renkliplus.com on September 17, 2023.

--

--