Kinosy barka kitabyny okamak nämä gerek?

renkli+
reňkli+
Published in
2 min readNov 24, 2023

Kewin Kwanyň “Crazy Rich Asians” (Däli baý aziýalylar) trilogiýasy üç kitapdan ybarat bolup (Crazy Rich Asians, 2013, China Rich Girlfriend, 2015, Rich People Problems, 2017), olaryň ikisini “Doubleday”, üçünjisini bolsa “Anchor books” çaphanalary çap etdi.

Men kitaba häzirki zaman hytaý medeniýetini has giňişleýin düşünmek maksady bilen ýüz tutsam hem, trilogiýany edil türk ýa-da hindi serial gören ýaly okadym.

Kewin Kwan asly aziýaly bolan amerikan. Aýtmyşlaryna göra, awtoryň Manhettendäki Parsons School of Design okuw jaýynda Aziýanyň ýokary gatlak jemgyýetinden gelip çykan ýaşlaryň arasynda okap, olaryň durmuşyny içgin öwrenmäge mümkinçiligi bolupdyr.

Kewin Kwanyň “Crazy Rich Asians” atly trilogiýasy baýlyk dünýäsi we medeni kolliziýalardan ybarat bolan täsin edebi odisseýa bolsa-da, onuň esasynda düşürilen film eseriň mazmunynyň baýlygyny we gahrymanlaryň çylşyrymly häsiýetlerini tomaşaçylara ýetirmekde biraz kynçylyk çekýär. Trilogiýa Hytaýda doglup, ABŞ-da ýaşaýan Reýçel Çu we Singapuryň iň baý maşgalasynyň mirasdüşeri Nik Ýangyň söýgi hekaýasyndan başlaýar, emma soňky iki roman ikinji plandaky gahrymanlaryň başdan geçirmeleri bilen dowam edýär.

Kwan ýeňillik bilen okyjylaryň ünsüni Singapuryň ýokary gatlak jemgyýetine çekýär, kitabyň her sahypasy status, medeni normalar we maşgala däp-dessurlary baradaky maglumatlardan doly. Onuň emosional çuňlugy we gahrymanlaryň çylşyrymly şahsy hekaýalary kitaby has hem baýlaşdyrýar. Gahrymanlaryň özara gatnaşyklary gowy pikirlenip işlenilen we gaty çylşyrymly.

Trilogiýada singapurlylaryň materikdäki hytaýlylara bolan gatnaşygy we olaryň kommunizm bilen taryhy baglanyşygy ýaly medeni we taryhy aýratynlyklary giňden aýdyňlaşdyrylýar we romanyň beýan edilşine çuňluk goşýar. Kitapda gelip çykyşy bir bolan singapurly, gonkongly, hytaýly we beýlekileriň bir-birine bolan dünýagaraýyşlary barada giňden gürrüň berilýär. Bu wakalardan daşary maşgala gymmatlyklary, jemgyýetçilik borçlary we medeni tapawutlyklar gahrymanlaryň durmuşyna uly täsir edýär.

Filmde medeni aýratynlyklar suratlandyrylýan bolsa-da, olar doly aýdyňlaşdyrylmaýar. Hytaý medeniýeti we umumy gündogar-günorta Aziýa medeniýeti bilen nätanyş adam üçin filmiň çuň manysyna düşünmek kyn bolýar we ýönekeý “banan” diýen ýaly halkyň arasynda ulanylýan žargonlar ony bulaşdyryp bilýär.

Filmi ýoldaşym bilen bile seretdim, düşünmedik ýerlerini özüm gürrüň bermeli boldum. Edebi suratlandyrma bilen bu suratlandyrmany wizuala geçirmegiň arasyndaky uly aratapawudy görüp bolýar.

Kewin Kwanyň “Crazy Rich Asians” atly trilogiýasy çylşyrymly maşgala gatnaşyklary we medeni aýratynlyklar barada gyzykly pikirlenme.

Kitaby gaýtadan okardymmy? Elbetde! Filmi gaýtadan serederdimmi? Ýok. Ýogsa-da, geçen ýylyň mart aýynda onuň ikinji bölümi düşürilip başlandy.

Makalanyň awtory,

Agagül Amirkulowa

Originally published at http://renkliplus.com on November 24, 2023.

--

--