Klimatyň üýtgemegine adamyň dahyly barmy?

renkli+
reňkli+
Published in
3 min readMar 8, 2023
Surat: Collab Media on Unsplash

Greta Tunberg, “Fridays for Future”, “Greenpeace” ýaly atlaryň habar çeşmelerinde köpelmegi klimatyň üýtgemek meselesine gün-günden has köp adamyň ünsüni çekýär.

Klimatyň üýtgemegi näme we adam bu prosesda haýsy roly oýnaýar? Geliň şu soraglara ýakynrakdan seredip göreliň.

Tebigatyň çylşyrymly sistemadygyny we bu sistemanyň birlikleriniň bir-biri bilen aýrylmaz baglydygyny biz eýýäm mekdepden, tebigat sapagyndan bilýäris. Klimatyň üýtgemegi diňe onlarça ýyllaryň netijesinde (ortaça 30 ýyl) täsiri bildirýän tebigy proses bolup, günden gelýän şöhlelenme, wulkanlar ýaly tebigy hadysalar oňa sebäp bolýar. Günüň şöhleleri ýere düşüp, bir ýere siňmeli bolýar. Belli bir bölegi kosmosa serpikdirilse-de, köp bölegi ýeriň biosferasyna, ummanlara siňýär. Ýere siňen şöhleler gyzgyn infragyzyl şöhlelenme bolup, kosmos boşlugyna serpigýär. Ine, şoňa “greenhouse effect” diýilýär, türkmençä parnik (ýa-da ýyladyşhana) täsiri diýip terjime edip bileris. Bu täsiri döredýän gazlara parnik gazlary diýilýär: komürturşy gazy, metan, suw bugy we ş.m.

Parnik täsiri ýer ýüzüniň temperaturasyny gyzgyn saklap, adamzadyň şu güne çenli ýaşap bilmegini üpjün edýän elementleriň biri. Ýeriň parnik täsiri bilen gyzmagy eýýäm 15 000 ýyl bäri dowam edip gelip, şol döwür içinde Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy 8 gradus ýokary galdy.

Eger bu parnik gazlar biziň ýaşamagymyza kömek edýän bolsa onda, mesele nämede?

Adamzadyň senagatlaşdyrma döwrüne ädimini ätmegi bilen, howa goýberilýän parnik gazlarynyň mukdary artdy. Bu gazlar ummanlaryň we ýeriň biosferasynyň kabul edip bilijilik ukybyndan has köp bolup, tebigy sazlaşygyň bozulmagyna getirdi.

Soňky 50 ýylyň dowamynda kömürturşy gazlarynyň ortaça 25 göterimi ummanlara, 30 göterimi Ýere we ösümliklere siňdi. Galan 45 göterimi bolsa atmosferada üýşdi. Diňe soňky 200 ýylyň içinde Ýer ýüzüniň ortaça gyzgynlygy 1,1 gradus ýokarlandy we gyzmaga dowam edýär.

Alymlaryň aýmagyna görä, bu prosesiň 12 esse çaltlaşmagyna getirýän sebäpleriň 95 göterimi adam işiniň netijesi bolup durýar. Gazylyp alynýan magdanlaryň ýakylmagy, tokaýlaryň ýok edilmegi we maldarçylygyň netijesinde klimat üýtgeýär we Ýer ýüzüniň temperaturasynyň ýokarlanmagy ýyl-ýyldan tizleşýär.

Alymlaryň çaklamasyna görä, eger-de Ýeriň ýüzi 2100-nji ýyla çenli 1,5–2 gradusa çenli gyzsa, adam durmuşyny diňe şol ýagdaýda planetada dowam edip biler. Ýöne, bu gidişi bilen temperaturanyň ortaça gyzgynlygynyň eýýäm 2030-njy ýyla çenli 1,5 gradus ýokarlanmak ähtimallygy örän ýokary. Onuň 2 gradusa ýetmegi welin, arktiki buzlaryň eremegine, umman derejesiniň ýokarlanmagyna we başga tebigy betbagtçylyklaryň, howanyň zaýalanmagy netijesinde keselçiligiň has giň ýaýramagyna getirer.

Howply ýagdaýlara ýetirmezlik we klimatyň üýtgemegini haýallaşdyrmak üçin 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Pariž ylalaşygy kabul edildi. Ylalaşyga laýyklykda, ýurtlaryň hersi öz çäginde howa zyňylýan zyýanly gazlaryň möçberini azaltmaly, şeýlelik bilen ýer ýüzüniň gyzmagyny bu ýüzýyllygyň içinde 2 gradusa çenli saklamaly, hatda 1,5 çenli azaltmagyň ýollaryny tapmaly. Häzirki güne çenli bu ylalaşyga umumylykda 195 bileleşik we ýurt gol çekdi. Türkmenistan bu Ylalaşyga 2016-njy ýylda gol çekdi we Mejlis tarapyndan tassyklandy.

Gynansakda, tebigaty goramak meselesinde klimatyň tiz üýtgemegi adamyň ýeke-täk meselesi däl. Süýji suwuň we howanyň hapalanmagy, ummanlardyr denizleriň mikroplastik we zyýanly maddalar bilen dolmagy, beýleki jandarlarynyň ynsanyň hereketleri netijesinde öz tebigy gurşawyndan mahrum bolmalary tebigaty goramak üçin öňümizde duran çözmeli meselelerimiziň diňe birnäçesi.

Tebigatymyzy zaýalaýan maddalaryň we gazlaryň esasy öndürijileri uly önümçilikler bolsa-da, biz her kiçi ädimiň bu meselä has köp ünsi çekdirjegine we sowatlylygy artdyrjagyna ynanýarys. Herimiziň goşup biljek goşandymyz barada welin, indiki sanlarda!

--

--